Söm-sömüñ
Söm-sömüñ
Onda-munda işleýärin diýse-de,
Ýokdur asyl belli käri söm-sömüñ.
Täze işe başlaýaryn diýse-de,
Ýalandyr sözüniñ bary söm-sömüñ.
Işlemeli bolsa gaçar zyp berip,
Hikir-hikir güler otyr lepberip,
Ara bozar, her kime bir gep berip,
Bolmaz belli dosty-ýary söm-sömüñ.
Bar zada eýedir bolsady ekip,
Ketje gürrüñ tapar içiñi ýakyp,
Aýalynyñ gazanjyna göz dikip,
Kölge söýüp ýatmak käri söm-sömüñ.
Garry enesini iberip işe,
Atasynam sermendirer hemişe,
Her ýerde paltasy degse-de daşa,
Bolmaz eken namys-ary söm-sömüñ.
Durmuş sili bilen joşup akmasa,
Ýeñlerini çyzgap, derin dökmese,
Deñ-duşlary ýaly zähmet çekmese,
Suratyny çeker Çary söm-sömüñ.
Çary GURBANGYLYJOW. Goşgular