Şeýle gerek?!
Şeýle gerek?!

Bilgirje-dä men, bilýän-dä,
Seniň ýüregiňdigimi,
Ummanlarda gaý-tupanda,
Gaýygňa küregiňdigmi.
Öwünjeň-hä bolmaly däl men,
Özün söýýän däl aşa ýa.
Şonda-da
seň barlygyňda dünýede
iň gowja gyzdygmy bilip ýaşaýan.
Men başga birini gowy görsemem,
Seň meni hiç haçan ýazgarmajagňy,
Käte gelip ýagdaýlarňy sorasam,
Juda begenjiňe az görmejegňi
Bilýän.
Ýollar aýry bolsa-da,
Söýgi hem hormat barka,
Men seni juda gowy görýän,
Senem meni,
Şeýle gerek, kaka?!
Gülnabat BEGENJOWA. Goşgular