Şol ýylyň bahary (Hekaýa)
Biz adatça ömrümiziň bezegine öwrülip giden wakalary hälimi-şindi ýatlap ýörýäris. Şol pursatyň süýjülikleri bilen ýaşaýarys. Özümde-de şeýle. Çagalyk, mekdep ýyllarym bilen baglanyşykly ýatlamalar ýyllaryň täsiri bilenem öz datlylygyny ýitirenok. Näme üçindir, meniň kalbymda has ýiti täsirini galdyran ýatlamalaryň köpüsi bahar pasly bilen baglanyşykly. Hersinde özüm üçin bir mähriban ynsan ýaşaýan, ýyllaryň aňyrsynda galsa-da, ýaz paslyndan alan görkanalygyny ýitirmän gelýän pursatlary ýatlap ýörşüme, talyplyk dünýäsinde dowam edýän durmuşymyň özi bahara meňzäp gidipdir.
Köplenç bahar paslyny eneler, gelin-gyzlar bilen baglanyşdyrýarlar. Şonuň üçinem bu pasyldaky ýatlamalaryň içini hem şol mähriban zenanlaryň keşbi bilen bezeýärler. Men welin bahar pasly, esasanam, bahar baýramy barada gürrüň orta çykanda, ilki bilen, gözümiň öňüne… Gowusy, ähli zady başdan gürrüň bereýin.
Kitaba, ylaýta-da, şygyrlar hazynasy bolan ýygyndylara bolan söýgim çagalyk döwrümde döräpdi. Gazet-žurnal elime düşdügi içinden täze goşgy gözlärdim. Onsoň ýüreginde şolar ýaly ullakan söýgi ýaşaýan gyzyň orta mekdebiň soňky synplaryna barýança ýüzlerçe goşgyny ýatdan bilýändigi barada aýtsam, geň gören bolar öýdemok. Ýöne soňky wagtlar özümiňem goşgy ýazmaga synanyşyp ugrandygymy bir-ä öýümizdäkiler, birem dil-edebiýat mugallymymyz bilýärdi. (Men düzmämde öz ýazan goşgymy sözbaşy hökmünde getiripdim.) Hut şonuň üçinem Halkara zenanlar baýramyna bagyşlanan dabara taýýarlyk görlüp başlananda, goşgy okap çykyş etmekligi mugallymymyzyň maňa däl-de, beýleki synpdaşlarymyza tabşyrmagyny aňyma hem ýüregime sygdyryp bilmändim. Birbada mugallym ýadyndan çykarandyr diýip göwnümi aldadym, ýöne günler geçse-de, maňa goşgy tabşyrylanokdy.
Dil-edebiýat mugallymymyzyň meni çagyrýandygyny aýdanlarynda begenişimi bir görsediňiz. Onuň ýanyna guş bolup uçup barşyma tabşyrjak goşgusyny ýatdan bilýändigim-bilmeýändigim barada pikir edýän. «Bilmesemem, ertire çenli näçe bent bolsa-da ýat tutaryn» diýip, içimden göwün ýüwürdýärin. Mugallymyň ýanynda dabarada goşgy okamaly iki synpdaşymyňam bardygyny görüb-ä edip gelýän pikirimiň dogrudygyna doly ynandym.
— Goşgy okap çykyş etmelilerimiz-ä halys ýetişenoklar — diýip, mugallym maňa ýüzlendi. — Şonuň üçinem seniň kömegiň gerek boljak.
Näler: «Bor, mugallym, näçe bent ýat tutmalam bolsa, tutarynam, ýetişerinem» diýesim gelýär welin, tolgunyp, hiç zat gürläp bilmän baş atdym. Mugallymyň soňky sözleri meniň ojagaz ýagdaýymdanam nam-nyşan goýmady:
— Ýat tutupdyrlaram welin, okaýyşlaryny gowşak görýän. Başga birine tabşyraýyn diýsemem, wagt az. Özüň şulara labyzly, täsirli okamagy öwret. Okuwdan soňam galyp taýýarlanyň.
Türkmen dili we edebiýat otagyndan nädip çykyp gaýdanymy bilemok. Köp goşgy bilýänimi, şygyr düzýänimi bilse-de, näme üçin beýdýändigine hiç düşünmedim, onda-da mugallymyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin jan etdim.
Baýram günem gelip ýetdi. Ýöne meniň dabara bilen serim ýokdy. Ilkinji gezek mekdep dabarasynda goşgy okamaýandygym baradaky pikirler şeýle bir göwnümi çökeripdi welin, hatda her ýylky edişim ýaly, howlymyzdaky güllerden Bahar baýramyna mugallymlarymyza çemen bogup gelmegi-de unudaýypdyryn. Eli gülli synpdaşlarymyzy görenimde, öz bolşuma diýseň utandym. Indi meniň bar pikirim dabara tamamlanmanka, nädip wagt tapyp, öýe gidip, çemen alyp gelmek baradady.
Dabaranyň wagty barha golaýlaýardy. Çykyş etjek okuwçylar bolup türkmen dili we edebiýaty otagyna ýygnandyk. Şonda mugallymyň maňa ýüzlenip, bahar barada goşgy bilýänimi-bilmeýänimi soranyndaky ýagdaýymy dil bilenem, ýazybam düşündirip bolar öýdemok. «Ilki bilen sen goşgy okamalysyň» diýlen sözler gulagymda süýji mukam bolup ýaňlanypdy.
Dabara başlandy. Men bahar baradaky goşgyny şeýle bir joşup aýtdym welin, damagym dolup, tas aglapdym. Soň aýdyşlaryna görä, meniň ýagdaýym oturanlara-da täsir edipdir.
Dabara gutaransoň mugallym meni gowy çykyş etmegim bilen gutlady-da:
— Seniň şygryýete söýgiň barada bilşim ýaly, häsiýetiňe-de beled-ä men — diýip, mähirli ýylgyrdy. — A sen menden öýkeläp ýörsüň. Şular ýaly ýagdaýa salmadyk bolsam, goşgyny beýle gowy okamazdyň. Bar yhlasyňy, hyjuwyňy, joşgunyňy taýýarlyk döwrüne sarp ederdiň.
Şol wagtam gül almaga öýe gitmelidigim ýadyma düşdi. Garma-gürmelikden peýdalanyp, ylgap diýen ýaly daşaryk çykdym. Mekdebimiziň uly derwezesine golaýlanymdanam, gyrada, oturgyçda oturan, gujagy gülden doly atama gözüm düşdi. Doňup galypdyryn. Ol gözümiň öňünde hemişelik galan mähriban ýylgyryşy bilen ýanyma geldi-de, gülleri maňa uzatdy.
Hawa, köplenç bahar pasly baradaky ýatlamalary eneler, gelin-gyzlar bilen baglanyşdyrýarlar. Meniň welin bahar baýramy diýlende, gözümiň öňüne eli çemenli, mekdebimiziň girelgesine golaýrakdaky oturgyçda, meni gynandyrmajak bolup ýörite ýygyp gelen güllerini gujaklap, mähirli ýylgyryp oturan atamyň mähriban keşbi gelýär.