|

Şol işandan

Şol işandan ŞOL IŞANDAN

Şol işandan

Saman diýip aldym jary,
Gyzgan çykdy gylla ýary,
Içim ýandy şondan bäri,
Menem gorkdum şol işandan.

Her iş etseñ bolsun şowy,
Ýeññesiniñ ady Towy,
Hälem bolsa Begli gowy,
Menem gorkdum şol işandan.

Saman diýip jaryn satdy,
Süýthorlugyñ ýolun tutdy,
Şeýdip lebzin haram etdi,
Menem gorkdum şol işandan.

Ýanaşany çürkýär eken,
Hem ýaman söz pürkýär eken,
Hemme adam gorkýar eken,
Menem gorkdum şol işandan.

Mämmetguly (1868-1931). Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle