Seýis-çapyksuwar
Seýis-çapyksuwar

Filolog alym Ahmet Mämmedowa
Baş öwredilmedik hötjet atym bar,
Ysnyşjak bolýanam, başa düşmeýär,
Gaýta beter ýeserligin görkezip,
Yzky aýaklarna galýar-kişňeýär.
Eýdip-beýdip maýyn tapyp äkitdim,
Ady belli atşynasyň ýanyna.
Goja seýis agras synçy nazaryn
Aýlady atymyň endam-janyna.
Gamçylap hem käte sypap arkasyn,
Diýdi: Öz-ä, azalmaly şatysy.
Haýran etdi atşynasyň at bile
Ýürekdeş dost bolşy, “dilin” tapyşy.
Ynha, indi şol at uly toýlarda
Çapylýan at, misli tulpar, keýikdi.
Sebäp ony öz wagtynda seýislän,
Şol atşynas halypa-da beýikdi.
Pespällik sowudyn atyp egnine,
Bezzat aty yhlasyna göwnetdi.
Eýerledim, jylawladym, atlandym,
Atyma baş, maňa kän zat öwretdi.
2019 ý.