Serim size sadaga

Serim size sadaga SERIM SIZE SADAGA

Serim size sadaga

Serim saňa sadaga
Mätäji.

Serim size sadaga,
Sahawatly adamlar!
Siz bilen geçsin günler,
Bile atsyn ak daňlar!

Serim bolsun sadaga,
Daýananym — ilime!
Il güýji meňzedilen,
Dagyň däli siline.

Hakykat bu, aňladym,
Ser salyp gara — aga.
Ýaşaýyş ýok il-günsüz.
Çal baş ile sadaga!

Serim size sadaga,
Dost-dogan, bar halaýyk!
Bar dilegim- gitmäň siz,
Menden öňürdip, gaýyp.

Galypdyr aýtgy bize —
Dogmasyn aýym, günüm,
Il-günsüz, işigmize!

2009 ý.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle