| |

Şeýh Haýdar

Şeýh Haýdar

ŞEÝH HAÝDAR

Şeýh Haýdar, sefewi tarykatynyñ ýolbaşçysy Şeýh Jüneýidiñ ogly, heniz dünýä inmänkä, kakasy söweş meýdanynda öldürilen Haýdar ejesi Akgoýunly türkmenleriniñ soltany Uzyn Hasanyñ aýal dogany bolandygy üçin 1459-njy ýylda Diýarbekirde, Akgoýunlylaryñ köşgünde doguldy. Dokuz ýaşyna çenli köşkde terbiýe alan Haýdar daýysy Uzyn Hasan beg bilen bile tarykatyñ merkezi Erdebile gelýär we tarykatyñ ýolbaşçylygyny öz eline alýar. Kiçi ýaşlarda türkmen dilinden başga arap, pars dillerini hem öwrenen Haýdar şol döwrüñ meşhur akyldary Aly Guşçydan hem bilim alypdyr.

■ Şeýh Haýdar kim bolupdyr?

Garagoýunly türkmenleriñ hökümdary Jahanşa begi ýeñip, öz agalygyny berkiden Uzyn Hasan beg ýegeni Şeýh Haýdary 1469-njy ýylda ata-babalarynyñ ýaşan şäheri bolan Erdebile gaýtadan ýerleşdirýär. Ol sefewi tarykatyny Siriýadan, Anadolydan gelen müritleri arkaly sistemalaşdypdyr. 1471-1472-nji ýyllarda Uzyn Hasanyñ Trabzon Rum imperatory Yohannes IV Komnenosyñ gyzy Despina Hatyn atly aýalyndan bolan gyzy Älemşa Halyma Begüme öýlenýär. Halyma Begümden Soltanaly, Ybraýym Mürze, Ysmaýyl atly üç ogly dünýä inýär. 
Şeýh Haýdar hem kakasy Şeýh Jüneýit ýaly sefewi tarykatynyñ gerimini giñeltmek isläp, Şirwanşalar döwletine garşy uruş yglan edýär. Ýeñiş bilen tamamlanan Derbent gabawynyñ soñunda Şirwanşalaryñ hökümdary Ferruh Ýaşar (1462-1500) Gülüstan galasyna çekilýär we ýedi aýlap goranýar. Akgoýunly türkmen döwletiniñ hökümdary Ýakup beg Şeýh Jüneýidiñ güýçlenmeginden çekinip, Ferruh Ýaşara kömekçi güýç ugradýar. Netijede Dagystanyñ Tabersaran diýen ýerine golaý ýerde bolan söweşde Şeýh Haýdar öldürilýär. Onuñ kellesi kesilip Töwrize getirilýär we iki günläp köçelerde aýlap halka görkezilenden soñra itleriñ öñüne oklanýar. Bu pajygaly waka Şeýh Haýdaryñ Erdebildäki kümmetini gyzylbaşlar üçin ikinji Käbe hökmünde iñ köp zyýarat edilýän mekanlaryñ birine öwrülmegine getirýär.
Şeýh Haýdar Sefewi türkmen döwletiniñ düýbüni tutujy Şah Ysmaýyl Hataýynyñ kakasydyr.

■ Şeýh Haýdaryñ maşgalasy

Ýokarda agzap geçişimiz ýaly Şeýh Haýdaryñ Älemşa Halyma Begümden üç ogly boldy. 
1473-nji ýylda öz garyndaşy Şeý Feriddedin Japar ibn Hoja Alynyñ gyzyny ikinji aýaly edip aldy we ondanam Seýit Hasan Mürze (1473-1525, Erdebiliñ häkimi), Seýit Süleýman Mürze (1513-nji ýylda dogany Şah Ysmaýyl tarapyndan öldürilýär), Seýit Dawut Mürze, Seýit Mahmyt Mürze atly dört ogly bolupdyr. Şeýle hem Fahryjahan hanym (Baýram beg Garamanla durmuşa çykýar), Melek hanym (Abdy beg Şamla durmuşa çykýar), Patma soltan (Hüseýin beg Şamla durmuşa çykýar), Dilşat soltan (Sasun begliginiñ begi Şahaly bege durmuşa çykýar) atly dört gyzy bolupdyr.

■ Giñişleýin maglumat üçin seret:

1). Tufan Gündüz "Iñ soñky gyzylbaş ~ Şah Ysmaýyl" ("Son Kızılbaş Şah İsmail), 5-nji neşir;

2). Sara Aşyrbeýli "Şirwanşalar döwleti", "Awrasýa Press" neşirýaty, Baku-2006;

3). Peter Jackson, Lawrence Lockhart eds. (1986). The Cambridge History of Iran. 6. Cambridge: Cambridge University Press;

4). Roger Savory (2007). Iran Under the Safavids. Cambridge: Cambridge University Press.

 

Taryhy şahslar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle