Seýrekleşip barýan görme-görüşler (He­ka­ýa)

Seýrekleşip barýan görme-görüşler (He­ka­ýa)

Iwan UHANOW,
rus ýazyjysy

I

Ýewdokiýa Nikitiçnanyň baryp irdenki nähoşluk tapyşydy, ýöne duýdansyz üstüni basan dertden saplanmak üçin howluda gydyrdanyp ýördi — ilki towuklara iým berdi, soňra ýerzeminjige girip, şol ýerdäki kelem duzlanýan çelegi ýuwdy, howlujygyny-da syryp-süpürdi… Dura-bara süňňi ýeňlär öýdýärdi, ýöne o çaky çykmady, gaýtam Ýewdokiýa Nikitiçna gerdenine iner ýüki urlup, onam, hamala, zordan göterip gelýän ýalydy, tutuş endam-janyny saňňyldy gaplap alypdy. Aşa agyr ýüke döz gelmedik mysaly, ýüregi ýygy-ýygydan, üstesine, ýalbarýan şekilli agyr-agyr gürsüldeýärdi.

Her niçik-de bolsa, Ýewdokiýa Nikitiçna ýan bererli, basylarly däldi, öz tejribesinden bilipjik durdy, keseli başyna goýberdigiň bes, tapdan düşürmän, çökermän goýmaz. Ýorgan-düşekli ýatdygyň-a gutardy, derdiň öňküdenem beter güýjär…

…Günorta şamyndan soň geýim-gejimlerini ýuwmak üçin gazda suw gyzdyrdy, suwly pitini aýyrjak bolan mahaly biline agram saldy, ana, şonda birden bedeninde nämedir bir zat üzülip gidene döndi, çep tarapky çekgesini-de ýyldyrym çirkizen dek boldy. Ýewdokiýa Nikitiçna diwardan syrylyp, gös-göni ýere dökülen ýyljak suwuň üstüne gaýtdy.

«Eý, Hudaý, maňa nämeler bolup ýör?» diýip, ol hem geň galyp, hemem dowla düşüp, ýerinden galmaga çytraşdy, ýöne göwresi diýen etmedi.

Ýewdokiýa Nikitiçnanyň ortanjy ogly Alekseý Dýugaýew ejesiniň öýüne gulluk «Wolgasy» bilen geldi, howluda duran ap-ak «tiz kömek» ulagyny görübem, sürüjisine idin berdi: «Hany, sen gidibersene, görýän welin, bärde entejik eglenmeli boljak ýaly».

Ol öýe girdi, o taýda jemende bary üýşüpdi, ýöne içeri asudalykdy, munça märeke üýşen ýerde şeýle imisalalygyň bolmagy onuň iki aýagyny bir gonja sokdy, ysgyny gaçyp, birbada dilden-agyzdan galdy. Ejesi diwanda ýatyrdy. Ak ýektaýly iki sany adamam onuň üstüne eglip durdy.

Ýewdokiýa Nikitiçnanyň sag golunyň damaryna ýoňsuz iňňe sanjylypdyr. Alekseýe gözi düşen Ýewdokiýa Nikitiçna:

— Gurgunmyň, Alýoşa… Ugrum gaçyp, şeýdip ýatmaly boldum-da, köşek… — diýip, ýassykda gozganjyrap, ysgynsyz gürledi.

— Ene jan, darykma! Şeýle ýokary gan basyşy götermäge häzir ýüregiň güýji ýetenok. Megerem, men diýen wagtyňyz ýüregiňiz gaty sagdyn bolan bolmaly — diýip, ýaş murtlak lukman gürrüňiniň hörpüni üýtgedip, Ýewdokiýa Nikitiçnanyň çagalaryna kinesiz, mylaýym igenç bilen ýüzlendi. — Heý, beýle-de bir zat bormy? «Tiz kömegi» goňşy zenan çagyrypdyr, özem düşekde ýatmaly halyna agyr pitini düşürip, kir ýuwjak bolup ýör.

— Heniz işden zyýan çeken ýerim ýok. Beýewbar eýläk-beýläk alakjap, gyrmyldap ýörmedik bolsam, birwagt ýurdumy başgalardym — diýip, Ýewdokiýa Nikitiçna nähilidir bir mejalsyz buýsanç bilen özüni aklady.

— Bu ýaşdan soň hasanaklap ýörmek nämä gerek? Çagalaňňyz oglan-oglanjyk däl — diýip, lukman janykdy.

— Hawa, çagalam, görşüňiz ýaly, tüweleme. Hana, Gennadiý… gurluşykda ussa bolup işleýä. Bü, ynha, gyzym Tatýana, ýakynda agtyjak bilen begendirdi… Çüňkde duran Wenýa, talyp. Suratkeşlikden okaýa…

— Gaty gowy-da — diýip, lukman mylakatlylyk bilen gürläp, şepagat uýasyna baş atdy. — Ene jan, gaýrat ediň, ýene bir gezek sanjalyň… Geliň, gürlemänem oturalyň.

— Alýoşam hakynda gürrüň bermedim ahyry… — diýip, gürlemäge gadagançylyk girizilenini eşiden Ýewdokiýa Nikitiçna alňasady.

Garrynyň serine duýdansyz pikir geldi — häzir esasy zat onuň derdi hakyndaky aladalar däldi-de, eýsem, özüniň çagalary baradaky gürrüňdi, olaryň barysy agzybirlik bilen ýanynda jemlenipdi, degresini gallap durdy. Häzirki durmuşda beýle ýagdaýlar seýrek gabat gelýär.

Lukman ýene ýoňsuz wagtlap onuň endam-janyny elleşdirip gördi, iňňesi bilen dürli ýerlerine — bir eline, bir aýagyna dürtüp, Ýewdokiýa Nikitiçnanyň agyryny duýýan, duýmaýan ýerlerini barlaşdyrýardy. Soňra ol elini ýuwmaga aşhana gitdi. Näsagyň perzentleri-de sürlenişip, lukmanyň yzyna düşdüler hem-de ýanyna baryp, sowal baryny ýagdyrdylar.

— Çep tarapynda ysmazlyk güýçlenýär… insult bolsa gerek — diýip, murtlak tutuksy lukman gürledi. — Görýän welin, siziň ejeňiz uçursyz jepakeş aýal borly, ýöne indi oňa rahatlyk gerek. Bärde ogar-ogaram oýnamalyň, bassyr-ýussuram edip oturmalyň, ýörüň, muny özüne-de duýduraýyn.

Ýewdokiýa Nikitiçna, hamala, çagalarynyň ýüzüne äňetmekden çekinýän ýaly, bimany garaýan göreçlerini ýokaryk dikip, lukmany demini alman diňleýärdi. Soňam hamsygyp, ýuwaşjadan aglamjyrap, samramaga durdy:

— Ýa, Biribar, başga näme jeza berseň ber welin, şu beladan beri gutaraweri… Töňňe ýaly gymyldy-hereketsiz ýatyp, ähli kişi üçin aýakbagy bolmak…

— Darykma, ene, ýuwaş-ýuwaş öz-özi düzelişer gider. Häzirlikçe hereketem etmeli däl, turmalam däl, içiňe-de salmaly däl… Maşgala lukmanyňyzy çagyrmaly. — Murtlak ýazmaly zady ýazyp, kagyzy näsagyň hümerlenişip duran çagalaryna uzatdy. Ýöne birbada oňa elini uzatmaga hiç biri ejap edip bilmedi. Soňra, misli, özara ýaryşýan ýaly, el bary öňe uzady.

— Bagyşlaň, ýogsa-da ejeňiz bilen haýsy biriňiz ýaşaýaňyz? — diýip, lukman töweregindäkilere soragly nazar aýlady.

— Wenka… körpämiz. Talyp — nakgaş — diýip, Tatýana barysyna derek jogap berdi. — Elbetde, bizem bärik gelip-gidip durus. Tekge-de berýäs, garaşygam edýäs…

Lukman gaşlaryny çytyp, şepagat uýasyna buýruk berdi:

— Bar, zemmer getir!

Tisginip giden Ýewdokiýa Nikitiçna nähilidir bir müýnli, uzurly görnüşde, çala umyt bilen perzentleriniň ýüzüne bakdy. Onuň gözleri: «Hassahana gidesim gelenok!» diýip durdy.

— Eje, gaýgy etme. Biz her gün ýanyňa gatnar durarys — diýip, Tatýana gözüni ýaşlap, ejesiniň elinden tutdy.

Sessiz-üýnsüz aglaýan Ýewdokiýa Nikitiçnany howla, ulagyň ýanyna alyp çykanlarynda Alekseýem onuň yzyndan galmady.

Näsagy ulagyň syrt tarapyna salyp, töweregine-de şepagat uýasyny goýan lukman sürüjiniň ýanyna ýöneldi.

— Eje jan, gaýrat edeweri! Men her gün bizar-peteňňi çykaryp duraryn! — diýip, Wenka «tiz kömegiň» yzky açyk gapysyna boýnuny uzadyp gygyrdy.

Sürüji ulagy otlady. Dýugaýew «tiz kömegi» ugradýan mysaly, oňa aýasyny degirdi-de, gapdaly bilen ýöräp ugrady. Ulagyň yzky tigirleri derwezäniň agaç bosagajygyndan geçende, ol birdenkä kabinany takyrdatdy.

— Bagyşlaň… Eger mümkin bolsa, ejemi hassahana çenli ugradaýaýyn — diýip, ol ulagyň äpişgesinden boýnuny uzadan murtlakdan haýyş etdi.

Murtlak gyňyrlyk bilen baş atdy. Dýugaýew çakganlyk bilen gaýyş oturgyja özüni atdy hem-de şo pille ejesiniň çygjaran gözlerindäki bildirgisiz begenç uçgunjygyna nazary kaklyşdy.

II

Adam pahyr ýaşap ýör, ol ertirem, birigünem bar zat — düýnki ýaly, şu gün ir bilenki ýaly hemişe, ömürlik gowy, sag-salamat bolar öýdüp göwün ýüwürdýär. Ertirem gurgunçylyk, mähir-muhabbetlilik, daş-töwereginde-de çagajyklary dünýäni alaýaz edişip, wakyrdaşyp ýörer öýdýär. Sähel niýetiňe düwdüňmi, bes, gidägede zemindäki iň eziz, eý görýän adamyň — ejeň bilen görüşmek mümkin. Şeýle görme-görüşliklerde enäniň çaga deýin ýürekden tolgunyşy, galpyldaýşy, gör, nähili enaýy. Bizi gören mahaly onuň öçügsilenip barýan kiçijik dünýäsinde begençden ýaňa başagaýlyk başlanýar! Emma özümiz, onuň çagalarydyr agtyklary welin, onçakly tolgunyp baramzok, ýogsam bolmanda diňe didarlaşmaga gelmegimiz bilen mähribanymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgat edenimizi kalbymyzyň töründäki süýjülikli jümşüldidenem duýýarys.

Dýugaýew ulagda barýarkalar ejesine gep goşasy geldi, ýöne şepagat uýasy beýtmegi gadagan etdi. Ejesi duýgudaşlyk bildirýän, köşeşdirýän şekilde onuň ýüzüne bakdy, hamala, ysmaz bolup äkidilip barylýan özi däl-de, ogly ýalydy. Ogly ejesiniň nazaryna tap getirip bilmän, ulagyň äpişgesine tarap öwrüldi.

Täze gurlan binalar, bäşdir dokuz gatly iri panelli jaýlar zymdyrylyp geçýärdi. Okaradaky börekler kimin biri-birine çalymdaş — hamala, wagtlaýyn gurlan ýaly jaýlar daşky görnüşiniň tutuksylygy bilen Dýugaýewiň ýüregini mynçgalaýardy. Arhitektor — binagär hökmünde şäher gurluşygynyň köpden bäri daşky bezemenligine, kaşaňlygyna göz ýumulýan şeýle usulyna onuň haýpy gelýärdi. Penjiräniň aňyrsynda sudurlary galgap gidýän binalaryň arasynda buýsanç bilen ejesine görkezer ýalysy ýokdy. Ynha, şu öý onuň çyzgysy esasynda salnandy, ine, bar güýji, wagty şolara gidýärdi, hut şonuň üçinem ejesiniň halyndan seýrek habar tutýardy…

Ulag silkinip gitdi, Ýewdokiýa Nikitiçna hykgyldady, oglunyň özüne tarap öwrülenini görensoň welin, oňa ýylgyryp, habar gatdy:

— Lýuba jan bilen Ýura jan beri sag-gurgun gezip ýörlermi?

— Sag-gurgun — diýip, Dýugaýew alňasak jogap berdi we dymdy, ejesiniň soňky gezek haçan özüniňkide myhmançylykda bolanyny, agtygydyr gelni bilen görşenini zordan ýadyna saldy.

Şol pursat Dýugaýew, näme üçindir, öz-özünden uýaldy, ony agyr pikirler gaplap aldy, özüni oňaýsyz duýdy, hassahana barýan wagtlarynyň dowamynda ejesiniň başyna inen belany ýüregine salmaga, ör-gökden gelmäge, ony öz derdi ýaly duýmaga hernäçe çytraşsa-da, teý başa baranokdy, gaýtam, ünsi bölünip, aňy nähilidir bir ýat zatlara gidýärdi. Näme sebäpden beýle bolýarka? Birdenem üstüne gaýnag suw guýlana döndi, serinde her jüre pikirler at saldy: «Bar belanyň körügi öňümde ýatan garry hem-de näsag zenany idili tanamaýanlygymda, ondan sowaşypdyryn, daşlaşypdyryn… Agy-garany mazaly saýgarmaýan ýetginjekkäm öýden çykyp gaýtdym, ylym-bilim alyp, ile ylym-bilim berip, ýigrimi ýyllap selpemedik ýerim galmady. Diňe täzelikde, dört ýyl mundan owal dogduk şäherjigime dolanyp geldim…».

Bärik ymykly dolanmanka welin, ol ejesiniň ýanyna gaty seýrek gelerdi. Ýöne myhman kimin gelinýän görme-görüşlikler, saçak başyndaky şadyýan oturylyşyklar onuň birmahalky çaga döwründäki garjaşyk ýatlamalaryny, perzentlik duýgularyny dikeldip bilmeýärdi, onuň gursagynda enäniň keşbi nähilidir bir howaýy ýagşylygyň, rehimliligiň, mähir-muhabbetiň birçak doňup galan nyşany hökmünde ýaşaýardy.

Dýugaýew depe saçyňy düýrükdiriji sese ziňkildäp gitdi, misli, sykylyk bilen birlikde nähilidir bir düýpsüz uçudyň teýine yňdarylyp gidene döndi. Ol içiňden-bagryňdan geçip gelýän sesiň «tiz kömekden» çykandygyna aň saldy. Ulag märekeli köçä düşdi hem-de bir dakykalygam bolsa haýallamaga kanagaty ýetmeýän şekilde daş-töweregindäki ulaglaryňdyr adamlaryň hereketini togtadyp, dumly-duşa ýaýrap gidýän edrenç, çirkin, ýürek paralaýjy ses çykaryp, öňe tarap myçyp gitdi…

Dýugaýew: «Howatyrlanma, ýanyňda özüm bardyryn, barysy gül ýaly bor» diýen terzde ejesine mähir bilen bakdy. Kempirem: «Oguljygym, ýanymda bolanyň bir gowy zat, häzir sensiz halym harap bordy» diýen manyda minnetdarlyk bilen ýylgyrdy.

Birdenem, näme üçindir, özüniňem edil şunuň ýaly ýagdaýda günlerde bir gün «tiz kömek» bilen hassahana äkidileni oýuna geldi. Şol sapar aldajy köriçege agyrysy tutupdy… Agşamara köriçegesi kesileni sebäpli tapdan düşensoň, özüne ördek çorbasyny getirip bermeklerini haýyş edipdi. «Sabyr et, siz ýalaky bärde gyryň daşy ýaly, men welin ýeke» diýip, kelte boýly, baldyrlak daýza hüňürdäp jogap beripdi. Ara maý salyp, ol ýene-de haýyşyny gaýtalapdy. «Näme üçrip ýöne ýalbaryp dursuňyz — diýip, şepagat uýasy gyzarylypdy. — Özüm barysyny görüp durun-a…».

Gurjagyňky kimin sap-sary reňke boýalan saçly şol şepagat uýasy soň-soňlaram telim ýola Dýugaýewiň düýşüne giripdi. Onda, gör, nähilidir bir jylawlap bolmaýan, çäkden aşýan gopbamsylyk, gedemlik, temegi ýokarylygyň bolgusyz, ýaramaz häsiýetleri jemlenendi! Ol mylakatly, gülerýüzli şepagat uýalarynyň arasynda bular ýalakylaryň kadadan çykmadygyna ynanýardy. Ýöne ejesine şolaryň nähilisi düşjek?.. Düşekde gymyldy-hereketsiz ýatan kempir kime gerek? Beýewbar oňa garaşyk etmek öz perzentlerine agyr ýük bolup durka, onda kesekilerden näme ýagşylyk tamasyny etjek?..

Äpişgeden ýaltaklap barýan şepagat uýasy birdenkä ulagyň kabinasy bilen aralykdaky germewi ýumrujyklary bilen takyrdatdy. «Tiz kömek» häliden bäri gygyryp gelýän sesini tapba kesdi hem-de ýanýoda tarap emaý bilen süýşüp togtady. Gyz ulagdan towsup düşdi hem-de ökjeli köwşüni gujurlylyk bilen dikgirdedip, dükanjygyň ýanynda hümerlenişip duran adamlaryň arasyna goşuldy. Uzaga çeken hem-de ýürege düşen bäş minut geçdi. Ine, ak ýektaýly gyz mähelleden sogruldy: şepagat uýasy ýyrş-ýyrş edip yzyna, «tiz kömege» tarap dolanyp gelýärdi. Elinde ýelpewajy ýadyňa salyp duran şokolad çalnan buzgaýmak düzülendi. Iki sanysyny ulagyň kabinasyna uzatdy, soňam murtlak lukmana eşidiler-eşidilmez nämedir bir zatlary diýdi hem-de goýy benewşe reňkden doýgun, gelşikliden pökgüje dodaklaryny goraglap, buzgaýmakdan çalaja kertmäge başlady. Ahyry murtlak buýruk beriji äheňde yşarat etdi, onsoň gyzam ulaga girdi. «Tiz kömek» ulag akymyna goşuldy hem ýene-de wygyldyly sesine bat berdi, ynsan betbagtçylygynyň aýylganç ahy-nalasy märekeli köçe bilen ýene okdurylyp gitdi.

Ulag burçdan öwrülip, sary ýapraklara bürenen köçejikden ýöräp ugran mahaly Dýugaýew sesine bat berip gygyrdy:

— Duruň! Men şu ýerde ýaşaýan.

Ol ulagdan düşdi we alasarmyk halda galan lukmanyň ýüzüne äňedip, sözüniň üstüni ýetirdi.

— Haýyş edýän, hol ikinji girelgäň agzyna baraýalyň. Şo taýdan ejemi äkitmäge golaý boljak. Men ony öz ýanyma aljak… Ýap-ýaňy özüňizem aýtdyňyz-a, oňa häzir oňat ideg zerur diýip.

III

Ýewdokiýa Nikitiçna ömrüniň durkuna ýorgan-düşekli hassa ýatan adam däldi, ýeňil-ýelpaý derdi, köplenç, aýak üstünde geçirerdi. Şol sebäplem birden beýle alaçsyz ýagdaýa düşjegini, elsiz-aýaksyz guran töňňe mysaly çagalarynyň gözüniň alnynda çäşerip ýatjagyny hiç haçan hyýalyna-da getirmändi. Häzir onuň ýeke-täk başaryp biljek zady gijelerine sessiz-üýnsüz, assyrynlyk bilen aglamak hem-de meni basymrak ýanyňa ýygna diýip Biribara ýalbarmakdy.

Kempir jaýdaky üç otagyň iň gowusyny eýeläpdi. Dýugaýew iş otagyny ejesine berip, özi ýatak jaýyna ýygnandy, iş stoluny, çyzgy tagtasyny, her dürli kagyzlaryny hem şo taýyk göçürdi. Ikinji synpda okaýan Ýura-da radiony, gapynyň zaňyny ulanmak gadagan edildi, oglanjyk öýe-de güpür-tapyrdysyz, usullyk bilen girýärdi. Şonuň ýaly-da, oňa bökmek, ylgamak, gaty gürlemegem rugsat berilmeýärdi.

Ýöne Ýewdokiýa Nikitiçna göz-gulak bolmagyň esasy alada-hysyrdysy Lýubaşanyň — gelniniň gerdenine düşdi. Lýubaşa çagalar bakjasynda terbiýeçi bolup işleýärdi, indi öýe gaýdyşyn ýolda ýekeje dakyka-da eglenmezlige çalyşýardy, özüniň ýatalga örkli galan gaýynenesine nähili gereklidigine düşünýärdi, kempir diňe oňa — zenana özüniň derdi hem-de hajat zerurlyklary barada çekinmän aýdyp bilýärdi. Lýubaşa lukmanlara til kakýardy, dermanhanalara ýüwürýärdi, hassany agzyna tutduryp iýdirip-içirýärdi. Ýatmakdan ýaňa hamyň duýmazlygynyň öňüni almak üçin garrynyň endamyna spirt çalýardy, şol aralykda mylakatlylyk bilen gümür-ýamyr edýärdi, Ýewdokiýa Nikitiçna diňe indi Lýubaşanyň nähili mähribandygyny, aýal babatda Alekseýiň nähili bagtynyň çüwendigini bilip galdy.

— Ýeri, biziň ýagdaýlammyz niçik? — diýip, gijara işden gaýdyp gelen Alekseý endigine görä ondan soraýardy.

Ýewdokiýa Nikitiçna oglunyň «biziň» diýip öz kynçylygynyň bellibir ülşüni üstüne alýan ýaly edip aýtmagyny känbir oňlap barmaýardy.

— Ýagdaýyň nähili diýýäňmi?.. Baýar gyzy ýaly çäşerip ýatyryn. Ýöne, Alýoşa, indi maňa, megerem, altyndan ýatalga-da kömek etmezmikä öýdýän.

— Zeleli ýok. Eje, göwrümiňi giňräk tut hem-de köpräk iýip-içjek bol. Göwnüň näme isleýä? Kem zadyň barmy?

— Taňryýalkasyn, Alýoşa! Hemme zadym kekirdekden. Meň ugrumda biderek ýere azara galmasaňyzam bolardy-la… Agzyňa atan zadyň ýaramlymy ýa ýaramsyzmy — muny derdiň özi bellisini eder — diýip, Ýewdokiýa Nikitiçna degişmä salardy.

Kempir häzir hyk-çoklamaly, ruhdan düşmeli, salyňy gowşatmaly däldigine aň ýetirdi. Çagalary dürli ýollar bilen gop berýärdiler, hiç zady gaýgyrmaýardylar, onuň üstünde kökenek gerýärdiler, ejelerini tizräk aýak üstüne galdyrmak üçin bar güýçlerini orta goýup yhlas baryny edýärdiler. Gaýgy-gama bürelip ýörmeli däl-de, çagalarynyň yhlaslaryna laýyk bolmaly.

Ýöne kempir edil aldajy agyry ýaly alyp barýan sowaldan welin hiç dynyp bilmeýärdi — özüni mähriban oglundan daşlaşdyrýan zat nämekä, näme üçin ol ondan ýat kişi ýaly uýalýarka? Bu sowala hiç jogap tapmaýardy, gaýtam has agyr, üýtgeşik, geň-enaýy sowallar bilen janyny gynaýardy. Ol ogluna seredip durşuna şeýle oýa çümýärdi — eýsem-de bolsa, hemişe ykjam görünýän, az sözlüden mylakatly, sypaýy, ýanyna ýeke saparam ýeňil-ýelpaý geýnip gelmedik syratly ýigit, şu adam, dogrudanam, öz dogmasymyka? Haçan hem-de nirede şunuň ýaly aň-düşünjeli, syrdam boýly bolup ýetişip ýörkä? Hol birçaklar-ha ol özüniň gursagynda myşşyldap duran mähirlije balady, perzendini suwa düşürerdi, arlyga dolardy, durak-durak bolmany, gürlemäni öwrederdi, garagollugy üçin temmisini bererdi, saglygyny gorardy, gözden-dilden aýardy, zähmet çekmegi, düzgün-tertipli bolmagy endik etdirerdi, käte bolsa mekdep torbasyny ganygyzgynlylyk bilen dörerdi, wagtal-wagtalam onuň bilen öýe berlen kyn meseläniň üstünde sagatlap döwnärdi — bularyň bary ene söýgüsiniň hem-de aladasynyň ähli zady öz içine alýan erkinden gelip çykýardy. Ene ony — körpejäni, oglanjygy, ýetginjegi mähir gujagynda saklardy, gerek ýerinde temmisini-de bererdi. Emma onuň haçan we nähili ýagdaýda beýle epeý, nätanyş, ylymly-bilimli, medeniýetli bolanyny welin bilenokdy, hamala, bu zatlar özünden bidin bolup geçen ýalydy. Ýagşy adamlar onuň ynsan hökmünde kämilleşmeginiň üstüni dolupdyrlar. Onuň oglundan çekilmegi, uýalmagy, megerem, şonuň üçindir. Özüni amanat duýmagynyň ýene bir sebäbi bardy — agyr derdi zerarly ogluna-da, onuň maşgalasyna-da azap ýamanyny görkezipdi.

Çagalarynyň öňünde elini sowuk suwa urup bilmeýänligi üçin özüni aklamak isleýän dek Ýewdokiýa Nikitiçna, çemini tapdygy, birwagtlar zähmet baryny çekişini gürrüň bermäge başlardy:

— Şonda nädip eýgeripdirin… Bar zada güýjüm ýetýärdi, ýetmedik mahaly-da janyma dözüp, özüme zor salyp işleýärdim. Kime bil baglajak?.. Uruş döwründe traktoram, kombaýnam sürdüm, çörek bişirilýän ýerde-de, demir ussahanasynda-da işledim, elim tüpeňli çörek ammarlaryny-da goradym… Dört sanydyňyz, biri-biriňizden kiçijikdiňiz. Hemmäňize elim ýetmeýädi… Häzirki döwürdäki ýaly çagalar bakjalammyz ýokdy. Özüňiz biri-biriňize hossarlyk edýädiňiz. Demir ýol menziline ýangyç almaga gidýädim ýa-da degirmene un üçin iberýädiler. Siz bolsa öýde özüňiz hojaýyndyňyz… Ynha, bir günem täk özüm öküzleri araba goşup, demir ýol menziline nebit getirmäge gitdim. Krýukowo çenlem otuz çakrymlyk ýol. Öküzler bilen gidip barýaň, gidip barýaň… Ana, şol günem arabaň öň tigriniň gurşawy sypdy, halys sürlüpdir — nätjek, gijämi meýdanda geçirmeli boldum. Lýonýa, sen şo mahal çülpe balajykdyň. Seni Tatýana bilen goýupdym, ol on bir ýaşynyň içindedi, seni entek süýtden aýyrmandym… Şol günüň ertesi öýe geldim, size seredip hem gülkiň tutýa, hem agyň tutýa. Bosagada oturyşyňyza bileje aglaşýaňyz. Tatýanaň aşaky dodagy gyzyl armyt ýaly çişipdir. Ýadyňa düşenokmy? Nirden düşsün! Birmahal bolup geçipdi ahyry, hatda özümiňem düýşdäki ýaly çala ýadyma düşýä…

Ýewdokiýa Nikitiçna özüniň gürrüňlerini ogly Alekseýiň agtyjagy Ýuranyň telewizorda gyzykly multfilmleri görendäkisi ýaly, gözlerini mähirli ýyldyradyp, üns bilen diňleýşine begenýärdi. Bu gürrüňleriň özüni Alekseýe gaýtadan golaýlaşdyrýan mysaly görýärdi. Kempir oglunyň özüniň geçmişi, çagalygy, hatda bäbek döwri barada näçe köp bilse, şonça-da birek-birege ýakyn, mähriban boljagyna ynanýardy. Çünki Alýoşadaky bar zat özünden, enesinden gözbaş alýardy ahyry.

***

— Ýene bir ýa-da iki sanyjak bäbejik edinmegiň siz üçin tüýs wagty — diýip, Ýewdokiýa Nikitiçna bir gün agşamara Ýura dostunyňkyda eglenen mahaly ogludyr gelniniň alada galanyny görüp, olara çekine-çekine, ýaýdanybrak maslahat beripdi.

— Ilkinji çagamy dogurjak bolamda-da ejir baryny çekdim. Bessir — diýip, Lýubaşa gönüsinden geldi.

— Bu zamanyň heleýleri gaty ejiz bolupdyr. Wah, öňler nähilidi… — Ýewdokiýa Nikitiçna Alekseýiňem özüniňkini makullaýanyny duýup, birneme ýüreklenip, dogumly gürledi. — Lýonýa, ynha, seniň dünýä gelşiň hakynda aýdyp bereýinmi?.. Iýulyň ýekşenbesidi. Biz kakaň bilen üçegi bejerip ýördük. Iki bolup rende bilen tagta ýonýadyk. Özem Günüň aşagynda işleýädik, diňe ýonuşga dumly-duşa buýralanyp pytraýardy… Günorta naharyndan soň üçegi ýapyp ugradyk. Kakaň ýokaryk çykdy, menem oňa tagta äberýädim. Soňra üçege merdiwany söýedim. Ýonulan tagtany alyp, merdiwan bilen ýokaryk dyrmaşýadym… Gijara-da, ynha, seni dünýä getirdim.

Bü, biziň Lýonýa janymyz beri aýy-güni dolup dünýä inenmi? — diýip, Lýubaşa mylaýym gülümsiredi.

— Wagtynda doguldy, günbe-gün. Dört kilo — wagtyndan öň şeýle çaga dogarmy eýsem? Pälwanjyk! — diýip, Ýewdokiýa Nikitiçna mähir bilen ogluna nazar aýlady.

— Göwnüňe degýä diýip düşünme, eger agyraýak halyňyza üçege çykaran bolsa, adamyňyz Roman Ýegorowiç size gezek galanda dözümliräk bolupdyr öýdýän.

— Ýok, dözümsizdi, ýüregi ýukady! — diýip, Ýewdokiýa Nikitiçna Lýubaşa bilen ylalaşmady. Ýöne şondan soň adamsyny agzap durmady. — Hamyla bolsamam, hamyla bolmasamam, bede ýatyrmaga, ýeralma otamaga gidýädim… Ýatybam bilemok, gol gowşuryp oturybam bilemok. Ine, Lýonýany dünýä getirdim. Barysy gowy, ýerbe-ýer, aman-esen. Hammamyň buguna girdim, iki günden soňam boýdaşlarym bilen meýdana çowdary ormaga çykdym. Hiç zadam bolmady.

Çagalar bilen şuňa meňzeş söhbetdeşlikler, gürrüňçilikler Ýewdokiýa Nikitiçnany dermandan has gowy bejerýärdi. Kempir hatda özüniň derdinem unudýardy, şeýle pursatlarda oňa, hamala, enäniň çagalaryna bolan hukugy, maslahat bermek, aladalanmak, kömek bermek hukugy — çagalary bilen bir durmuşda ýaşamak hukugy gaýdyp gelýän ýaly bolýardy.

IV

Çagalary her gün diýen ýaly onuň halyndan habar alyp durýardylar. Käwagtlar agşamara desterhanyň başynda jemlenýärdiler, oturylyşyk köpçülikleýin agşamlyk şamyna öwrülýärdi, şonda öten-geçen günler ýürekdeşlik bilen ýatlanylyp geçilýärdi, çagalar özlerini, hakykatdanam, ganybir garyndaş ýaly duýýardylar, nähilidir bir möhüm zatda bir-birege kybapdaşlyk, ýakynlyk duýýardylar. Ýöne ýatlamalardan häzirki durmuşa dolananlarynda gürrüňleri alşyp gidibermeýärdi. Häzirki durmuş, gör, neneň-niçiksi? Şu babatda Ýewdokiýa Nikitiçnanyň özi-de suwutly zat bilmeýärdi, diňe çagalarynyň nirede näme bolup işleýäni, haýsy ýerde ýaşaýany ýadyna düşýärdi. Her biriniň kalbynda näme bar — indi bu özüne, ejesine ýetdirjek zat däldi. Dogrusy, çagalary ýanynda içini dökübem baranokdylar. Perzentleri diňe bir ejeleri bilen däl, eýsem, öz aralarynda-da nähilidir bir gaçdym-kowdum, sypjyk, ikuçly gürrüň edýärdiler.

Ýöne geň görmeli ýagdaý, Alekseý işdeş ýoldaşlary bilen özüni bütinleý başgaça alyp barýardy. Ynha, onuň ýanyna binagärçilik bölüminden bir inžener geldi. Agşamlyk desterhanyň başyna geçdiler, şeýlebir gürrüňe gyzyşdylar welin, iýgi-içgi ýatdan çykdy gitdi. Diňe kofe içmek üçin aram-aram aşhana gatnaýardylar. Gözleri ýanyp dur, ikisi-de öz eňegine tutýar — ganybir garyndaş bolmasalar-da, kärleri boýunça ganybirdi. Dogrusy, Ýewdokiýa Nikitiçna bu myhman ülpetden ogluny gabanmanam durmady. Öz-ä bir keseki kişi, ýöne ganybir gardaşdanam zyýat görünýärdi. Näme üçin beýle bolýarka? Näme üçin Alekseý Gennadiý ýa-da Tatýana bilen şunuň ýaly ümmüldeşip gidiberenok? Doganlaryny hormat bilen, gülerýüz bilen garşylaýar, emma içgin, ýürekdeş gürrüň welin başa barmaýar: bolgusyz zatlar barada ýarym-ýalta gürrüňler, wessalam — aýdara gep tapylanok. Öz mähriban doganlaryň bilen şeýle sowuk-salalyk bor oguşýa?! Aýlap birek-biregi görmänsoňlar ýat bolup gidipdirler.

Ýöne häzir, her gün hassa ejeleriniň ýanyna üýşýän çagalar, misli, täzeden ysnyşýan, ýakynlaşýan ýalydy. Ýewdokiýa Nikitiçna mähribanlarynyň arasynda özüni gowy duýýardy. Rast, onuň derdi çagalaryna görüşmäge sebäp boldumy — munuň özi Alla tarapyn iberilen emgek ýaly bolup görünýärdi. Alyp-ýolup barýan, içgin gürrüňçiligiň ýoklugy-da, megerem, saýhallylykdandyr ýa-da rahatlykdandyr. Bol-telkiräk ýaşap başladylar, barysynyň ýüregi suwly, ertirleriniň gaýgy-aladasy ýok.

Wenýanyň ümmüldeşýän gyzy dellekhanada işleýän Ýulka-da aram-aram näsagyň halyndan habar alyp durdy. Ýewdokiýa Nikitiçna ýaşajyk gyzdan hojalyklary barada, ýerzeminiň mazaly basyrylyp-basyrylmanyny, Wenýanyň kömür aladasyny edip-etmänini, towuklaryna iým berlip-berilmänini, otaglarynyň süpürilip-süpürilmänini çintgäp-çintgäp soraşdyrýardy… Ýulka sowallara keýpihon hem-de ähli ownuk-uşak jikme-jiklikleri bilen jogap berýärdi, hamala, Ýewdokiýa Nikitiçnanyň öý hojalygy bilen diňe özi meşgullanýan ýalydy. Dýugaýew bu gürrüňlere gulak gabardanda bujagaz keseki goňşy gyzjagazyň ejesiniň hojalygyna beýle beletligini, dogrusy, gabanmanam durmady, ejesi bilen gyzyň gürrüňem alyşýardy, birek-birege ýarty sözden düşünişýärdiler. Ýewdokiýa Nikitiçna oglunyň nähili duýgyny başdan geçirýändigini syzýardy, şeýle bolansoň, Ýulka her sapar gelende ogly bilen gepleşeninden Ýulka bilen gepleşeniniň ýeňil düşýäni üçin Dýugaýewiň öňünde, hamala, ýazygy bar ýaly, uzak wagtlap ebeteýsiz, oňaýsyz ümsüm oturýardy.

Ýulka köplenç Wenýa bilen bile gelýärdi. Ýöne günlerde bir gün onuň bir özi gara beräýdi.

— Dusýa daýza, alada etmäň. Ol surat çekmäge gitdi. Dostunyň ýaýlagyna… — diýip, gyz Ýewdokiýa Nikitiçnany derrew köşeşdirmäge girişdi. — Öýüň açaryny maňa berdi. Peji özüm ýakýan, towuklaram hor edemok…

— Gyzym, men hojalygyň gürrüňini edemok… Wenýa şerbetjigem dadyp ugrapdyr. Tüweleme, Ýaradan oňa zehin beripdir, onuň akyl-huşam ýerinde. Ýöne kakabaşlygam bar-da… Bilýän, aýagyny duşaklaýsaň, barysy tertibe-de münüp gider.

— Ýewdokiýa Nikitiçna göwün baryny ýüwürtdi.

— Synanyşyp göreýin, Dusýa daýza — diýip, Ýulka çyny bilenmi, oýun edipmi wada berdi.

— Ýogsam näme? Ikiňiz biri-biriňize taýam gelýäňiz.

— Dusýa daýza, menem şeýle pikir edýän — diýip, Ýulka keýpihonlyk bilen ylalaşdy.

Şundan känbir uzaklaşman, Wenýanyň özi-de gara berdi. Hemişekisi ýaly, ýanynda etýudnigi — üstünde kagyz goýýan tagtajygam bardy. Ol hem ejesi bilen gepleşýärdi, hem-de onuň keşbini kagyz ýüzüne geçirýärdi, galam ýa-da çotga bilen galyň kagyzda suratyny taslaýardy.

— Öýümizi meň suratlamdan dolduryp çykansyň-ow! — diýip, Ýewdokiýa Nikitiçna degişme äheňinde ogluny kötekledi.

— Eje, bular entek biçüw-taslamalar. Suratyňy soň çekerin.

— Ýatan wagtym çekmäňi bes edäý. Ynha, aýaga galaryn, ana, şonda…

— Onda öňümde şeýdip ýatjakmy sen? Bir dakyka-da gol gowşuryp oturaňog-a… Eje, birden meň aýdýanlammy gaty göräýme. Beýle boljagyny nirden bileýin. Sag-salamat gezenligiňde bileje ýaşardyk, ynha, dert tapyndyň — başga maşgala berdiler. Birhili maňa bil baglamadyk ýaly. Eje, sähel mydyrt etdigiň bes, derhal seni bärden alyp giderin…

Wenýanyň häsiýeti boýunça dymmarakdygyna, garasöýmezräkdigine Ýewdokiýa Nikitiçna beletdi. Ýöne häzir welin, dili süýjäp, saýrap durdy. Kempir balajygym mensiz ýekesireýändir, aç-suwsuzdyr, garaşyk edýänem ýokdur diýip, nebsagyryjylyk bilen oýa çümdi. Häzirem her dürli gep tapyp, öz-özüniň göwnüni göterýändir…

— Wenýa jan, sen känbir ýüregiňi gysdyryp ýörme… Ýaramaz zatlardanam gaça dur. Nesip bolsa, ynha, gutularyn welin, ýene-de dolamadyr börek bilen hezzetlärin.

— Menem, menem… öýe wagtynda gelerin.

— Şeýtgin, köşek, şeýtgin. Ýogsa öň-ä öýe köwleneňokdyň, menem çirim edemokdym. — Ýewdokiýa Nikitiçna igenmezden ýumşaklyk bilen gürledi, ýöne Wenýa utanjyndan girere deşik tapman ýygryldy. Ol niçeme sapar gijäniň ýaryna çenli kaňkardy, il ýatyp, it uklansoň, garasyny görkezerdi, käwagt-a bütinleý gelmezdem… Ejesi ýanyny ýere berendirem welin — ony Alekseýiň has ygtybarly ellerine tabşyrypdy. Emma Wenýa hut şunuň bilen-de ylalaşanokdy. Ejesi üçin iň ygtybarly adam — özüdi! Wenýa ne Alekseýe, ne Tatýana, ne-de Gennadä ynanýardy. Ol doganlaryny garry öýlerinden güpür-tapyr, oslagsyz, seýrek habar tutýan myhmanlar hökmünde kabul etmäge öwrendekli bolup gidipdi — oturýarlar, iýip-içýärler, soňam zudalla çykyp gidýärler, haçan geljeklerini-de bir Taňry bilýär. Ynha, indem üýşüp giden günälerini ýuwmak üçin oňa mähir bermekde, walla, ýaryş guraýarlar. Ýöne ol Alekseý bilen Lýubaşanyň ejesine nähili yhlasly garaşyk edýändiklerini-de gözi bilen görüp durdy.

Hassalygynyň ikinji aýynda Ýewdokiýa Nikitiçnanyň ýagdaýy göz-görtele gowulaşdy. Indi ol düşeginde ine-gana oturyp, ysmazdan açylyşýan elleridir aýalaryny gymyldadyp bilýärdi.

— Munuň özi uzak wagtlap gymyldy-hereketsiz ýatmagyň netijesi, şonda duz ýygnanýa. Şeýle ýagdaýda bogun düýpleriniň süňk bilen bitişäýme howpy-da ýok däl — diýip, lukman düşündirdi hem-de näsaga sagaldyş bedenterbiýesini belledi. — Owkalaýjy gerek, özem soňa goýmaly däl…

Dýugaýew baş lukmana ýalbara-ýalbara owkalaýjy gyzyň ejesiniň ýanyna gatnamagy üçin rugsat aldy, öz ýanyndanam biziň döwrümizde beýleki lukmançylyk hyzmatlarynyň arasynda bu goşmaça bejeriş usulyň abraýynyň şeýle ösenligine haýran galdy.

Mundan başga-da ol espander, rezin top satyn aldy, Ýewdokiýa Nikitiçna jany nähili agyrsa-da, sagaldyş bedenterbiýesi bilen ýürekden, agy gatyşykly gülki bilen meşgullanýardy. Uka gitmeziniň öňüsyrasy, gijaralar Lýubaşa onuň zordan epilýän bogunlaryna ýyljajyk öl mata, gyzgyn çägeli haltajyklar goýýardy…

Bir gezegem şenbe güni Lýubaşa lukmandan ygtyýar alyp, Ýewdokiýa Nikitiçnany wannada ýuwundyrdy, saçyny darap, örüp goýdy. Şonda kempir duýdansyz aglap goýberdi-de, minnetdarlyk bilen madyrdady:

— Maňa baýar gyzy kimin seredýäňiz, bar maşgalaňyz bilen garaşyk edýäňiz… Tutuş otagy ýeke özüm eýeledim… Iki aý bäri bäbek deýin eljiredip saklaýaňyz… Gyzym, ysmaz garryny ýuwmaga keşdiň çekdi. Gabyrdan dikeltdiňiz hasaplaýyň. Aýagymam, elimem diýen edýä, ýöräbem başladym, ýeralmany-da ardyp bilýän… Derdimi dep eden derman däl-de, siziň yhlas-aladaňyz…

Ýewdokiýa Nikitiçna taýajyga söýenip, aýagyny süýräp, düşegine ýetdi, ýassygynyň aşagyndan ýygyrt-ýygyrt atan bukjany çykardy-da, gelnine uzatdy:

— Garaşyk edeniňize… sowgat-serpaý… Alýoşa bilen nämedir bir zat satyn alyň — diýip, kempir ýalbaryjy, şol bir wagtda-da minnetdar nazar bilen gelnine seretdi hem-de götinjekläp, diwanda oturdy.

Lýubaşa doňňaradaşa öwrüldi, soňra bukjadan pul çykaryp, näme üçindigini özi-de bilmän, olary sanamaga durdy.

— Az-owlakdyr… Iki aýlyk pensiýam. Ýulkadan almagy, soňam getirip bermegini haýyş etdim — diýip, Ýewdokiýa Nikitiçna, birhili, ötünç soraýan mysaly gürledi.

— Jan ene, bü nä boluş?.. Sen bizi kimdir öýdýäň? — Lýubaşa aljyraňňy halda ellerini kelemenletdi. — Eý, Taňrym! Garaşyk edileni üçin öz bagryndan önen perzentlerine muzd hödürleýä. Bardy-geldi menem nähoşlaýsam, senem kyn ýagdaýymda tekge berersiň-ä… Şonda nähili bor? Menem pul bilen ýerine salmaly bolarynmy?..

Ýewdokiýa Nikitiçna birden ýüzüniň terzi üýtgän gelnine seretdi, hatda ondan hopukmanam durmady. Hamala diýersiň, Lýubaşanyň sylagy ýetirilmän, gaýtam ýüzi alnan ýalydy.

Lýubaşa goňşy otagyň gapysyna tarap gadam goýdy hem-de Alekseýi çagyrdy.

— Bärik gel-de, ejeň gepini diňle. Biziň özi hakynda edip ýören aladamyza ýüz otuz rubl baha kesipdir. Ugrunda edilýän tagallanyň muzduny töledi… Ile-güne kömek etmeli bolan mahalymam olardan gara şaýy almandym! — Lýubaşa şu sözlerini janyýangynlylyk bilen gygyryp aýtdy hem-de içi pully bukjany müýnli ýaly, agyr günä iş eden ýaly görünýän Ýewdokiýa Nikitiçnanyň sandyraklap duran eline taşlap goýberdi.

— Men hiç zada düşünemok… O nämäň pullary? — Alekseý gözüni-gaşyny çytyp sorady. Ýöne nämäniň-nämedigine gaty basym düşündi hem-de aljyraňňy halda eňegini gaşap, utanjyndan elini-aýagyny ýitirip, gürrüňiniň yzyny sugşurdy. — Eje, bolup ýörşüň näteňet? Men seň ogluňmy ýa-da ýedi ýat?

— Bardy-geldi minnetdarlygymdan ýüzüňizi sowsaňyz, onda ýaman hapa bolaryn, aglap-eňrärin — diýip, Ýewdokiýa Nikitiçna tekrarlady, şonda tolgunmakdan ýaňa dodaklary saňňyldap gitdi.

— Ine, ine, ýene-de gan basyşy güýjär, onsoň barysyny ýamaşgandan başlamaly bor — diýip, Lýubaşa gaýynenesine tarap ýöredi. — Hany, ene, sen gyşar. Dynjyňy al-da, rahatlan. Sylag-serpaýyňam soň, dertden bütinleý saplanaňsoň gowşyrsyň.

— Ýok. Häzir alarsyňyz, diňe şonda ýüregim ýerine gelip köşeşerin — diýip, Ýewdokiýa Nikitiçna eňegine tutup durşuna gelnidir oglunam, hatda özünem geň galdyrýardy. Ikisiniň düşnüksiz erjellik bilen aldygyna puldan ýüz öwrüşleri kempiri ynjalykdan gaçyrýardy, başyny çaşyrýardy, dogrusy, was-wasa dönderip, ör-gökden getirýärdi. Ganybir adamlar kes-kelläm birek-birege düşünmeýärdi, ene-hä — olara, olaram — enä. Oguldyr gelin näme üçin birden-bire enäniň ak ýürekden berýän sowgadyndan utandylarka? Sebäbi kempir ilden almaga däl-de, ile bermäge endik edipdi. Hemişe öňýetene nähilidir bir goltgy bermäge çalyşýardy…

Ýewdokiýa Nikitiçna şu zatlaryň baryny başly-barat, garym-gatym edip gürrüň berýärdi, ýöne Alekseý onuň sözüni böldi:

— Eje, ejizlere kömek berilýä. Biziň welin mätäç zadymyz ýok…

— Wah, gep mätäçlikde däl-ä… Muny nähili düşündirjegimi özümem bilemok. Ýöne göwnüňize-hä degjek bolmandym. Birhili gelşiksiz, tagaşyksyz bolýa… Gennadidir Tatýananyň-a çagajyklaryny ulaltdym. Size bolsa nepim degmedi. Hemişe menden uzagrakda ýaşadyňyz. Kyn güne düşemde welin, barysyndan ýakyn bolduňyz. Ynha, nesip çekse, dertden sabaşaryn, bärdenem giderin, onsoň ýene-de birek-birekden uzakda galarys. Ýagşylygyňyza ýagşylyk bilenem jogap berip bilmen.

— A sen gitjek bolubam ýörme. Bizde ýaşaber.

— Bessir, ýük bolma kemim galmady. Onsuzam meň ugrumda yhlas edibildiňiz. Indem, seňrigiňizi ýygyrmaň-da, sowgadymy kabul ediň! — Ýewdokiýa Nikitiçna birden şeýlebir göwnüçökgünlik bilen talap etdi welin, Alekseýdir Lýubaşa birek-biregiň ýüzüne howatyrly garadylar hem-de alňasaklyk bilen oňa tarap ellerini uzatdylar.

— Taňryýalkasyn ene! — diýip, Lýubaşa pyşyrdady hem-de ýadaw halda kellesini ýassyga goýan Ýewdokiýa Nikitiçnanyň üstüne ýorgany çekip, adamsynyň yzysüresi otagdan çykdy.

Olar aşhana baryp, gapyny-da jebis ýapyp, stoluň başynda oturdylar hem-de bukjadan typyp çykan onluklara uzak wagtlap seredip durdular.

— Ejeňe melhem daňysyny goýmaly, meň welin aýagym çekenok, indi öňkim ýaly ýanyna baryp bilemok — diýip, Lýubaşa ahyry dil ýardy hem-de birden sessiz aglamaga başlady. — Barysy gül ýalydy, halys ýürekdendi. Nähili yhlas edýädim… Häzir welin satyn alnan ýaly boldum.

— Goýsana, walla! — diýip, Dýugaýew gygyryp gürlemekden ätiýaç etdi hem-de gözlerine ünji we gussa çaýyp, penjirä tarap öwrüldi.

— Ýeňsäňi tüňňertme-de, maňa aýt, heý, gyltyz kakan ýerim barmy? — diýip, Lýubaşa çaga ýaly horkuldap gürrüňini dowam etdirdi.

— Ýeri bolýa, gyzyberme — diýip, Dýugaýew köşeşdiriji äheňde gürledi. — Ejem-ä muny kalby päkizeliginden şeýdýä… Oňa-da düşünmegimiz gerek. Ýöne… hany aýt, näme üçin şu pullar myrryhymyzy tutdurdy, näme üçin biz onuň sada, ýöne akgöwünli hereketinden allaniçigsi bolduk?

— Ýöne sen eşitdiň-ä onuň: «Garaşyk edeniňiz üçin alyň» diýenini. Düşünýäňmi — garaşyk edenimiz üçin?!

— Hany dur, gyzyberme… Herhal, men, hamala, özümizi para berlen derejede göwnümize deglen hasaplanymyza hiç düşünip bilemok!..

Şol pursat Ýewdokiýa Nikitiçna-da çuňňur oýa batypdy. Edil Alekseý ýaly, olam ogludyr gelnine pul beren mahaly ikisiniň galagopluga düşüşlerine, gaňňalaryny garynlaryna alyşlaryna hiç akyl ýetirip bilmeýärdi. Lýubaşa öýkelemek derejesine ýetip, sesini gataldypdy. Nämemiş, kesekilerden berim alanokmyş, bärde bolsa gadyrdan gaýynenesi pul somlap dur. Kesekiden garaşmadyk zadymyzy özümiziňki edýä diýip enäniň bu hereketini, heýem bir, gopgun derejesine çykarmak bor oguşýa! Eger biz, hakykatdanam, keseki däl-de, ganybir adamlar bolýan bolsak, onda eneňiz bilen, misli, sahnadaky ýaly, beýle çuňňur duýgular bilen düşünişmek siziň nämäňize gerekdi?.. Hiç hili adatdan daşary bolgusyz iş edilmedi ahyry! Eýläk ýatyp pikir etseňem, beýläk ýatyp pikir etseňem — iki taraplaýyn ýagşy iş, çagalary enelerine garaşyk edýär, olam, ýagny ene-de muňa gadyr bildirmän durup bilenok. Ene muny bäş esse edip gaýtaryp berer!.. Ýöne, arman, ýerlikli tärini tapyp bilmedi. Belki, pul bilen däl-de, nämedir bir başga zat bilen göwünlerini awlamaly bolandyr?..

Lýubaşa Ýewdokiýa Nikitiçna melhem ýapgysyny wagtynda goýdy, aýagynyň aşagyna rezin gyzdyryjyny sokdy, yhlas bilen ýorgana çolady. Ýöne ozalkylary ýaly mähirli, keýpiçag bälçireşmedi. Iki-üç söz aýdyp ötägitdi. Ýewdokiýa Nikitiçnanyň derhal haly peselip, içi gysdy welin, birden özüniň sagalyp başlan tenini duýman ugrady, bedenine derek nähilidir boşlugy, aýdyňsyzlygy syzdy, gyzdyryjy-da indi ony ozalkylary ýaly mylaýym gyzgyn bilen meýmiredenokdy-da, eýsem, diňe niredendir bir uzak ýerden, misli, alasarmyk düýşdäki deýin, gazap bilen onuň dabanyny daglaýardy.

Dalanda jaň zyňňyrdady, goňşy gelniň tanyş sesi geldi. Jaň sesine aşhanada duran Dýugaýew ziňkildäp gitdi, näme üçindigine özi-de akyl ýetirmän, stoldaky pullary üýşürip, olary alňasaklyk bilen jübüsine saldy. Lýubaşa goňşy gelni ugradyp, aşhana gelen mahalam Dýugaýew argyn halda oňa ýüzlendi:

— Ýör, daşarda şemallaly-la. Beýnim çat açyp barýa…

— Gidäýeris. Bahana bilen Ýura janam howludan ýygnarys. Halys oýna kellesi gitdi, öý işlerinem unutdy.

Aýaly tykyrap durman, gaty basym göwnedi. Dýugaýew onuňam, edil özi ýaly, näme üçindir, birden kiçelen dek görnen öýden, bu darajyk çäkden nireleredir bir ýerlerik bahymrak başyny alyp çykmak meýliniň bardygyny aňşyrdy.

Agşamyň aýazly dumany ýaşaýyş jaýlaryndaky jebis penjireleriň aýnalarynyň ählisini jaýryk-jaýryk dörtburç narynç reňk bilen basyrypdy. Howludaky tebigy gurnalan buz tümmejiginde çagalar çarp urşup, gowur turuzýardylar. Lýubaşa ogluny sesinden tanap tapdy hem-de oňa ýene ýarym sagat ine-gana oýnamaga ejaza berip, adamsynyň ýanyna dolanyp geldi. Şo ýerde az-owlak sägindiler hemem janyna jaý tapmaýan mysaly, çola ýeri agtaryp, ses-selemsiz asuda köçejige gadam basdylar.

— Agşamyň howasynyň beýle tenekardygyny! — diýip, Lýubaşa ah çekip, uludan demini aldy hem-de şobada tapba sesini kesdi, aýdan sözleri allowarradan, başga biriniň gursagyndan sogrulyp çykan ýaly boldy.

— Şol-a şeýle — diýip, Dýugaýew oýlanmazdan makullady. Ol ýüzüniň ýarysyny diýen ýaly ýokaryk galdyrylgy ýakasynyň aňyrsynda gizläp, dähedem-dessemläp barýardy.

— Indi näme etmeli bor? Hä? — diýip, ol burçda birden duýdansyz kürtdürdi.

— Azrak janyňy ýakmaly — diýip, Lýubaşa kesgin maslahat berdi. — Entegem ejeňkä seýrek görme-görşe barýanyň üçin öz-özüňi kötekleýäňmi? Oňa derek Gennadidir Tatýana ejeň ýanyna yzygiderliräk gatnaýady. Mundan nähili netije boldy? Olar bilen deňeşdireňde, gaty işli bolandygyňa garamazdan, ejeň başyna inen betbagtlygy gözden salmadyň… Ýygy-ýygydan görüşmegem bor, süýji-süýji gürleşmegem bor, ýöne ähli zat, ynha, şunuň ýaly kyn… jygba-jygly ýagdaýda, hakykat ýüzünde synagdan geçýä.

— Ine, ine… Onuň gaşynda diňe şeýle jygba-jygly ýagdaýlarda peýda bolýanymyz üçin, hut şu sebäpli-de ejemiziň bizden uýalýan bolmagy mümkin… Beýewbar onuň bilen gatnaşygymyz kadaly bolanlygynda, onda onuň… beren pullary beýle oda-köze düşürmezdi, islendik sowgadyny gülüp, degişme bilen kabul ederdik. Oňa özümiziň, elimiziň arassalygyny, halallygyny subut etjek bolup elden-aýakdan çykmazdyk. Ol onsuzam biziň gowudygymyzy bilýä, şoňa ynanýaram. Biz welin, il-gün bize näme diýer diýen pikir bilen basga düşdük. Il-günden beter, ejemiz näme pikir eder diýip alada galdyk. Onuň öňünde özümizi edil keseki, ýat adamyň ýanynda ýaly alyp bardyk.

— Eýsem, sen nähili garyndaşlygy, ýakynlygy isleýäň?.. Biz birwagtlardaky ýaly bir maşgala bolup onuň öýünde ýaşamalymy? Indi ejeň seň bilen özüňiň binagärçilik meseleleňňi ara alyp maslahatlaşar öýdýäňmi?

— Bilmedim-dä — diýen Dýugaýew bu zatlara akyly çatman, düşünip bilmän, ahmyr bilen dodagyny dişledi.

— Ýör, bärden gideli… Duzaga düşen deý pelesaň kakýas — diýip, Dýugaýew köçejigi gurşan jaý topbajyklaryna nazaryny aýlap durşuna, bikanagatlylyk bilen gürledi.

Ikisi ýaşaýyş jaýlaryndan düşýän dürli öwüşginli we köp märekeli köçä çykdylar hem-de adam akymyna goşulyp, öz-özlerinden ünslerini sowmak islediler… Dürli-dümen zat satylýan dükanyň giň aýna gözleri al reňk bilen öwşün atýardy, ýek-tük, iň soňky alyjylar onuň ýap-ýagty gapysyndan sümlüp gidýärdiler. Dýugaýew, näme üçindir, girelgäniň öňünde sägindi, az-owlak girip-çykyp duran adamlaryň töwereginde göwünli-göwünsiz, ýaýdanmaç köwejekledi. Soňra Lýubaşanyň golundan tutup, ony ýany bilen dükana alyp gitdi.

Olar ikinji gatyň zenanlar geýim-gejim bölümine baryp, gysby edilip asylyp goýlan her dürli reňkdäki possunlaryň arasyndan haýallyk bilen geçdiler.

— Ejem haýsy ölçegdäki eşik geýýä? — diýip, Dýugaýew goýun derisinden eýlenen ýakaly ýaşyl possunyň ýanynda eglenip durşuna sorady.

— Meňki ýaly — ellinji. Boýunyň ölçegi kiçiräk. Ikinji ölçegdi öýdýän — diýip, Lýubaşa jogap berdi-de, hiç zat soraman, ýöne nämäniň-nämedigine aň ýetirip, eşik geýlip görülýän ýere geçdi. Dýugaýew asawaçdaky possunlary yzly-yzyna aýryp, saýlap-seçer ýaly olary aýalyna eltip görkezýärdi.

— Aýyr-aýyr… Garry halyna ýaşyly nämä gerek? Hanha, hol goňur reňklisini, bagana ýakalysyny äber — diýip, Lýubaşa adamsyny özüniň zenan tangyrlygyna boýun edip, buýruk berýärdi.

Dýugaýew asylgy possunlaryň arasynda gaýmalaýardy hem-de, hamala, dükan ýene on minutdan diňe ertire çenli däl-de, ömürlik ýapylaýjak ýaly, zol-zol sagadyna äňedýärdi.

— Ine, tüýs laýygy! — Lýubaşa ahyry ýumşak sütükli serpme ýakasyna garaköli bagana oturdylan garamtyl reňkli possuny saýlap aldy. — Ýöne pulumyz ýetmez. Bahasy iki ýüz on rubl, seň ýanyňda bolsa ýüz otuz rublyň bar, olam ejeňki. Gel, ertire goýaýaly…

— Ýok, ýok. Men derrewjik gelýän — Dýugaýew çykalga tarap okduryldy.

Has-haslap, ýüzüni ak tam edip, maňlaýy der düwmeli halda-da gaýdyp geldi. Lýubaşa işini tamamlan dükançy gyzyň ýanynda durdy. Dýugaýew dükançy gyzdan hem-ä ötünç sorady, hemem oňa minnetdarlyk bildirdi.

Dükandan çykanlarynda zenan adamsynyň maňlaýyny elýaglygy bilen süpürip durşuna şeýle diýdi:

— Däri ýaly gyzyp gidipsiň… Soň bir günem alyp bilerdig-ä… Enemiz edil ertir gitjek bolup duranok ahyry.

— Ýok! Hökmany suratda häzir alasym geldi… Goý, şu gün agşam beri barymyzyň ýüregimiz ýerine gelsin. Düşünýäňmi? Men, barybir, gije uky dermansyz ýatyp bilmezdim…

Lýubaşa ýap-ýaňy satyn alan possunlaryna yşarat edip, şeýle diýdi:

— Ýöne, ynha, şü neme-de, edil uky dermany ýaly-da… Biziň barymyza-da köptaraply, toplumlaýyn bejergi gerek ahyry.

Ýöne Dýugaýew häzir aýalyny diňlänokdam, onuň aýdýanlaryny eşidenokdam. Ol güýçli aýazly howadan işdämenlik bilen demine dartyp, sarymtyl-narynç reňkde ýanyp duran penjireleriň arasyndan arzylysyny — özleriniňkini agtarýardy.

Onuň häzir şeýle waka göz öňüne gelýärdi: ejesi özüniň sowgadynyň öwezine ogludyr gelniniň jogap hökmünde alyp beren sowgadyna gözüni ýaşlap haýran galar, Dýugaýewiň haýyş etmegi bilen gymmatbaha possuny hem aljyrap, hem tolgunyp geýip görer, ol ejesini sagalan, bezenip-beslenen ýagdaýda öýüne elter, ogludyr gelni onuň bilen mähir bilen hoşlaşar, bu hoşlaşygyňam näçe wagta çekjegini bir Alla bilýär.

Belki, hoşlaşmaly däldir? Belki-de, ejesini yzyna eltmelem däldir, ýanyndan hiç ýerik goýbermelem däldir? Haýp, onuň bu dünýädäki günleri sanalgy. Dert ýamany garrylyk. Heniz jahana baky gelen ýok. Ejesi bilen her saparky didarlaşmasy-da iň soňkusy bolup biler ahyry?!

Rus dilinden terjime eden Ç. GELDIMYRADOW,
«Dünýä edebiýaty»
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle