|

Singapur nakyllary

Singapur nakyllary SINGAPUR NAKYLLARY

• Akyllam, akmagam ukusyz ýaşap bilmez.
• Ala sygryňam süýdi ak.
• Almaz almaz bilen kesiler.
• Altyny peçe atsaňam, reňkini üýtgetmez.
• Aýal — öýüň iň gowy bezegi.
• Çeni bilen iýseň, dok bolarsyň.
• Derýany ýüzüp geçene howdanyň howpy ýok.
• Dokmaçy nähili bolsa, matasy hem şonuň ýalydyr.
• Ähli görünýän zatlar hemişelik däldir.
• Gahrymany ýeňiş döredýär.
• Garga üçin çagasy tylladan ýasalan ýalydyr.
• Hakykatyň güýçsüz ýerinde ýalan söz kömek etmez.
• Haşal otuňam peýdasy bardyr.
• Her bir ýylpyldaýan zat tylla däldir.
• Her kimem bir gezek ýalan sözländir.
• Köp aglaýan çaga köp süýt emer.
• Lukman özüni bejermez.
• Oduň haýsy tarapyndan barsaňam, ahyry ýakar.
• Oglam enesine görä bolar.
• Öýlenmekçi bolsaň, gelinligiň ejesini tana.
• Pamyk ot bilen oňuşmaz.
• Pişige — oýun, syçana — jebir.
• Sebäpsiz gamgynlyk bolmaz.
• Suw aşak akar.
• Sygyr satyn aljak bolsaň, onuň süýdüni dadyp gör.
• Tüsse bar ýerinde ot bardyr.
• Un tapylsa, gyzzyrma bolar.

Rusçadan terjime eden Hojaberdi HOJADOW. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle