Sowaly jogaply goşgy
Sowaly jogaply goşgy

Neçün ýaş dilenýär uzakdan uzak,
(Ýürege-de düşdüm, ýazyp kän gezek)
Gaty giden ýaşam dälmidir güzap?!
Heňňam üýtgär durar, çalşar nesilem,
Utar, artyk berilmeden kesilen.
Garantgy deý bir eňňere bakjada
Galmanyň kem dälmi, bijäň çyksada?!
Ýat sürä goşulan goýun mysaly
Ýa özgäň ýaşyny karz alan ýaly.
Ekip bilmeseň ýa orup bilmeseň,
Daşy daş üstünde goýup bilmeseň,
Gatyrdadyp alma iýip bilmeseň,
Yşkyň joşup ýary söýüp bilmeseň,
Turaňda hasaňy alyp gelseler,
Halyňa rehm edip ýa-da gülseler,
Töwerek deň-duşsyz çolap galansoň,
Uzak ýaşam hezil däldir, ynansaň!
Şony dilemänden gowsy ýok onsoň.
2022 ý. Goşgular