|

«Soňsuz gije. Soňsuz göwniçökgünlik…»

"Soňsuz gije. Soňsuz göwniçökgünlik…" «SOÑSUZ GIJE. SOÑSUZ GÖWNÜÇÖKGÜNLIK…»

Soňsuz gije. Soňsuz göwnüçökgünlik.
Daşarda ýel gamgyn sazyn çalyp ýör.
Uç-gyraksyz bulutlardan bölünip,
Ak ýagyşyň damjalary damyp dur.

Köçeler hem ýanýodalar öl-myžžyk.
Üçeklerden şarlap-şarlap suw akýar…
Senem indi ýuwaş-ýuwaş, gijeleň,
Birsydyrgyn tukatlygna höwrükýäň.

Nämekä ol duýgularňy köredip,
Derdiňe dert goşup, seni agladan.
Gowsy, säher bilen oýanan çagyň,
Birneme derdiňi ýeňletmek üçin,
Geçen tukat günleň «sahypalaryn»,
Sypyryp taşlagyn senenamadan.

Dogry, beýtmek bilen hiç zat üýtgemez,
Bu bir adaty däp, adaty yrym.
Emma, yrymlara ynanyp ýörler,
Adamlaň geňlerem, adatylaram…

Parahat BATYROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle