Soradym
Soradym

Bir dananyň ýakasyndan ebşitläp,
Ýüreklere barýan ýoly soradym.
Mahmal ýeliň ýapynjasyn oranyp,
Nurly Günden sag-u-soly soradym.
Bir täsin ses edip iňledi şemal,
Danaň jogap beräýmegi ähtimal…
Diýdi: “Oglum, seniň bu bolşuň-a däl,
Ne saglygmy, ne bir haly soradyň!
Makul bilseň saňa bir gep aýdaýyn:
Ýagşy sözler – şuglalydyr, Aý deýin!”
… Bu söz ýüregimiň ýetirdi eýin,
Tomus jöwzasynda gary soradym.
Gitdi dana, ol daşlaşyp barýa-la,
Göwräm doňdy, serim uçdy bir ýana.
Böwrüme diň saldym ýene bir ýola,
Wyždanymdan namys-ary soradym.
Köp puşmanlar iýdim bu iş edenme,
Özümden bir göwne ynjy ýetenne.
Ömür diläp şygyrlarmyň setirne,
Ahyrýete kerem-nury soradym. Goşgular