| |

Sona / poema

Sona / poema SONA

Sona / poema

Jülgeli gara daglar
Bulut büräp başyny,
Gadym zamandan galan,
Bilip bolmaz ýaşyny.

Tomusda-da daglaryň
Aýrylmaýardy gary,
Ejiz haýwanlar atyp,
Gezýärdi gaplaň şiri.

Beýik-pesli depeler
Goýun-guzy üstünde,
Möjekler dişin gyjap
Gezýärdiler kastynda.

Dagyň kese etegi
Al-ýaşyl öwüsýär.
Jülgäň içinde bolsa
Arpa-bugdaý baş ýasýar.

Şu jülgäniň içinde
Her ýerde küren oba,
Gaplaňlar gygyrşanda
«Geläýmesin, gyz, toba»
Çopanlar «haý» diýende,

Sesi daglara düşýär,
Jülgeden akýan çaýyň
Sesi gulagňy deşýär.

Ýylyň bolsa ýaz aýy,
Dag başynda ala gar,
Aýdym aýdýar çopanlar,
«Hudaýym, ber maňa ýar»,

Bu obanyň içinde
Sona atly gyz bardy.
Ak-garany saýgaryp,
Okuw-ýazuw bilýärdi.

Garyplygy bir ýandan
Hemde güzeran işi,
Munsuz ýygnak geçmezdi,
Ýogam däldi teşwüşi.

Sonaň başynda bolsa
Bir uly gaýgy bardy.
Gaýgy öňünde saralyp,
Sonaň dünýäsi dardy.

Bular bir topar ýetim,
Atasy eýýäm ölen,
Ýok ýetişen gardaşy,
Kişi elinde galan.

Sonaň uly gaýgysy
Ýeke ýetimlik däldi.
Ýaşka adagly edilen,
Bu gün kemala geldi.

Pikir derýasyn ýüzüp,
Ýitirýärdi özüni,
Özbaşyna gepleýär,
Tegeleýär gözüni.

Şol günleriň birinde
Mugallyma bellendi.
Bir gün derse ugranda,
Her zady hyýallandy.

Adaglylyk belasyn
Ýekeje özi çekýär.
Çäresiniň planny
Ýürek depderne ýazýar.

«Köne adat gurasyn,
Adagly edipdirler,
Halanyma bararyn-la,
Edenler gidipdirler».

Indi aýdyp bereli,
Sonaň adagly bolşun,
Nähili gowga bilen
Kişi elinde galşyn:

Sonaň babadaşyndan
Bardy atly Italmaz,
Il içinde diýilýärdi:
«Oňa taý gelen bolmaz».

Italmazyň agasy
Bu jülgä aksakaldy,
Öz döwrüniň iliniň
Ýyrtyjy şiri boldy.

Italmazyň toparnyň
Galapyny synpy ýat,
Gerekli ýerlerinde
Aýdyp biris atma-at.

Uruş wagty Italmaz
Aklaň wekili bolan,
Zähmetkeşler başyna
Ganly günleri salan.

Goňşusy bir garybyň,
Ýeke ogluny öldüren.
Guduz ýaly Italmaz,
Gözün gana dolduran.

Tüýs bedasylyň biri,
Jalaý diýseň çyn jalaý,
Hyýal edýär almaga
Heleý üstüne heleý.

Ýaňky jalaý Italmaz
Bir gyzy alyp gaçdy,
Alyp gaçan bu gyzy
Daşkyrak garyndaşdy.

Bu gyzyň hossarlary
Çozup baryp üstüne,
«Bahasyny bermeseň,
Başyň aljak dessine».

Ýaşulular ýygnanyp,
Gaýtardy gelenleri,
«Düzetmek gerek» diýip,
Masgara bolanlary.

Oýan-buýan urunýar.
Dözmeýärdi malyna.
Ölse rehim etjekmi
Ýetimleriň halyna?

Ýetimleriň içinde
Ýaşajyk Sona bardy.
Özide bir görmegeý,
Görenler hyrydardy.

Özünden kiçijigi
Dogany Durdy bardy,
Ikijigi mekdepde
Bileje okap ýördi.

Italmazyň üstüne
Günde bir adam gelýär,
Zorlap eden işinden
Her gelen deňlik dilýär.

Italmazyň maksady
Sonany bermek boldy,
Ahyr berip dynmasa,
Goýulmajagny bildi.

Bir gün Bahargül ejä
Diýdi: «Bereli şuny,
Olaňňam ýaş ogly bar,
Ýogsam goýmazlar meni»

Italmaza Bahargül:
«Men gyzymy bermerin,
Aýdýan sözüň şu bolsa,
Ömür ýüzüň görmerin…»

Gözüme gan inderip:
«Hemmäňizi gyraryn,
Sonaň elinden tutup,
Özüm eltip bererin».

Bu biçäre Bahargül
Ýaşarytdy gözüni,
Başga alajy näme?
Kime aýtsyn sözüni!

Bahargüli Italmaz,
Gorkuzdy hem aldady,
Heleýiniň hossarlarn
Derrew adam ýollady.

Dokuz ýaşly Sonany
Sapara bermeli boldy,
Sona zatdan bihabar,
Muňa öňatly geldi.

Goljagazyndan tutup,
Äkitdiler Sonany,
Öýlerinde galdyryp.
Uluja dogany Enäni.

Alty ýaşly Saparjyk,
Howluda oýnap ýördi,
Öňatlylar Sonany
Alyp bäriden bardy.

Italmazyň işlerne
Il-gün hem razy däldi.
Her kim için gepledip:
«Bolmasy bir iş boldy».

Ýaşuly hem mollalar
Sona nika gyýdylar:
«Bolu bildi!» diýşip,
Adagly edip goýdular.

Bu işiň bolanyna
7-8 ýyl geçipdi,
Adagly edilenden
Indi oba göçüpdi.

Italmazyň işinden
Sona ýanyp kül bolýar,
Hemişe pikir edip,
Gün-günden ýüzi solýar.

Şu pikir-hyýal bilen
Ýüzi aşak barýardy,
Adaglylyk öňünde
Bela bolup durýardy.

Indi çäresin gözläp:
«Haýsy gapa bararyn,
Bir adaglym bar diýip,
Haçana çen duraryn.

Ýer ýuwutmyş Italmaz,
Ne güne saldyň meni,
Meni şeýle ýakanňa,
Ajal alsyn-da seni.

Bu boluş bu ýagdaýda
Hany meniň görjegim?
Erinniň suwy akyp dur,
Indi şolmy barjagym?

Görki-görmegi dursun,
Ýaşlygyna nädeýin,
Dünýä maňa daralýar,
Gaçyp nirä gideýin?

Ah!… Şeýle bolsada,
Meni bererler şoňa,
Hossar bolan boluşyp,
Ne jebir edipsiň maňa».

Çagasy ölen gaz ýaly,
Süýndürip, boýnun burup,
Özbaşyna gepleýär,
Ýollarda durup-durup.

Başy aşak, solgun ýüz
Mekdebe ýetip geldi,
Okuwçylar begenşip,
Sonany garşy aldy.

«Nähili men ýanmaýyn,
Şulardan aýyrjaklar,
Egerde aýrylmasam,
Dünýäden doýurjaklar».

Sona gaýgy-gam edip,
Köýüň guýsuna düşdi,
Gaýgy diýseň çyn gaýgy,
Gaýgy has hetden aşdy.

Sagadyna seretse,
Okuw wagty bolupdyr,
Töweregne garasa,
Hemmejigi gelipdir.

Okuwçylary oturdyp,
Ýüzlerine garady,
Gaýgy biraz aýrylyp,
Şatlyk duýgy döredi.

Sonaň şatlygnyň biri,
Tomus kursa gitmekdi,
Hakykat ylym alyp,
Maksadyna ýetmekdi.

Baryp tagta öňüne:
— Annagözel çyksan-a,
Hany ol meli alyp,
«A» suratyn çeksen-e!

Annagözel tagtada
«A»-nyň suratyn çekdi.
«B»-nyň suratyn çekmäge,
Yzyndan Keýik çykdy.

Okuwçylaň yzyndan
Özi ýazyp berýärdi,
Ýeke ýeke okadyp
Hemde synap görýärdi.

Okuwyny gutaryp,
Ondan ýygnaga barýar,
Okuwçy azaldy diýip
Arza bermekçi bolýar.

«Mugallyma bolanym
Atanlar halamaýar,
Aýyrjak bolsalarda,
Ellerinden gelmeýär.

Şu okadýan gyzlarym
Günbe-günden azalýar.
Ýigrim bäş okuwçydan
Ýeke on ikisi gelýär».

Sona goýdy sowaly
Komsomol ýygnagynda,
Býurolarnyň çleni
Meredem bardy şonda.

Meret: — Men bilýän — diýdi,
Gyzlaryň gelmeýänni,
Atanlardan görýärin,
Gyzlaryň galýanyny.

Ol gün Metjidiň ýanda
Molla Atan otyrdy,
«Biziň gyzlarmyzy Sona
Haýasyz etjek» diýdi.

Ýygnakda şu baýlara
Berk çäre görmeli,
Protokolda görkezip,
Raýkomola bermeli.

Ýerli ýerden el çarpyp,
— Görmelide, görmeli…
Berk karar edipde,
Bermelide, bermeli.

Okuwa gelmeýänleň
Spisogny etdiler,
Sebäbini bil diýip,
Sona pugta aýtdylar.

Sona ýygnakdan çykyp,
Öýlerne ýakynlaşdy.
Hemişe görýän ýigdi
Birden ýadyna düşdi.

At aýagnyň sesine
Sona galdyryp başyn,
Aňka-taňka boldyda,
Garady degre daşyn.

Ýigit atyň üstünde,
Gözi algyr guş ýaly,
Her gün şol ýerden geçýär,
Ýogam däldi hyýaly.

Ýylançyr ýaly gyr at
Dört tarapa seredýär,
Üstündäki oglana
Täze duýgy döredýär.

Oglan atyň üstünde
Garanýardy her ýana,
Sonany synlamaga
Gerekdi bir bahana.

Atyň başyny çekip,
Sypalady ýalyny,
Gyz bilen sözleşmäge
Düwýärdi hyýalyny.

Gyrmyz don, gara ädik,
Garaköl telpek başynda,
Akýüzli hem syratly,
Ýigrimi bir ýaşynda.

Aty aýagny gazýar.
Tozany bulut ýaly,
Gulaklarny keýerýär,
Ýüpekdenmidir ýaly.

Öň aýagny göterip,
Adam ýaly dikelýär,
Gygyryp kişňeşine
Annaň keýpi kökelýär.

Gyzyň, atyň eserne
Anna däli-diwana,
Başyn silkeräk tutup,
Gamçy urdy haýwana.

Sona muňa seredip:
«Wah!… birden ýykylmasyn!»
Töwerekden diýýärler.
«At beýle bakylmasyn!»

Sonaň gara saçlary
Örlüp öňe sallanan,
Uzynlygy bu saçyň
Il içine bellenen.

Gözel diýseň çyn gözel,
Ýaňaklary nar ýaly,
Alkymynyň aşagy
Görseň edil gar ýaly.

Sonaň ýöräp baryşy
Ýuwaş ýaly görünýär.
Göýä kölde bir sona
Ýüzüp ýörkä daranýar.

Ýakasynda gülýaka,
Ýaňja dogan gün ýaly,
Sona bagyň içinde
Ýada salýar bir güli.

Bir-birine seredip,
Bilmediler sözleşip
Ýada ýakyna gelip,
Durmadylar ýüzleşip.

Bu günki görüşleri
Anna has täsir etdi.
Sona arany açyp
Garap, garanyp gitdi.

Atyny elesledip
Gidiberdi ýoluna,
Şu obada düşmegi
Getirdi hyýalyna.

— Ahaw.. Oraz, tanaýamyň
Ýaňky atly ýigidi?
Bä-ä… ata gelişýär,
Haýran galdyrdy meni.

— Senem şony tanaman,
Hemişede gelýärle,
Kooperatiw zadyn satyp,
Iki üç günem bolýar-la.

Ine, barsaň şol oglan
Myratlara düşendir,
Oglan-uşak, gelin-gyz,
Hemme daşyna üýşendir.

Anna hernä gelende,
Myratlara düşýärdi,
Özi ýok eken öýde,
Gelin bolsa ýaşýardy.

Başyn egip bu gelin,
Düş diýip yşarat etdi,
Goňşularyndan biri
Geldide atyn tutdy.

Düşdi atyň üstünden
Bökderige ýapyşdy.
Gözi Sona tarapda
Zordan bir ýanny çöşdi.

Horjuny alyp eline,
Öýe garşy ugrady.
Öýde erkek adam ýok,
Anna bolsa ýygrady.

Gelin oda çaý goýdy,
Annada töre geçdi,
Başyn salyp aşaga,
Ýüz hili pikire düşdi.

Pikir edip oturyp:
«Neneň gyzy görerin,
Hä…hä… enemden
Hat ýazyp ibererin».

Gelniň gaýyn enesi
Birden gapydan geldi,
Annanyň ýüzi soluk,
Muňa bir hili boldy.

Saglyk-amanlykdan soň:
— Oglum, ýüzüň solupdyr,
Hemişeki bolşuň däl,
Saňa näme bolupdyr?

— Aý ezizim, ene jan —
Diydi — aýdaýyn saňa,
Obaňyzda bir gyz bar,
Şo kim, aýdyp ber maňa.

— Haýsy gyz ol, Anna jan,
Sora hany göreli,
Bilýän zadymyz bolsa,
Derrew aýdyp bereli.

— Mugallymaňyz bar eken,
Mena aşyk şol gyza.
Adagly diyip eşitdim,
Gaty kyn boljak bize.

— Wiý, toba tagsyr ola,
Bahargülüň gyzydyr.
Özi bolsa adagly,
Agynjak şoň özüdir.

Gorkmasa Sonagül,
Adaglysyna barmaz,
Sümükli Sapardyrda,
Şonda bir günem durmaz.

Gaýynlary Atan baý,
Garyndaşy Italmaz,
Eger aýryljak bolsa,
Sonagüle ýagşy bolmaz.

Köne wagt bolsady,
Sona şeýdip ýörmezdi.
Öldirdiler bir eýýäm,
Komsomola girmezdi.

Täze düzgün diýýärler,
Gyz halanna barmaly,
Biri birin halasa,
Ýazlyşyp ýaşabermeli.

— Bir hatjagaz ýazaýsam,
Ene, eltip berermiň?
Öz eliň bilen eltip,
Hyýal-pikirin bilermiň?

— Hawa, oglum, Anna jan,
Özüm eltip bererin,
Tä hatyňy okaýança,
Ýanynda dik duraryn.

— Ene jan sen şu hatym,
Görkezmegin hiç kime.
Öz elinejik berersiň,
Gaty ynanýan saňa.

Çaý öňünde goýdyda:
— Onda sen otur! — diýdi,
— Ýitiräýmäýin ýolda — diýip,
Gyňajyna berk düwdi.

«Etek alty, ýeň ýedi».
Bu garry tasap bardy,
Şarka açyp gapyny,
Içerik kürsäp urdy.

— Salam alaýyk!
— Hälik salam!
— Sona jan senmi?
Işläp otyrmyň balam?

— Eziz didäm ene jan!
Geçiň düşek üstüne,
Ynha geçde oturyber.
Çaý goýaryn dessine.

— Hany Sona jan keýgim
Bahargül nirä gitdi?
— Ýaňyja hamyr etdi-de,
Tamdyr towluga gitdi.

Garry gyňajyň ujun,
Gözleýär eli bilen.
Bir zat — bir zat pyşyrdap
Hem diýýär dili bilen.

— Saňa iberdiler gyz,
Al, şu haty okap gör.
Çaý diýip azara galma,
Basymrajyk jogap ber.

Sona haty görenden
Bildi bir zat barlygyn,
Ozalam aňlaýardy
Annaň hyrydarlygyn.

Annaň karary gaçyp,
Garşy gapa çykýardy.
Uludan demin alyp,
Ýuwaşja ah çekýärdi.

Başyn galdyryp birden,
Garryň gelýänin gördi,
Ýörişine syn edip,
Ýene bir salym durdy.

Kempiriň ýörişinden
Bir zat aňlap bilmedi,
Içinden öz-özüne
Diýýär: «Tamam bolmady».

Anna öýe girdide,
Ýüzün sallap oturdy.
Oýlanyp öz göwnüne
Ýüz hil pikir getirdi.

Hatyň jogabyn alyp,
Garry öýüne geldi.
Sona haty iberip.
Bilýäňiz nädip galdy?

Haty berdide Anna:
— Näme ýazypdyr? — diýdi
Tüňçäni doldurdyda,
Ýenede otda goýdy.

«Anna salam!
Men hem daşdan guwanýan
Boýuňa, syratyňa,
Ylaýtada söýgimi
Bildirýän şu hatyňa.

Indikide, Anna jan
Haty beýle iberme,
Jan ynanyp her kime,
Beýle berip goýberme.

Italmaz görse şuny,
Meni bir günem goýmaz.
Menä owarram weli,
Saňada sag bol diýmez.

Menä jähennem weli,
Sen garyşma bu işe.
Näm bolsam men bolaýyn,
Çek özüňi sen daşa.

Mugallyma bolanmy
Gaty ýaman görýärler.
Şu günler ejemede
Gaty azar berýärler.

Men adagly edilen,
Meniň başym boş däldir.
Seniň şu ýazan hatyň
Hakykat däl hyýaldyr.

Hat ýazypsyň sen maňa,
Ýöne görüp daşymdan.
Belkä, habaryň ýokdur.
Näme iş geçýä başymdan.

«Gelnimiz gaýtar» diýip,
Ejeme azar berýärler,
Ýygnaklara baranmy
Gaty ýaman görýärler.

Adaglyma entek ýaş,
Ýetişsede barjak däl,
Şol baýlaryň ýüzüni
Öläýsemde görjek däl.

Geljek ýygnakda, Anna,
Meň sowalym goýuljak.
Habar ederin saňa
Geläýseň gowy boljak.

Ýagdaýyn tapyp bilseň,
Ikimiz gürleşeli,
Bir hat bilen bolmaýar,
Dil bilen sözleşeli».

Haty açyp okady-da,
Uludan demin alýar.
Hatyň ýöne däldigin
Kempir daşyndan bilýär.

— Ene jan, sen-ä sagbol.
Meniň işim bitirdiň,
Öz ýazan hatym ýaly,
Jogabyny getirdiň.

Ene, ýagşy sag boluň,
Özüm bir görerin-dä,
Eger ýagdaýyn tapsam,
Ýanyna bararynda.

Ikisiniň arzuwy:
Bir birini görmekdi,
Ýagdaýyn tapyp Anna,
Sonalara barmakdy.

Maksatlarna ýetmäge
Bulara garşy bardy,
Ylaýtada bu işde
Sonaň dünýäsi dardy.

Bular bu ýerde dursun,
Gyzdan alyň habary.
Annaň pikirin çekip,
Gaçýar sabry karary.

Öýde oturyp bilmän,
Tiz tizden gapa çykýar,
«Bir özi geläýsedi!»
Her deminde ah çekýär.

Tora düşem guş ýaly,
Towsaklaýar garasa,
Günbe günden Sonany
Has basýar gaýgy gussa.

Monjuk ýaly gara göz
Boýur boýur ýaş dökýär.
Ýüzünden hem mälimdir
Nähili pikir çekýär.

Gije gündiz okadýar,
Ýygnaklardan galmaýar,
Anna bilen görüşmek
Pikirinden aýrylmaýar.

Boş wagtynda kitaby,
Kagyz-galam ýanynda,
Güýji ýetmän etjegne,
Arman galýar janynda.

Sona arzy-halyny
Hiç kimi ýok aýtmaga,
Ursam diýýär ýüregi
Özüni daşa-daga.

Ýürek ýanmaz ýalak däl,
Munuň bolşuny görseň,
Şol wagtda bolaýjak
Degişli kömek berseň.

Ine bir dynç gününde,
Sona pikir edip otyr,
Kitaplaryn agtaryp,
Görüp otyr birme bir.

Anna iki ýeke basyp,
Birden gapydan geldi.
Bilýäňiz türkmen gyzy
Bir azajyk uýaldy.

Anna bilen görüşmek
Arzuwydy Sonanyň,
Öýlerinde ýok wagty
Ejesiniň, Enäniň.

Biraz salym geçensoň:
— Geçiň, oturyň! — diýdi
Kitabyny ýapdyda,
Tarsa turup çaý guýdy.

Sona ojak başynda,
Anna töre geçipdi,
Iki gözi Sonada,
Akyl huşy gaçypdy.

Ol gabagyn galdyrsa,
Anna ýere seredýär,
Anna Sona seretse,
Sonaň bagryn eredýär.

Misli öýüň içinde
Iki sany gül bitipdir,
Bir birine mynasyp
Ikiside ýetipdir.

Bir birinden utanyp,
Sözleşmän kän durdular.
Öň ýazyşan hatlarny,
Gürrüň edip berdiler.

Anna öz maksadyny
Sona aýdyp bilmeýär,
Dilne gelip dursada,
Ahyrynda bolmaýar.

Çiňe-çiňe bakdy-da,
Ýene hiç söz diýmedi.
Gaty siňe seredýär,
Gül ýüzünden doýmady.

Ne diýjegin bilmeýär,
Töweregne garanyp,
Bogazyda dolupdyr.
Ýürek joşup oýanyp.

Anna gözün tegeläp
Öz ýanyndan gorkýar.
«Bolup durşum nähili?»
Ýüregide darygýar.
Birden içine sygman:
— Näme çagyrdyň?- diýdi.

Sona diýdi: — Maksadym,
Çagyryp bir görmekdi,
Boýuňa bir syn edip,
Tä doýýançam durmakdy.

Gaş kakyşyp, göz süzüp,
Bir-birin halaşdylar.
Günüň günorta wagty
Bäş minut sözleşdiler.

Sona näz edip Anna:
— Ol gün geçenňi gördüm,
Maýsa içinde seredip,
Haýran bolup, kän durdum.

Atyň asmana bökýär.
Ýykylar diýip gorkdum.
Ýürek gopup ýerinden,
Şonda biraz darykdym.

Huşum gaçyp başymdan,
Näme etjegim bilmedim.
Iki adam gülüşdi,
Ýylgyrmadym gülmedim.

— Meniň atym bökende,
Sen näme diýip gorkýaň
Ol jüre getirmişiň
Ondan başga-da oýny kän.

Hä! Bir zat sorajakdym,
Näçe sagat işleýäň?
Ertir irden gidýäňmi?
Öýňüze haçan gelýäň?

— Ertir ir bilen gidip,
Dört sagat okadýan,
Bir azajygam oýnaýas,
Öýlänler öýe gelýän.

— Okadýanyň näçe gyz,
Her günde gelýälermi?
Birnemejik düşünip,
Heý, bir zat bilýälermi?

Sona aýdýar oglana:
— Şol ak tam klasymyz,
Okany gowy görýärler,
Artýar yhlasymyz.

On dört, on bäş gyz okaýar,
Ýazyp bozup bilýän bar.
Özleri düşünşenden
Gün yrmanjyk gelýän bar.

Pukara ýetimlere
Bolýa biraz kynçylyk.
Aýak ýalaň, başaçyk,
Menden gaçýar ynjalyk.

Anna jan, ýyl boýunça
Bir dersden galmadym,
Magaryf wekilinden
Hiç bir käýinç almadym…

Mekdep durmuşy bilen
Tanyşdyrdy oglany,
Oglana mälim boldy
Ýüregine baglany.

Oglan diýdi bu gyza:
— Ýagşy däl oturşymyz.
Obamyz ýoňsyz ýol bar,
Birinji görşüşimiz.

Hoş häzir men gaýdaýyn,
Ýenede gelerisle,
Nesip bolsa bir-bire…
Oýnaşyp gülerisle.

Sona turup ýerinden:
— Ýenede gelgin! — diýdi.
Bogazyny doldurdyda,
Ýolduda sözün goýdy.

-Ah!
Nadanlyk, garaňkylyk
Ýok ediler bir çak-a,
Gol tutuşyp köçede,
Gezeris iki baka!…

Hem gaýgyly gussada,
Gapa garşy bardylar.
Aýrylyşmany kyn görüp,
Ýene biraz durdular.

— Häzir Anna jan gitseň,
Ýene haçan gelersiň?
Meniň halym-ýagdaýym
Habar tutup bilersiň.

Rugsat wagtyna çenli
Işime meşgul boljak.
Synpy duşmanlar bilen
Gaýduwsyz göreş saljak.

Synpy göreş ýolunda
Goý, ölsem, öleýin,
Kömek ýetir, Anna jan,
Seniň bilen bolaýyn.

Sona Annany ugradyp,
Yzyndan seredip galdy.
Öýlerine girdide,
Uludan demin aldy.

Anna bilen oturşy
Gözüniň öňünden geçýär.
Ýüregi ýanyp barýar,
Garşy garşy suw içýär.

Başyn sallap aşaga:
«Kime syrym aýdaýyn,
Egerde gaçyp gitsem,
Öldürjekler, nädeýin.

Anna bilen goşulyp,
Ýazlyşmaga baraýsam,
Halaşyp geldik diýip,
Gol tutuşyp duraýsam».

Şu pikir hyýal bilen
Aradan günler geçdi.
Anna boldy pikiri,
Uly işe baş goşdy.

Sona bolsa saralyp
Günbe-günden solýardy.
Ejesi munuň halyn
Çalarajyk aňýardy.

Işden gaýdyp gelende
Çaý-çöregem iýmeýär.
«Pylan ýerim agyrýar»
Ejesine diýmeýär.

Ejesi bir gün oňa:
— Aý gyzym, sagmy janyň?
Diýdi — reňkiň agaryp,
Ýüzde galmandyr ganyň?

— Janym-a sag,
Eje jan,
Weli,
Özüňiz soň bilersiňiz,
Häli!….

-Welin näme, gyzym,
Hany aýt, göreli,
Derdiň güýçli bolsa
Bizem derman soraly.

— Eje senden towakgam,
Işiň bilen boluber,
Menden sorap näme etjek,
Pikir etde biliber.

Ah!…
Eje, eje, eje jan!
Ýanyp barýar ýüregim,
Saňa-da, Durdy jana
Belli meniň geregim.

Gepe düşmeýän ýaly,
Annany men söýýärin.
Gizlemäýin, eje jan,
Saňa açyk diýýärin.

— Egerde halaşsaňyz,
Menä gyzym garşy däl,
Etjegiň içiňde bolsun,
Bildirmegin, bolgun lal.

Birden Atan eşitse,
Gorkýan, öldürer seni,
Onsoň maňa gün ýokdur,
Diri goýmazlar meni.

Eneli-gyz sözleşip,
Dünýäden bihabardy,
— Salawmaleýkim! -diýip,
Anna gapydan girdi.

Bahargül bakyp Anna:
— Geçiň düşek üstüne,
Birazajyk işim bar,
Ine geljek dessine.

Gyzym, myhmana çaý goý,
Jemallara gideýin,
Ýüpegi boýapmyka,
Hany şony bileýin?

Ejesi çykyp gitdi,
Sona turup çaý goýdy,
— Wagty bilen gelmediň,
Sen diýip bagrym köýdi.

— Gündede geljek weli,
Özüm ýeke çekinýän.
Gelmänine oýlanyp,
Öz ýanymdan ökünýän.

— Şeýle edip ýörmäli,
Aşgabada baraly.
Başymyza gelenni,
Gelen wagty göreli.

Mugallymlyk kursunda
Ikimiz hem okaly,
Bize duşman bolanyň
Için-bagryn ýakaly.

Okap ýöreli şonda.
Entek gaýdyp gelmäli,
Zalym duşman elinde
Hiç birimiz ölmäli.

— Bolýar, söýgüli gülüm,
Gideli Aşgabada.
Ondada ýatdan çykmaz,
Ata, ene, oba-da.

Şu açyljak kursa
Kabul etdiler menem.
Şu gidişlik bolanda
Galaýmawergin senem.

— Waý, didäm Anna jan,
Heý, menem galarynmy?
Rugsat wagtymyz gelsin,
Bir minut durarynmy?

Okadaryn-okaryn,
Baýlardan üstün çykaryn,
Italmazyň, Atanyň,
Öýün başyna ýykaryn.

Olar entek tananok
Ispolkomy, raýkomy,
Gyzarypdyr gözleri,
Ýok entek gaýgy-gamy.

Hany okap geleli,
Görkezerin gözüne,
Bazyrdadyp basaryn,
Edýän işin ýüzüne.

Bu bir ýetim gyz diýip,
Äsgermejek bolýalar.
Ýokmaz sözleri bilen
Janym oda salýalar.

Atanyň garyndaşy
Biri gapydan geldi,
Gyzykly söz üstünde
Ikisi-de uýaldy.

Gapydan gelen adam
Sortduryp ýüzüni:
— Amanlykmydyr, Anna!
Sallaýar ýüz-gözüni.

Düşek üstüne geçip,
Alardýar gözüni:
Sonaň ýüzne seredip
Atýar ýokmaz sözüni.

Anna turdy ýerinden:
— Hoş sag boluň, gaýdaýyn,
Gyz içini gepledýär:
» Wah, çäräm ýok nädeýin?»

— Habaryňy almadyk,
Habarlyja geldiňmi?
Aýt habaryň bolsa,
Keýpine sowuldyňmy?

— Bahargüle eje ol gün
Biraz mata alypdy.
Ýene bir gelerňe diýip,
Şonuň puly galypdy.

Hemme eden söwdamyz
Hasap edip görýärler,
Galak-gaçagy ýygna diýip,
Maňa azar berýärler.

Şu oba arasynda
Kändir algy-bergimiz,
Üzülip-de bolmaýar,
Buda biziň görgimiz.

Kooperatiwiň zadyny
Nesýe beripsiň diýip,
Tas işden aýrypdyrlar,
Ol gün ýygnaga goýup.

Anna için gepledip:
«Sypy bilsem ýanyndan,
Ýüzün-gözün ajydýar,
Eýgilik ýokdur şundan».

— Ýagşy, hoş wagtyňyz! — diýip
Çykdyda gidiberdi.
Bu obadan saýlanyp,
Diňirgenip kän durdy.

Hyýal atyna atlanyp,
Ýer ýüzüni gezýärdi,
» Wah!… ýandy bagrym!» diýip,
Ýar jebrine dözýärdi.

» Oturşypda bilmedim,
Ýandy ýürek nädeýin? »
Oba tarap seredýär:
» Çykmadyla gaýdaýyn».

Synyn silkip turdyda,
Ýuwaş-ýuwaş ugrady,
Obaň garasy ýitýänçä,
Durup-durup garady.

Anna azy-köp ýöräp,
Öýlerine ýetip gelýär.
Aýralygyň derdini
Başdan geçiren bilýär.

Howa-da ýagtylmandy,
Daň ýaňyja saz berýär.
Müştegini çekmäge
Her kim ir bilen gelýär.

Elin-ýüzün ýuwmaga
Kilwan mesenä çykdy,
Gaýrada görünýäne
Dogry nazaryn dikdi.

Aşaky paýapylda
Bir gyzyl zat göründi.
Ýapdan towsup geçdi-de,
Meseneden ylgap indi.

Hyýal etmezden kilwan,
Derrew gyzy gujaklaýar.
Seredişdirip görse,
Çalaja demi gelýär.

Biçäräni göterip,
Öz öýüne eltdi.
Agzyna suw damdyryp,
Ýüwrüp dogtara gitdi.

Dogtoryň ýetişişine
Ep-esli wagt boldy,
Sona jana gelende,
Milisionerler hem geldi.

Naçalnik girip öýe:
— Kim seni beýle etdi?
Elin çala galdyryp,
Italmaza uzatdy.

Sandyraklap Italmaz,
Titir, titir titreýär.
Naçalnigiň gözleri
Içinden geçip barýar.

— Italmaz! Sen tussag! — diýip,
Naçalnik buýruk berdi,
Oturyp hat ýazdy-da,
Tussaghana iberdi.

— Žalko — diýip, naçalnik,
Gözüne ýaş getirdi.
— Ne bespokoýsa — diýip,
Dogtor göwünlik berdi.

Görseň biler ýaly däl,
Ölüm ýa-da dirilik.
Demini sanap ýatyr,
Aňrylyk ýa bärilik.

Sülçümidir, sudmudyr,
Raýkomyň sekretary…
Eýýäm habar ýetipdir,
Çozup geldiler bary.

Maslahatlaşyp şonda,
Bolnisa getirdiler,
Sülçä, halk suduna
Derňäň diýip tabşyrdylar.

Agyzdan-agza geçip,
Bahargüle ýetişdi.
— Waý!…balam! — diýip biçäre,
Saç ýaýyp köçä düşdi.

Iki elin döşüne
Gezek-gezegne urýar.
Ýyrtyşdyryp ýakasyn,
Uly il bilen bagyrýar.

«Nalyş edýän Hudaýym,
Taňrym, senden razy däl.
Italmaza göz görkez.
Ýogsam menem bile al!»

— Waý, balam! — diýip Bahargül,
Gujaklady gyzyny,
Biygtyýar gidýär ýaş,
Süpürýär ýüz-gözüni.

Entek ýazjakdym weli,
Italmaz ýada düşdi.
Anna bilen ikisi
Şol gün ýerni çalyşdy.

Öz eli bilen eden
Egni bilen çekmeli,
Okyjylar howlukmaň,
Soňuna-da bakmaly.

Gurban başlyk hem Atan,
Hany diýseňiz olar.
Birazajyk howlukmaň,
Ynha olar hem geler.

Yzly-yzyna sorag,
Günde derňew gidýärdi.
Sülçiniň soragyna
«Men däl» diýip aýdýardy.

Sülçi bolnisa gelip:
— Nuka raskažite, Sona!
— Ýeke Italmaz däldi,
Ýene-ýene we ýene…

— Gurban arçyn hem Nyýaz,
Şonda Atan hem bardy,
Öýde bolan wagtlary,
Gapyda garawul durdy.

Italmazdan gaýtalap,
Ýedi gün sorag boldy.
Uzak wagt geçmedi,
Basym olar hem geldi.

Sonany öldürmäge
Kast edenler ýygnandy,
Tä sud başlaýança,
Olar türmede galdy.

Anna öýden çykansoň,
Dogry bolnisa geldi,
Sonaň ýanna barmaga
Dogtordan rugsat aldy.

Sona özün bilende,
Anna ýadyna düşdi.
Gabagyny galdyryp,
Çalaja gözün açdy.

Kellesini galdyrsa,
Görse ejesem otyr.
Töwereginde syrkawlar
Krowatda hyklaşyp ýatyr.

Ejesi ýerinden turup,
Gujaklady gyzyny:
— Balam, saňa näme boldy?
Ogşaýar ýüz-gözüni.

Dodagyn gymyldadyp,
Zordan «Eje jan» diýdi.
Ýuwaşja göterip elin,
Onuň egnine goýdy.

«Ýagşy» diýdide dogtor,
Sonaň elinden tutdy.
Onuň gara gözünden
Iki monjuk ýaş gitdi.

Sona özün yraslap,
Ejesine garady:
— Hany Anna jan? — diýip,
Emaý bilen sorady.

— Sona jan, pikir etme,
Anna gapyda otyr,
Tussagdan eýýäm çykdy,
Ýerinde Italmaz ýatyr…

«Anna» diýip çykan söz,
Dogtary haýran etdi,
Annany çagyrmaga
Ýüwrüp daşaryk çykdy.

Dogtar çykyp ugranda,
Sona «dur» diýjek boldy.
Onuň gara gözleri
Gapa dikilip galdy.

Söze salym geçmänkä
Anna gapyny açdy.
Aşygyň aç gözüne
Magşugyň gözi düşdi.

Emaý bilen bardy-da,
Öpdi onuň ýüzünden,
Tisgindirdi Sonany,
Ýaş damdyrdy gözünden.

Anna şol günden bäri
Sonasynyň gaşynda,
Ejesi ak geýimli
Pyrlanyp dur daşynda.

Bu waka merkezi
Gazetlerde ýazylýar.
Her ýazan Italmaza,
Ýokary jeza diýilýär.

Uly ile ýaýrady:
— Italmaza sud boljak.
Ýokary suduň agzasy,
Ýene prokuror geljek!

On-on bäş gün geçensoň,
Sona ýagşy gutuldy.
Materiallar toplanyp,
Hemme geljekler geldi.

Raýon merkezinde
Ýekeje klub bardy.
Ýygnanjaklar örän köp,
Ol bolsa gaty dardy.

O-da klub hem däldi,
Owal buthana bolan.
Rewolýusiýadan soň
Başynyň hajy aýrylan.

Suduň bellenen güni
Ýigrimi altynjy maýda,
Hiç wagt halk mundan kän
Ýygnanmaz uly toýda.

Oturara ýer galmady.
Skameýkalar doldy.
Sonaň okuwçylary
Topar tutuşyp geldi.

Papaklary ellerinde,
Gapydan sudlar geldi.
Halkyň ýarysy dik dur,
Oturanlar hüwwe galdy.

Garalawçy bir ýanda,
Bir tarapda aklawçy,
Sud başlygy, prokuror,
Her kim öz ornun aldy.

Sud özüniň ornunda,
Etjek işlerin bilýär.
Sonaň okuwçylary
Italmaza atuw diýýär.

— Atmaly-da, atmaly!
Gopgun dik asmana galýar.
Eli çagaly aýallaryň
Hemmesi atuw diýýär.

Italmazyň hossary,
Ylaýta-da Bike han,
Gözlerinden goýberýär
Ýaş ornuna gyzyl gan.

Kimler boýnun uzadyp,
Kimler omzaşyp barýar,
Kjmler gaýra çekilip,
Kimler has iler durýar.

— Ýuwaş! — diýip gygyryşyp,
Sudlar aýaga galdy.
— Ýoldaşlar! Besdir indi,
Başlamaga wagt boldy.

Halky ygtyýarna goýsaň,
— Bize beräýiň! — diýjek.
Oturan günäkärleriň
Etin çigligne iýjek.

Hemme eşidilýän sesler,
— Ýokary jeza!…
— Atuw!
— Hemmesini!…
— Ýok!…
— Italmazy!
— Ýeke…
— Şony…

Günäkärlerden sorag
Dogry ýedi gün çekdi.
Kilwan şaýat hökmünde
Gör, hanha orta çykdy…

Ak dony egnindedi,
Gyrawlap dur sakgaly,
Dym-dyrslak bolupdy,
Kilwan öňe çykaly:

— Gaýradan ýol bilen pyýada
Ýuwaş-ýuwaş ýöräp, köprä geldi,
Garaçy mal ýaly kürtdürip durup,
Öwrüldi-de yza tarap at saldy.

Näme syr bardygyn aňşyryp bilmän,
Duran ýerden pikir etmän ylgadym,
Gorkmak, titremek, aljyraňňylyk,
Zulum, niçik ölüm, men haýran galdym.

Hemme gaýratymy bir ýere toplap,
Gujaklap göterip, çete çykardym;
Alham bilen Kulhuallany okap.
Çök düşüp, biçäräň imanny öwürdim.

Näme etmeli diýen agyr sowalyň
Men öz-özüme jogabyn berdim,
Yhlas bilen çep gursagna gulagymy
Goýamda, gözümden ýaşym damdyrdym…

Şu sözlerin aýdyp durka kilwanyň
Hamsygyp, kemşerip, bogazy doldy.
— Besdir agam! — diýip, suduň başlygy
Ýoldaşlary bilen ýerinden galdy.

Halk ikä bölünip,
Bir tarapynda gözýaş,
Görüň kime degerkä
Dagdan togarlanýan daş?

Sabyrsyzlyk ýetişip,
Takat galmady ilde.
Geljek gelnalyjy ýaly,
Her kimiň gözi ýolda.

Birden sahnaň içine
Milisioner geldi.
Graždanlar!…- Sud gelýär!…
Hemme ýerinden galdy.

Halk aýak üstünde
Telpekler ellerinde,
Bürenjekli aýallar,
Ýaş çaga gollarynda.

Boldy dym-dyryslyk,
Häzir okaljak höküm.
Okyja-da mälimdir
Şatlanjak, aglajak kim.

— Höküm…!
SSSR adyndan,
Günäkärleriň işi
Halkyň çykmaz ýadyndan.

Näçe kagyz agdaryp,
Bir ýerde sakga durdy:
— Sud höküm edýär!…
Alkymyny galdyrdy.

— Gurban Çaşa sekiz ýyl,
Atana on ýyl jeza…
Italmaza garaşyp,
Halkdan çykmaýar seda.

Italmaz agzalanda
Tüpeňler şakyrt boldy.
— Iň ýokary jeza — atyw!…-
Daşyny naýza aldy.

Soňy.

Amandurdy ALAMYŞOW.

* Bu poema 1923-1924-nji ýyllarda bolup geçen wakalar esasynda ýazylypdyr Poemalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle