Soltanmyrat şähere gidýär (Hekaýa)

Soltanmyrat şähere gidýär (Hekaýa)

Çingiz AÝTMATOW,
gyrgyz ýazyjysy

Ýap-ýaňyja okuwlar tamamlanyp, dynç alyş başlan badyna, kakasy şeýle diýdi:

— Şähere gidesiň gelýän bolsa, ýanym bilen alyp gideýinmi?

Şatlykdan ýaňa Soltanmyradyň tas dili tutulypdy. Ýogsa näme! Meniň bir çakdan bäri şähere gidesimiň gelýändigini kakam nädip bildikä! Bir gezegem şäherde bolup görmedim ahyryn. Halal saňa, gaty oňat!

— Ýöne sen munuň üçin gaty galmagal etme — diýip, kakasy haýbatlyrak gürledi. — Ýogsam jigiň şeýle bir galmagal turzar welin, hiç ýere-de gidip bilmersiň.

Bu, hakykatdanam, şeýle. Hajymyrat menden üç ýaş kiçi, özem hiç haçan, hiç bir zatda hakyny gidermez. Edil taýhar ýaly hötjet. Kakam öýdekä Hajymyrat sebäpli onuň ýanyna baryp bolanokdy. Ol hemişe kakamyň töwereginde aýlanar ýörerdi. Hamala, onuň ýeke özi bolup, beýlekiler hasap edilmeýän ýalydy. Iki gyz jigimiz has kiçidi. Olar kämahal aglaşyp kakamyň mähir-söýgüsini gazanardylar.

Kakasynyň ony öz ýany bilen şähere alyp gitjegini aýdan güni Soltanmyrat näme iş etjegini bilmedi. Sabyrsyzlykdan, şatlykdan ýaňa kükregi ýarylyp barýardy, ýöne ynha, ýaman ýeri bu barada hiç kime aýtmaga milt edip bilmedi. Syr saklamakdan ýaňa halys bolup, tas jany çykypdy. Ýöne şol gün ol hemişekilerinden has üýtgeşik, hemmeler bilen şeýle bir janypkeş, hoşamaý, şeýle bir aladaçyl we açykgöwünlidi. Hemme işleri bitirýärdi, hemme zada ýetişýärdi. Täze ýerde bakmak üçin göläni kement bilen tutdy. Mellekdäki ýeralmalary tommuklady, ejesine kir ýuwmaga kömekleşdi we palçyga ýykylan iň kiçi Almataýyň el-ýüzünem ýuwdy we ýene-de ençeme işleri edişdirdi. Gepiň gysgasy, ol şol gün şeýle bir yhlaslydy welin, hatda ejesem saklanyp bilmän, başyny ikibaka yralap, pyňkyryp goýberdi.

— Saňa nä döw çaldy? — diýip, ol gizlin ýylgyrdy. — Hemişe şeýle bolsadyň, ine, bagt diýlen zat! Göz degäýmäwersin! Belki, seni şähere goýbermeris? Sen meniň başarjaň, jan ýaly gowy kömekçim ahyryn.

Ol muny ýöne gepiň gerdişine görä aýdaýdy. Özi bolsa hamyr ýugurdy, ýol üçin çörek bişirdi we dürli tagamlary taýýarlady, ýagy hem eredip, çüýşä gaplady.

Agşamara howluda, ýabyň ýakasynda, alma agajynyň saýasynda tutuş maşgala bolup, gyzgyn nan bilen gaýmak iýip, semawarda çaý içdiler.

Kakam jigilerimiň arasynda otyrdy, bir ýanynda Hajymyrat, beýleki ýanynda gyzjagazlar.

Ejeleri çaý guýup berýärdi, Soltanmyrat käseleri äberýärdi, semawara kömür salýardy. Ol bu işleri uly höwes bilen edýärdi. Özi bolsa ertir şäherde boljakdygy hakda oýlanýardy.

Kakasy oňa iki gezek göz gypyp goýberdi. Ýöne doganynyň gözüniň öňünde sadasyran boldy. Ol çaý owurtlap oturyşyna kiçi ogluna ýüzlendi:

— Hajymyrat, sen näme henizem Garaýallyňa baş öwredeňokmy?

— Ýok, atam — diýip, Hajymyrat zeýrenip başlady. — Ol ýaramaz gylykly bolup çykdy. Güjüjek ýaly meň yzyma düşüp ýör. Men ony iýmleýän, suwa ýakýan. Ol bir ýola ýorgalap, mekdebe-de geläýipdir. Men arakesmä çykýançam penjiräniň aňyrsynda dur, ony tutuş synp gördi. Üstüne bolsa mündürenok, münäýseňem şobada ýykyp taşlaýar, üstesine-de toýnak salýar…

— Oňa mazalyja münüş öwretmek üçin saňa kömek eder ýaly adam ýokmy? — diýip, kakasy maslahat berdi.

— Ony men başararyn — diýip, Soltanmyrat bu işe döwtalapdygyny mälim etdi. — Hökman özüm baş öwrederin…

— Ýaşa! — diýip, kiçi dogany tarsa ýerinden turdy. — Ýör, gideli!

— Hany, otur ýeriňde — diýip, ejesi onuň sussuny basdy. — Alňasama. Adam ýaly oturyp çaý içiň, şondan soňam ýetişersiňiz.

Gürrüň Hajymyradyň gowy görýän ikiýaşar taýharjygy baradady. Ony öten ýylyň ýazynda daýylary Nurgazy çagalara sowgat beripdi.Tomsa çenli ol ulaldy, daýawlandy. Gaňňa we işe öwrenişdirmek üçin uzyn gulaga baş öwretmegiň wagty gelipdi. Öý hojalygynda kä haraza, kä oduna gitmek, käte-de ownuk-uşak zatlary getirmek üçin şular ýaly taýhar hemişe-de gerek ahyryn. Şonuň üçinem daýylary ony sowgat edipdi. Ýöne ilkinji günlerden başlap, oňa Hajymyrat eýeçilik etdi. Galmagalçy hem keçjal oglanjyk taýhary şeýle bir alada bilen gurşap aldy welin, onuň ýanyna barar ýaly däldi. Sähel bir zat aýtsaň: «taýhara degmäň» diýýärdi. «Ony özüm iýmlärin, suwa-da ýakaryn». Bir ýola doganlar şonuň üçin ýakalaşdylaram. Ejeleri oglanlaryň ulusynyň temmisini berdi, sebäbi ol jigisini ynjydypdy. Soltanmyrat şondan bäri göwnünde kine saklap gelýärdi. Taýhara baş öwretmegiň wagty gelende, bu işiň ussady bolmagyna garamazdan, ol mundan boýun gaçyrdy. «Eger ol seniňki bolsa, özüň münüş öwrediber, maňa ýüz tutma, meň işim däl».

Çaýdan soň kakasy bilen mellegiň aňyrsyndaky çemenlige gitdiler. Ilkibada ähli daşlary çöplediler-de, has daşraga zyňdylar. Soňra Garaýallyny nogtaladylar. Hajymyrat öz taýharyny dabara bilen şeýle atlandyrýardy. Kakasy Garaýallynyň gulagyndan tutdy, Soltanmyrat ýeserlik bilen kellekini geýdirdi.

Soňra bilini pugta guşady, öňde duran iş ýeňil-ýelpaý zat däldi. Dessine sirk oýny başlandy. Garaýally Hajymyradyň garamagynda erkin ýaşan wagtlary ýaramaz endigi edinmäge-de ýetişen eken. Derrew depmäge, art aýaklary bilen toýnak salmaga, iki tarapa urunmaga başlady. Bu hilegär janawar eýýäm üstünde oturany nädip ýykyp goýbermelidiginem bilýärdi. Çak edişimiz ýaly bolmady. Soltanmyrat ýykyldy, emma alňasamady, şobada ýerinden galyp, ylgap barýarka böküp, Garaýallynyň gerşine garnyny goýup, gaňňanyň üstünde peýda boldy. Taýhar ýene kesirligine tutdy, ol ýene ýykyldy, ýene-de synanyşyk…

Hä diýmän Garaýally birneme köşeşip, boýun synyp başlady. Ol özünden näme talap edilýändigine düşündi. ýörüşini haýallatdy, gorgunyna çapdy, aýlanyp hem göni ýöräp başlady…

— Hany, indi mün taýharyňa — diýip, Soltanmyrat jigisini çagyrdy.

— Hemmesi oňat, gidiber.

Hajymyrat buýsançdan ýaňa çym gyzyl boldy, ökjesi bilen Garaýallynyň böwrüne debsiledi,

ikibaka gezmeletdi. Onuň başarjaň agasynyň bardygyny indi hemmeler gördüler, muňa neneň öwünmejek.

Agşam düşendigine garamazdan, daşary entek ýagtydy, uzak wagtlap iňrik garalmady. Öýe ýadaw, ýöne hoşal halda dolanyp geldiler. Hajymyrat ejesine görünmek üçin Garaýallynyň üstünde howla girdi.

Şondan soň ol hiç bir zady güman etmän, dessine uka gitdi. Soltanmyradyň bolsa gözüne uky gelmedi. Ol ertir nähili şäherde boljagy, ol ýerde nämeleri görjegi, nämeleriň garaşýandygy hakda oýlandy. Ymyzganyp barýarka, ejesi bilen kakasynyň ýuwaşja gepleşýändigini eşitdi.

Soltanmyrat süýji uka batdy, onuň üçin ene-atasynyň özara assaja gürrüňlerem juda ýakymlydy, ir säherde kakasy bilen ýola düşmelidigi hakda oýlanmak bolsa, has ýakymlydy…

Kakasynyň egnine elini degrip, gulagyna ýuwaşjadan:

— Soltanmyrat, tur, gideli — diýende, ol birdenkä oýandy.

Ýatan ýerinden böküp turmazdan öňürti, bir dem kakasynyň gulagyna degren çotga ýaly gaty murtuna we özüne aýdan sözlerine bolan mähirliligiň hem minnetdarlygyň tolkunynyň kalbyny gurşap alandygyny duýdy.

Olar ejesi bilen hoşlaşyp, howludan çykansoň, nebit daşaýan paýtun şakyrdap içi daşly giň, suwly ýabyň içinden geçen mahaly, onuň ýüregi gürsüldedi, atlaryň toýnaklarynyň astyndan syçraýan damjalardan hem şatlykdan tisginip, birneme ýygryldy we düýşünde däl-de, oýalykda şähere barýandygyna düşündi.

Ýol depeleriň üsti bilen sähralyga — uzakdan görünýän melewşe reňkli pesräk daglara sary barýardy. Alysdan görünýän şol daglaryň aňyrsynda Jambyl şäheri ýerleşýärdi. Olaryň ýoly şo tarapady. Ýolda garşylanan şol säher Soltanmyradyň kalbynda ýakymly, şatlykly duýgulary oýardy.

— Ýeri, nähili, oýandyňmy? — diýip, kakasy bälçiredi.

— Bireýýäm ukudan açyldym — diýip, ogly jogap gaýtardy.

— Onda, hany, tut — diýip, ol jylawy oňa geçirdi.

Soltanmyrat hoşallyk bilen ýylgyrdy; ol şu pursada sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Özi haýyş etse-de boljakdy, ýöne jylawy kakamyň özi ynam edip berse, has gowy, bu saňa paýtuny haýsydyr bir ýerde däl-de, uly ýolda sürmegi ynanmak ahyryn.

Atlar jylawyň başga biriniň eline geçenini duýdular, närazylyk bilen gulaklaryny ýapyrdylar we kesirlik edip uruşmakçy bolýan ýaly, ýorgalap barýarkalar biri-birini dişlediler. Ýöne Soltanmyrat şobada özüniň bardygyny bildirip, erjellik bilen jylawlary dartyp goýberdi-de, gygyrdy:

— Eý, siz! Akylly boluň!

Eger adamyň bagty diňe häzirki wagtda bolup, ol geçen ýa-da geljek wagtda bolmaýan bolsa, onda şol gün, şol syýahatda Soltanmyrat ony doly başdan geçiripdi. Şol gün onuň keýpi haýsydyr bir zat üçin sähelçe wagtam bozulmady.

Ol kakasynyň ýanynda oturyşyna, özüni çäksiz bagtly saýýardy. Bu ýakymly oý-hyýallar ýoluň ugrunda-da onuň serinden çykmady. Garşydan gelýän atlylar we arabalar, kähalatlarda atlaryň ýüzüne degäýjek-degäýjek bolup, çalasynlyk bilen iki ýana uçup geçýän, ýol ýakasyndaky garlawaçlar — bu zatlaryň ählisi ajaýyp bir gözellikdi. Ýöne ol bu zatlar hakda oýlanmaýardy, çünki bagtyň bar wagty ol hakda pikir edilmeýär. Ol dünýäniň gurluşynyň mundan zyýat bolup bilmejegine düşündi. Onuň kakasy-da şonuň ýaly, ondan gowy bolup bilmez.

Tiz wagtdan şäher eteklerindäki baglar görnüp başlady, ýoluň hereketi köpeldi. Şu halatda kakasy jylawy ýene öz eline aldy. Dogry hem etdi. Indi Soltanmyradyň jylawa-da, atlara-da ünsi çekilmeýärdi. Olar şähere girip barýardy. Onuň şowhunly sesleri, reňkleri we yslary bar zady gurşap alýardy. Edil alaga-da daşgynly akyma oklanan dek, ol seni aýlandyryp, tolkunlarynda ýokaryk bökdürip alyp barýan ýalydy.

Ine, şol bagtly gün onuň üçin dünýäde hiç bir kese nesip etmedik şowly gün boldy. Atçaparda, Jambylyň uly mal bazaryna göçme haýwanat bagy gelen eken. Munuň beýle gabat geläýşini diýsene, adam ilkinji gezek şähere gelýär, bu ýerde bolsa heniz görülmedik jandarlary getiren haýwanat bagy, üstesine-de, aýlanýan hiňňildik, ýene-de, ýoýup görkezýän aýnalaryň attraksiony!..

Gülki otagyna ol üç sapar girdi. Gülüp hezil edinensoň, köşeşýär-de, ýene şol ýere, elhenç hem ýoýup görkezýän aýnalaryň otagyna girýär. Gör nähili ýüzler! Gör nähili zatlar! Bütin ömrüňde oýlansaň hem şunuň ýaly zady toslap bilmersiň. Bäh, haýran galaýmaly!..

Soňra söwda hatarlaryna, dükanlara, esasanam, haýwanat bagyna aýlanyp gördüler. Mähelläniň arasynda iteleşip, hemme kapasalary we agyllary gördüler. Pil, aýylar, maýmynlar, kiçijik maýmynjyklar, näme diýseň bar…

Soltanmyradyň aýratyn ýadynda galan haýwan, häli-şindi agramyny bir aýagyndan beýleki aýagyna geçirip, holtumyny bulaýlaýan, çalymtyk-kül reňkli depe ýaly äpet pildi. Muňa serediň-ä! Adamlar agyzlaryny öweldip, pile seredýärdiler we her dürli ertekijikleri aýdýardylar. «Ol syçandan gorkýar. Oň gaharyny getirmek bolmaýar. Alla görkezmesin, zynjyryndan boşanaýsa, tutuş şäheri ýumrup kül-owram eder». Bu gürrüňleriň ählisinden Soltanmyrada has ýarany — bir özbek gojasynyň pil hakda aýdyp beren hekaýaty boldy. Ol şeýle diýdi: «Pil janawar dünýäde iň akylly haýwandyr. Ol tokaýçylyk işlerinde holtumy bilen äpet pürsleri galdyrýar. Mundan başga-da, eger çaganyň üstüne ýylan ýa-da haýsydyr bir howp abanyp, edil şol wagtam golaý ýerde uly adam bolmasa, ony holtumy bilen ýokaryk galdyryp, halas edýär».

Şeýle gürrüňleri kakasy hem halady. Ol haýran galmak bilen başyny iki ýana yralap, juk-juk edip durşuna, her sapar ogluna ýüzlenip şeýle diýýärdi: «Eşitdiňmi? Dünýäde, gör, nähili täsinlikler bar!».

Soňra kakasy ony howlukdyryp başlady: stansiýa, nebit bazasyna ýetişmeli, çelekleri dolduryp, yzymyza tarap ýola düşmeli. Eýýäm wagt gijikdi. Olar nebit baza gelenlerinde, dogrudanam, gün agşama ýakynlap barýardy. Ol ýerden çykyp, ýolugruna şäheriň gyrasyndaky çaýhanadan palaw iýdiler-de, ýene yza dolandylar.

Agşamyň alagaraňkylygynda şäher etegindäki baglardan çykyp, gündizki şähere gelen ýollaryna düşdüler. Tomus otlarynyň ysyna gaplanan, agşamky howa maýyldy. Ýol gyrasyndaky ýaplarda gurbagalar gurruldaşýardy. Atlar sazlaşykly ýöreýärdi: doly çelekler bilen çapyp gidäýmek gaty aňsat däl ahyryn. Soltanmyrady kem-kemden uky basmarlap ugrady. Ýadan bolmaly. Neneň ýadamajak, hemme günler bir ýana, şu günem bir ýana ahyryn! Haýp ýeri, paýtunyň üstünde süýnüp, uka gider ýaly ýer ýokdy. Onuň şeýle bir ukusy tutýardy welin, heý goýaý. Soltanmyrat kakasynyň egnine başyny goýdy-da, hamala, hiç zat bolmadyk ýaly uka gitdi. Wagtal-wagtal çarkandakly ýollarda oýanýardy we ýene-de ukynyň emrine boýun bolýardy. Uka gitmezinden öňürti, her gezek oýlanmaga-da ýetişýärdi: «Dünýäde kakalaryň barlygy, gör, nähili oňat». Onuň üçin kakasynyň gujurly gerdeni rahat hem ygtybarlydy. Paýtun şakyrdaýardy we jygyldaýardy, atlar bolsa dükürdeşip barýardy.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle