|

Soñky düýş

Soñky düýş SOÑKY DÜÝŞ

Bir jadygöýdi.
Göz bilen gaşyñ arasyndan
Jorapjyk örerdi çagajyklarna
Aýazly tünekde
Egnindäki sary giden
Köýneginiñ sapagyndan.
Bir pingwinler üşemeýär, bilýärin,
Doñup ýatan materikde,
Birem ol.

Sungatyñ ussadydy.
Hyýal sahnasyndaky ýyldyzlara haýrandy,
Her kes.
Men bolsam oña…
Bagtyýar enäñ rolun oýnady
Ömrüboýuna.
Ne ýüzünde
Ne ýüreginde ýazy bolmadyk bir ynsan bilen
Çagalarmyñ kakasy diýe.
Muny duýmadam hiç kes.

Aramyzda gezen melekdi,
Mydam özgäñ derdinde.
Hem gorkardy doýmakdan
Çagalaryn öñürdip.
Saçagyñ bir cetinde,
Dadyp oturandyr tagamdan,
Hem iýýän ýalydyr daşyndan.
Şondan, hemmeden soñ turar
Saçak başyndan.

Ýeke gezek özi üçin bir iş etdi,
Bir özüne, soñky deminde.
Düşündim ýylgyryşyndan,
Dodaklarnyñ gyrasynda gizlenen.
Hem
Kirpikleriñ ujunda
Bagtyýarlykdan bir nem.
Üç otagly öýli boldy düýşünde…
Hem oýanmady bu düýşünden soñ enem…

Halyl Ybrahym ÖZBAÝ,
türk şahyry. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle