| |

Sopy Allaýardan

Sopy Allaýardan «Ejizleriñ erjelligi» atly eserinden

Bir gün ölsem, eý doganlar gardaşlar,
Beýleki öliler dek hormat goýmañlar.

Çör-çöpir üstine taşlañ edip h:ar,
Haýwan maslygy deý alyñ menden ar!

Tabydyñ üstine taşlañ bedenim,
Kepen ediñ çüýräp giden köýnegim!

Giren-çykan kişi basalap geçsin,
Mazarym kemsidip gum sepip geçsin!

Maña almañ, asla, ulanylmadyk biýz,
Her näçe adamlar etselerem söz.

Iberiñ tiz bararyn ýaly ýoluma,
Birden sizem goýaýmaýyn şumluga.

Göziñizden çykarmañ ýeke damja ýaş,
Hem jenazamda üýşip zyñyñ d:aş.

Aýaklamdan tutup süýräñ göre garşy:
«Neçüýn, sadyk bolmadyñ Hudaýa garşy!»

Her näçe bolsamam, dostlar, günäkär,
Dileg ediñ mydam maña bolup ýar!

Diýiñ: «Eý Hudaýym, Perwerigärim,
Günä geçijisiñ eý Biribarym!

Alyp geldik, Saña gaçan guluñy,
Günäleñ gapysyn açan gulyñy.

Gelipdir hilesi ýokdur gidere,
Dili ýokdur indi bagyşla diýere.

Günäsi köp bakar ýaly ýüzi ýok,
Boýun bolmakdan başga çäresi ýok.

Jeza beräýseñem güýji ýetýän Sen,
Bagyşlaýañda-da bir patyşa Sen.

Häzirki zaman türkmen diline geçiren: Nureddin KESEARKAÇLY Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle