|

Sowet türmelerinde tussaglara urulan tatiurowkalaryñ manysy

Sowet türmelerinde tussaglara urulan tatiurowkalaryñ manysy

SOWET TÜRMELERINDE TUSSAGLARA URULAN TATIUROWKALARYÑ MANYSY

Mundan elli ýyl öñ sowet türmelerinde oturyp gören tanyşlaryñyz bar bolsa, olardan adamyñ tenine urulýan tatiurowkalaryñ manysyny sorasañyz, diýseñ mañza batyjy şekilde düşündirip berer. Elbetde ol tatiurowkalar siziñ isleginize görä däl, manysyna laýyklap, siz islemeseñizem teniñize urulypdyr. Olara seredip siziñ hüý-häsiýetiñiziñ aýratynlyklary, özüñizi alyp barşyñyz ýaly birnäçe zady öwrenmek mümkin.

■ Amerikan dollary

Dollaryñ, üstünde "U.S" diýip ýazylan amerikan ýaraglarynyñ we neboskorýoblarynyñ suraty çekilen tatiurowka tussagyñ amerikan mafiýasynyñ durmuşyna höwes edýändiginiñ alamaty bolupdyr. Neboskorýoblaryñ (100 gatly belent bina) arasyndaky iki göz bolsa tussaglara "gözüm üstüñizde" diýmekligi añladýar.

■ Zynjyrlanan Prometeý

Grek mifologiýasynda Zewsi aldamaga synanşandygy üçin hemişelik gaýa dañlan Prometeýiñ wariasiýasy bolan bu tatiurowkanyñ sag tarapyna çekilen gämi şol tussagyñ yzygiderli gaçmaga çalyşýandygyny we gezegen ogrudygyny añladypdyr.

■ Kelleçanaklar we tabytlar

Döşüñe ýa-da arkaña çekilen monastyrlaryñ, katedrallaryñ, buthanalaryñ, perişdeleriñ ýa-da Merýem enäniñ suraty ol tussagyñ ogurlyga ykbalyny baglandygyny görkezýär. Kelleçanagyñ we tabydyñ suraty bolsa onuñ jenaýatkärdigini añladypdyr.

■ Sekiz burçly ýyldyz

Sekiz burçly ýyldyzyñ suraty tussagyñ ussat ogrudygyny görkezýär. Boýnundaky lenta we dollaryñ yşaraty bolsa onuñ kassa ýaryjy ogrudygyny añladypdyr.
 
■ Boýna çyrmaşan ýylan

Adamyñ boýnuna çyrmaşan ýylanyñ suraty tussagyñ süpük neşekeşdigini añladypdyr. Sowet türme işgärleriniñ harby lybaslary çekilen taiurowkalar bolsa köplenç ganhorlara we çaga zorlap türmä düşen jenaýatkärlere urulypdyr.

■ Pogonlar we kelleçanaklar

Pogonyñ we kelleçanagyñ suraty çekilen tatiurowka tussagyñ düzgüne boýun egmändigini we onuñ aslynda hiç kime degişli däldigini añladypdyr. Pogon we kelleçanak "hiç kim maña diýenini etdirip bilmez, özüm islemesem işlemerin, atlar köp çapylsa daljygyp öler" diýen manyny berýär.

■ Fonar

Sag gola çekilýän fonarigiñ suraty tussagyñ azatlyga bolan islegini görkezýär. Iki egindäki naruşnikler (el gandallary) bolsa onuñ 5 ýyldan köp türmede oturandygyny añladypdyr.

■ Garnyñ aşagyndaky iki göz

Garnyñ aşagyndaky iki gözüñ suraty çekilen tatiurowka şol tussagyñ beçebazdygyny añladypdyr. 

■ Gülli döş

Eger tussagyñ döşünde gülüñ suraty bar bolsa onda bu onuñ 18 ýaşyny türmede doldurandygyny añladypdyr.

■ Ýaragly kowboý

Döşe çekilen ýaragly kowboýyñ suraty şol tussagyñ ogrudygyny we mümkinçilik tapan pursatynda gaçmak üçin her ýola baş urup biljekdigini añladypdyr.

■ Iki eginiñ üstündäki kelleçanak

Iki eginiñ üstüne çekilen kellaçanagyñ we süñkleriñ suraty şol tussagyñ ömürlik azatlykdan mahrum edilendigini añladypdyr.

■ Faşist nyşan

Gola urulýan faşistik nyşan bolsa şol tussagyñ faşistik düşünjesiniñ bardygyny we onuñ faşizmi halaýandygyny añladypdyr.

■ Bokurdakdaky hanjar

Bokurdaga sünjülen hanjaryñ suraty çekilen tatiurowka şol tussagyñ zannyýaman ganhordugyna we ýene-de jenaýat etmäge meýillidigine yşarat edipdir. Eger tussagyñ döşüne Staliniñ ýa-da Leniniñ suraty çekilen bolsa, onuñ gursagyna urulmaz diýen manyny beripdir. 

■ Eginde oturan şeýtanlar

Gerdeniñ üstünde oturan şeýtanlaryñ suraty çekilen tatiurowka şol tussagyñ häkimiýetden nägile biridigini añladypdyr.

■ Gujagy çagaly Merýem ene

Gujagy çagaly Merýem enäniñ suraty çekilen tatiurowka şol tussagyñ çagalykdan bäri ogrudygyny añladypdyr.

Çeşme: "Russian Criminal Police Files"

Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle