|

Seýit Nejepi

Seýit Nejepi

SEÝIT NEJEPI

(Polat ussa)

Hojagala. Sumbar derýaň kenary,
Beýik Seýit Nejepiniň gubury.
Orta asyrlardan galan ýadygär,
Giden müňýyllykdan berýär habary.

Il içinde uly onuň kyssasy,
Zyýarata gelse – sagdyr hassasy.
«Kim?» diýip, oýladym onuň ussasy,
Asyrlarda haýyr-sahawaty bar.

Asyrlaryň şatysyna döz gelip,
Ýel-ýagmyra gitmedi ol toz alyp.
Bir durkuny saklap bildi özgerip,
Munda beýik hojaň keramaty bar.

Beýiklige tagzym etmek lazymdyr,
Baryp görmek kalbymdaky ýazymdyr.
Dagdan öwsen şemal mukam-sazymdyr,
Gudraty keremiň alamaty bar.

Bir ýigit görmüşem «Ussa!» diýdiler,
«Gaýraty bar dokuz esse» diýdiler,
Serenjam berşi «gül desse» diýdiler,
Gadymy senediň dowamaty bar.

Oýlandym başynda pany hakynda,
Gadymy geçmişim – köne hakynda,
Gürleşesim geldi dana hakynda,
Onuň dertlerime delalaty bar.

Ynsan ýagşylygy bilen ynsandyr,
Ýagşylygy bolmasa ol bir sandyr.
«Ussa Polat» diýseň iller tanýandyr,
Howandar ol hoja, hemaýaty bar.

Baharlarda bahar ýagşy owadan,
Sähralarda säher nagşy owadan.
Diýdim: «Ussaň salan nagşy owadan!»,
Seýit Nejepide salamaty bar.

1.09.2000.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle