Skleroz
Skleroz
— Aý-u, eglendiňle beýle, otagdan çykman,
Aýdyp otur, hany, nä diýdi lukman?
— Aý, keýwany, oň-a iki aýdan zady bar,
Bir ýakymly, birem ýakymsyz habar.
Haýsyndan başlaýyn, sen aýt, ilki,
Duýgydaşlyk edip bilersiň belki!
— Ýakymsyzyn ilki aýt bakaly,
Ne bela ol, külpetli ýa hataly?!
— Skleroz diýilýän kesel sataşan,
Ýatkeşlik ýok, damarlarym bitişen.
— Lukmansyzam bilýäs ýatkeş däldigiň,
Bol, aýt indi hoş habaryň nädigin!
— Aýtsam neme diýdi, neme, soň ýene…
Wah, näme-daý, ýada düşse diýsene!
Bolmaz indi oýlap azap çekenim,
Ýakymlydan başlamaly ekenim!
2017 ý. Goşgular