Seýdiniñ döwürdeşlere açyk haty
Seýdiniñ döwürdeşlere açyk haty
Garabekewül raýonynda uly ýoluñ ýakasynda «Şu ýerde beýik şahyr Seýitnazar Seýdiniñ ýadygärligi dikeldiljek» diýen ýazgynyñ goýlanyna indi on ýyldan hem köp wagt geçdi.
Men size ýüzlenýän açyk hat bilen,
Ähli oý-pikirim jemläp serimde.
Welnamyñ dogmasy Mirhaýdar bilen
Gylyç syrup, darkaş guran ýerimde.
Goýupsyñyz dört burç bir kesim daşy,
«Ýadygärlik» diýip «beýik şahyra».
(Men özümi beýle beýik saýmandym,
Pes pälli bolupdym ozal-ahyra).
Gitsem-de bu ygtybarsyz jahandan,
Egne geýip alty gary bizleri.
Boş wadalar bilen, ýalan söz bilen
Edil beýdip kemsitmäñler bizleri!
Başym silkip, buýsanyplar gezdim men,
Bedew atly ýigitlere baş bolup.
Indem ýol üstünde, aýak astynda
Ýatmak ýokuş degýär tokga daş bolup.
Elden-ele geçse şygyr diwanym,
Namalarym bezel berse sazlara.
Hatyjanyñ waspyn eden setirlem
Sadly bolup habar gatsa gyzlara.
Gyzgyn söweşlerde dörän nagmalar
Ýigitleñ göwnüne bekletse ganat.
Garrylykda jahyllygmy ýatlanym
Gojalara berip bilse kanagat.
Maña başga ýadygärlik gerek däl,
«Hemme şu ykrarda durulsyn imdi».
Ýok ediñ şol daşy, ýogsam bolmasa…
«Herne kysmat bolsa görülsin imdi».
Şahyryñ hyýaly hatyny ýazga geçiren
Akmämmet HÜMMEDOW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 09.01.1987 ý. Goşgular