Seýranmy ýa Sergezdan?
Seýranmy ýa Sergezdan?

Iki ýaşulynyň geň söhbetine şaýat boldum. Olaryň sakgallysynyň sakgalyny daraklaýşyny, eňegi ýylmananynyň janygyp jibrinşini, önündäki käsesine guyan çaýyny sowap-sowamanka içişini we beýleki hereketlerini taşlap, başardygymdan diňe söhbetlerini kagyza geçirmegi dogry hasapladym. Ýetmezini özüňiz doldurarsyñyz-da, bolmasa.
— Hä, agtyk ýaşy uzyn bolsun! Berildigi bolsun.
— Taňryýalkasyn, aýdanyňyz gelsin. Agty- gam şu gezeg-a işem berdi.
— Hä? Kynrak boldumy?
— Ýok-la, Hudaýa şükür, bäbeklerem gowja, ejelerem.
— Hä, onda na?
— Aý, şu at dakmak iş boldy.
— Nätdiñ-aý, indi hezil-le nähili at daksaň dakybermeli bold-a. Isle Moýsepit dak, isle Jelaletdin. Geň görjek yok. Ýadyma düşýär, ilki agtygym bolanda adyna Habybylla dakjak diýsem, oglanlar «aý-da, aý» bolşupdylar.
— Biziňkilerem şo-da. Sen-ä, tüweleme, aýdanyňy etdirdin.
— Hä, senem halan adyňy oglanlar halamadymy?
— Ýok-la, meň üçin-ä näme at daksalaram ullakan nemedip duramok.
— Aý, men-ä how, şu meselede yrymçyl. Göwnüme, adam öz dakylan adyna ýakynrak ýaşaýýan ýaly. Gowy adamlaryň adyna ýanap dakanyňy kem göreñok-da.
— Hawa, ol-a şeýle. Ýöne, ine, Doýduk, Bessir, Ogulgerek diýip, gyz çagany kemsitmegem-ä birhili. Türkmen-dä eñen tarapyna eňäýýä-dä. Ýadyňa düşýändir-le, çagasyna Marlen, Stalkon dakyp ýörenlerem bardy.
— Hmm! (biraz dymyşlykdan soň) Onda-da men-ä at dakmak yrymyny edil boş zatdyr-a öýdemok.
— Aý, bilmedim-dä. Çem gelen adam dakyp bolasy ýok welin, Moýsepit dakanyň bilen ogluň Moýsepit bolýan bolsa bolaýmajakmy?
— O diýýäniň dogry-la, onda-da adam pahyr ýagşy niýet edýä-dä. Görýän welin, sakgaldaş agtygyňa at dakmak gowy degnaňa degipdir öýdýan.
— Beýle bir ulaldyp oturasy zadam ýok, dogrusy. Agtygam atsyz galasy ýok. Ýöne her zadyň bir ähmiýet bereniñe degýän derejesi bar dälmidir-aýt?
— Howa-da indi bahym salkynlasa gerek?
— (biraz dymyşlykdan soň) Gelin-ä Seyran dakjakmyş, enelerem ondan-a Sergezdan dakaýyň diýip turuzdy bir gopguny. Onsoň gaharyň gelmezmi? Samsyk diý-de goýaý. Kaka boljagam: «Onda Raj Gapur» dakalyň diýip gülýär.
— Loh, loh, loh… Aý, solam-a boljak eken. Gapur ad-a türkmende-de bar. Rajam hindi- türkmen dostlugy bolar-da.
— Seň ýadyňa oýun düşýä, sakgaldaş. Öýe barsaň biri şumjaryp otyr, biri hüňür-hünür edip, edil uçjak bolýan uçaryň bar. Beýlekisem, nätjegini bilmän, ýyrş-ýyrş eden bolup ýör.
— Ýeri onsoň sen nätdiň?
— Nädersiñ? Gelin diýeniň-ä özi çagaň öňüni dolan, ilkije çagam diýip Görogly dogran däldirin öýdenok. Sähel bir zat diýseňem öňküsiçe-de boljak däl. Enelerinem näme, saçy agaran aýalyňy taýaklap ýörjek-maýt?
— Beý, birhiliräg-ä bolupdyr-aý. Enesi näme at daksam diýýä?
— Aý, senem näme at diýip alyp ýataýdyň. Meň-ä dilimem öwrülenok Abdylbaky diýdimi, Abdylhalyk diýdimi bir zad-a tapyp otyrdy. -Ha…
(Şol wagt bu ümlügiň näme aňladanyna düşünmedim). Oglum Batyr dakaýsak nädýä diýdi welin, ejesi oňam al petinden aldy. Ondan-a «Ugurtapyjy» dakyň diýýä.
— Amantäjiň dili duzludyr. Gyzka-da şeýledi-dä. Bizden 4-5 ýaş kiçidir welin, bir başlasa bizem gepletmezdi.
— Aý, şoň dili bar bolsun. Ahyry gaharyma turdum gaýtdym. How, ogul agtygyňyz bolupdyr, begeniň, degşiň, gülşüň oturyň-da. Näme sen ogluňa Batyr dakanyň bilen gylyç syryp gala gorajagyny näbilýäñ?
— Beý, seň meseläni çözmän turup gaýtmaňam-a bolmandyr. Içeriň ýaşulusy sen ahyryn.
— Ýaşulyň bor-maýt! Hersi bir kelle.
— Aý, niçigem bolsa ýaşulyň sözi dinlener-le. Dinlener welin, menem name diýjegimi bilemok. Bilemok diýýänim meň üçin şo çaga nämä at dakylanda-da bolup dur. Hiç wagtam at diýlen zada ähmiýet bermändim.
— Öten-geçenleň biriniň adyny dakaýsaň nädýä?
— Olaňam barynyň adyny dakypdyrlar. Aý, şonam kän unap baramok. Ejeleriniň adyny dakyp «Goý, sesiňi, ýerçeken!» diýip ýörenem bar.
— Senem-aýt, gapyşdyrýaň goýaýýaň, sen diýdirme, urdurma.
— Urdurman bolsa bor-la.
— Näme bolman? Öz ýanymda-ra urdurman, maňa görkezmän ursa-da özi Allaň öňünde jogabyny berer.
— Aýdýan-a geçenlerimiziňem barynyň ady dakylypdyr diýip.
— Beh, çagany atsyzam-a goýup bolmaz. Aý, dakylar-la bir zat. Gury seňem başyňy agyrtdym. Bolýa, men turaýyn. Adyňam bir alajy tapylar-la…
Ýaşuly epeý-epeý ädimler bilen öýüne tarap ugrady. Onuň meseläni nähili çözenini bilmedim, ýöne meseläniň çözülmän galmandygynam bilýän, sebäbi atsyz galan çaga ýok.
Töre HANGELDIÝEW. Edebi makalalar