|

Soñlanmadyk goşgy

Soñlanmadyk goşgy

SOŇLANMADYK GOŞGY 

Tükeniksiz ýollar-
Işilen ýüpdir,
Başy çaşan bolsa, gerek egrende.
Arkamda goş halta, bir agyr yükdir,
Yza bakýan çilim çekip egremde.

Meýdanda orulan ýorunjaň, hemem,
Bedene biçäräň nalasy gelýär.
Bu ýerde enäniň çig süýdin emen,
Adamyň ýüz ýyllap galasy gelýär.

Söýýäs,
Kä daşlaşyp,
Kä gelip golaý,
Hiç tapmazdan söýmezligiň tärini.
Ýöne çyndan diňe, akylly heleý,
Söýýändir öz infarktly ärini.

Kä gamlanýas,
Diýýäs: "Çaldyka ne döw?!"
Ertesi şatlanar düýn gama batan.
Toýlar tutsak ula goýberip bedew,
Ýaşyl ýaýlalaňda,
Jana-jan Watan!

*   *   *

■ O baýramdan bu baýrama 

Uçdum perwaz ura-ura,
Gondum aýlana-aýlana,
Daşa döndüm dura-dura,
Çoh delmundym haraýlana,
Men garaşdym boýnum bura,
O baýramdan bu baýrama.

Uzak ýoldan döndermediň,
Güzeriňe indermediň.
Ýeke nama göndermediň,
Aklymy goýup haýrana,
O baýramdan bu baýrama.

2010-njy ýyl

*   *   *

Açaýyn bir hakykaty halaýyk,
Dünýä gelmändirin hözir görmäne.
Ýogsa ne az, ne köp,
Aklymam laýyk,
Ýaşymam bap gelýär wezir bolmaga.

Emma şeýle bolsa wagtym bolmazdy,
Düwmäge-de galstugymyň düwnüni.
Azara galardym, bagtym bolmazdy,
Tapyp bilmän uly iliň göwnüni.

"Ýoluňy udurdyň" diýmäň siz maňa,
Ýöne ýerden bu pikire gelmezdim.
Eger wezir bolsam howlugyp daňa,
Gijelerne rahat ýatyp bilmezdim.

Ah, haýpyňyz gelsin,
Dogry düşüniň,
Arzuwy aradan aýyralyň, gel!
Hiç unutmaň,
Ýadyňyza düşüriň,
Durmuş-deňiz,
Ynsan-gämi,
Ykbal-ýel.

Mahmal şemal ykbalymyň ýelidir,
Meniň deňzim şu meýdanlar,
Şu baglar,
Gämimiň kenara çykan ýeridir,
Kalbymy heýjana göteren çaglar.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle