|

«Şeýlemidi ahyrynda etjegiň…»

"Şeýlemidi ahyrynda etjegiň…" «ŞEÝLEMIDI AHYRYNDA ETJEGIÑ…»

"Şeýlemidi ahyrynda etjegiň..."

Göroglyny, Gyraty ul-ulus beýle halda görmesin, gideliň, meni bir dagyň gowagyna eltip taşlaň.
Göroglynyň aýdany

Şeýlemidi ahyrynda etjegiň,
Görogly deý dörän batyra, heňňam?!
Kime wepa berdi, häzire çenli,
Aslynda ýasalşy şeýle-dä dünýäň.

Munda Türkmen bolsa Göroglam bolar,
Aýt, bagşy, gijäni daňdana sap-da.
Ýöne Göroglyny öldürmäweri,
Aýtmawer, batyryň ölümi hakda.

Ady şugla bolup äleme dolan,
Hiç-haçan şuglasy öçmän gitmeli.
Öldürmäge Görogly dek ärleri,
Heňňamyňam dişi ötmän gitmeli.

Beýle ejiz halda görmek ne elhenç,
Göroglyny, Gyraty.
Indi gurdy gündiz uwlar Hüňkaryň,
Gaýdandan soň beýik äriň gaýraty.

Il-gün beýle halda görmesin ony,
Barybir, barybir ynanyp bilmez.
Ejizlejek Göroglymy?!
Aý, goý-a,
Ol ärler ölmeýär,
Indi hem ölmez.

Şöhrat ABDYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle