|

Sokkoky we onuñ gazallary

Sokkoky we onuñ gazallary

SOKKOKY

Sokkoky çagataýça eser döreden beýik şahyrlaryň biridir. Onuň ýaşan ýeri, doglan wagty barada maglumat galmandyr. Onuň kasydalary  timuridly hökümdarlaryndan  bolan Halyl Soltan bilen (1405- 14 09)  Ulugbege, (1447-1449) we beýik döwlet adamsy wezir Arslan Hoja-Tarhana bagyşlanandygyndan çen tutsaň, onuň  XIV asyryň birinji  XV asyryň ikinji ýarymynda ýaşap  geçendigini  aýtmak bolar.
Alyşir  Nowaýynyň „Mejalisi-Nefasy“atly işiniň ikinji mejlisinde ýazmagyna görä, Sokkoky  Mawerennahrden   bolup, onuň   şygyrlary  Samarkanda uly şöhrat getiripdir.
Ol timuridleriň köşk şahyry derejesine çenli ösüpdir.
Sokkokiniň  durmuşy, ykbaly barada maglumatyň ýoklugy ýaly, onuň bu dünýäden gaýdan wagty barada hem maglumat galmandyr. Sokkoky  „Ulugbek baradaky öwgütler „ atly kasydasynda Ulugbekiň  beýik  şa bolmak bilen, halkyna hakyky hossar bolandygyny, onuň howandarlygynda halkynyň  bagtly we  arkaýyn ýaşandygyny beýan edýär.
“Ulugbek barada öwgülerden parçalar ” atly 34 bentden ybarat kasydasyny we “Arslan hoja Tarhana” bagyşlanan kasydalaryny mysal getirmek bolar.
Ýeri gelende, Arslan hoja tarhanyň  Ulugbekiň uly emirleriniň biri bolup, halka eden sahawatly  işleri üçin şa tarapyndan  oňa “Azat şanyň buýruklaryndan gadagan etmelerinden azat “ dien at berlen emir bolupdyr.

***

▶ SOKKOKINIÑ KASYDALARYNDAN

Jahandan gitdi teşwüşi, megerem, ol aman geldi,
 Halaýyk, hoş boluň bu gün, yzbassyr, ýaldyran geldi.

Paý  aldy bu ulus barca,onuň dek jan bar, ýa ýok,
Bihamdullah, peýda içre ol paýara jan geldi. 

Bu towkyp geçdi- sürmesi tapylmaz indi berseň jan,
Göz bilen görseň, Hak syran- Kimlere hoş reýgon geldi.

Älem dek begleriň başy, gamda  bolup  galsa,
Kim olara tekýe kylar, bu gutly astan geldi.

Jahandan Arzaman gidip, ýok boldy tamam jyns,
Kim ol tagtyny göterip, Süleýmany zaman geldi.

Gutaryp tagtyň gadyry, özün göge taşlady,
Adalat begi ýaşyl  boldy,Ol Nowşirwan geldi.

Raýat — goýundy, soltan oňa çopanda- böri,
Böri gaçyp,  goýun dyndy, ol Musa gek çopan geldi.

Şol günden soň, kän dyndy raýatlar beladan,
 Ulus hakda, müň dürli, azapçyl, mähriban geldi.

Köňüller boldy hoş-röwşen, göripler galmady  bir zerre,
Hossarsyzlyk haly gidip, hurşydy zaman geldi.

Buýsanyň hysraw  illeri, Beýik soltan Ulugbek kim?
Jahangir Şahruh beg dek, şahy Hysraw nyşan geldi…

             * * *

Seçipdir zülpüni ýüze, onuň ähtine ýok zulum,
 Olaryň gözünde galan, meger türk elleri ýagma.

Rubably ud yşkynda  meger nagralar döker,
Ýük erse, ýük bolar, bu dünýä döküban  uly nagara.

Jahandan nähak aýş geçdi, Dünýä agyr ýük, meger dem-dem.
Sarohy sokudyn kylar, nähak gan dökdi diýp dama.

Pelegiň zarbyna bagtyny  lukma eýleýip, kylyban zam,
Şahyn şaha pelek kimdir, seniň deý nşa döwründe.

Munuň dek  köp jepa kylan, munuň dek hassa jana,
Jahangir Şahruh beg dek, şahy hysraw nyşan geldi…

***

    Sokkonynyň  “ Arslan hoja  tarhana bagyşlanan kasydalardan  parçalar“ atly 34 bentden ybarat  kasydasynda bolsa Beýik  hökümdar Ulugbekiň uly emirlerinden bolan Arslan Hojanyň  döwlet, il  meselesinde beýik şanyň sag eli bolup halka howandarlyk edendigi beýan edilip:

Elde Musa hasasy, görkezip naýzany,
 Açyp manysyn içinde-de aždarha,

Ýene  bu  mujyza görkezen, meniň zehinim,
 Şygyrda syhp aýdardy, görkezip  , ýaman  baýzo.

Sypaty içre akyl, düzdi merwerid,
Jahan içinde onuň  ýok her birinr baha.

Müň asyry ber sen ol zamandan bu maňa,
Dagy, bir ikinji ýatsa, we aýtsa bu  suara.

Meniň bu zerre didarym, eräp galdy mähriňden,
Jahanda söz kibi gadry tapdy a:ara…“

— diýip ýazypdyr.

 Biz bu beýik şahyryň  birnäçe kasydasyny  hödürlemegi makul bildik.
 

▶ Arslan hoja tarhana bagyşlanan
 kasydalardan parçalar

Elde Musa hasasy, görkezip naýzany,
 Açyp manysyn içinde-de aždarha,

Ýene  bu  mujyza görkezen, meniň zehinim,
 Şygyrda syhp aýdardy, görkezip  , ýaman  baýzo.

Sypaty içre akyl, düzdi merwerid,
Jahan içinde onuň  ýok her birinr baha.

Müň asyry ber sen ol zamandan bu maňa,
Dagy, bir ikinji ýatsa, we aýtsa bu  suara.

Meniň bu zerre didarym, eräp galdy mähriňden,
Jahanda söz kibi gadry tapdy a:ara.

Galamymda kylar erdi, onuň şeker labyzy,
Dilio many beýan etse, totudyr göýä.

***

Eý pelek çarh urgul, ykbal oldy ýüzüň dek nikap,
Çyn bagt  ganymyndan baş göterdi afytap.

Ol gündogar burçunda dogdy bir Humaýun ahtary,
Kim ýurdy nury birle, hany barça şabab.

Ýok latofat, gülşeninden gunça bulgury gül-e,
Gül çemeni içre onuň ýylgyrmasy boldy gülap.

Soltanat bostany içre, egmiş didaryn serwi pudagy,
Saýasy bolmuş jahan, osaýyş  kylmaň şitow.

Siz , görüň haý-haý diýere, bolar ol bir şergab,
Bu welaýatdan şatlandy, halky älem barçasy.

Hossa, Türküstan eli, toby bir mäliki zukaw,
Hak ony döwlet birle, bakyýa peýanda tutup.

Görmesin bu hanada, döwrüň pelegiň ynkylab,
Dembe-dem saýraşarlar  Sokkony şygryndan gazal,

Hoş ukuly çeker tozun, ikinip dürri hoş-ow.
Kim ýurdy nury birle, hany barça şabab.

Hut, garaz, gitdi melamat, kylsa mahtumy jahan,
Osifi jam astyny Jamy roý-u komýow.

Men iýikde gulduryn men, zyýafatlayň köňli dek,
Sypasňyz işikleriň halyna boldy sogap.

                       
Taýýarlan: Öwezdurdy NEPESOW,
filologiýa ylymlarynyñ doktory.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle