|

Soñlandyrmasy bar

Soñlandyrmasy bar SOÑLANDYRMASY BAR

Ýeñilmedik gorkularyň,
Käte eýmendirmesi bar.
Ýaşlyk paslynyñ bu ömri,
Yşka eýlendirmesi bar.

Bagt aldasa, hoş söz diýe,
Duýgularym dursun çeýe,
Diliňe bolmasañ eýe,
Kalby elendirmesi bar.

Boş gaýgylar — gury bede,
Sabyr eýle, geçer bu-da.
Ykbal Söýgä bolup guda,
Bagta öýlendirmesi bar.

Gezsem günäñ ýükün çeke,
Sogabym çekiler çete.
Göz aýlaýyn saga, çepe,
Ömrüñ oýlandyrmasy bar.

Berk bile erkim bir ede,
Mydam saklaýyn bileje,
Adama ýetse dereje,
Başyñ aýlandyrmasy bar.

Ömrüñ ygrary ne selki?!
Bolsa-da, bar baýlyk señki.
Bilseñ, bu dünýäniñ soñky
ýola şaýlandyrmasy bar.

Hemme zat diliñde añsat,
Bagt gelermi seni añtap,
Nury ýigdiñ şygry añlap,
Şeýdip soñlandyrmasy bar.

Nury SAKÇYÝEW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle