|

Sokrata ýüzlenme

Sokrata ýüzlenme

SOKRATA ÝÜZLENME

Sen beýik alym Sokrat!
Şeýle diýipsiň!
“Sen hökman öýlengin, oturma busup!
Gowy zenan duşsa bolarsyň bagtly,
Erbedine duşsaň borsuň filosof…”

Näbelli “x”-dyr zenan dünýäsi,
Bir şadyýan, birem barýandyr tasap.
Çäýnege atylan atym çaý aýal,
Ýuwan, ajy bilip bolmaz alňasap.

Süýegiňden dyňzap çyksa-da gahryň,
Ondan rüstem gelsin zenan sarpasy.
Boýnuňdan gujaklan mähirli eller,
Bolup biler halas ediş halkasy.

Ýazyklymyň..?
Hergiz-hergiz gürleme!
Gürledigiň, gürrüňsiz gep başysyň.
Aýal duýgur bolýar, duýýarlar olar,
Göze görnüp duranyndan başgasyn.

Diýiber    
näzlijäm,
garamyk gözlim,
Gaşlaryň ýaý kimin,    
zülpleriň syýa.
Ýagşy sözüň egisäýseň bir pursat,
Duluňda turuzar rewelýusiýa.

Bir zat soradygy bitirgin derhal,
Ýogsa, gaňryp aljagyny bilýäňmi?!
Zenan bir owadan tuty penjire,
Soň dolanyp görmersiň bu dünýäni.

Erkekleriň gözün gapmaklyk üçin,
Kirpiklerne ýadaman reňk çalýarlar.
Zenan bolmak gaty kyndyr, sebäbi,
Olar erkek bilen iş salyşýarlar.

Adamyň elinde dünýäň bar zady,
Adam welin zenanlaryň elinde.
Erkek gündiz dolandyrsa dünýäni,
Bu dolanşyk gije zenan elinde.

…Eý, beýik akyldar! – 
Eý, alym Sokrat!
Pähmiňe eýgerdim, gezmedim busup!
Ýöne, aýt, sen maňa gözüme bak-da,
Mendenem çykarmy sen deý filosof?!

Azymberdi KAKAÝEW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle