|

Sergeý Ýesenine

Sergeý Ýesenine SERGEÝ ÝESENINE

Siz gaýyp gitdiňiz
başga mekana.
Gum-gukluk…
Ýyldyza çaýlyp barýaňyz.
Indi ne awans bar,
ne piwohana.
Dury kelläňiz.
Ýok, Ýesenin!
Ýaňsylamok
men muny,
ýörüs hesret bile
bogazmyz çaýkap.
Görýän –
Süňküňizden doly haltany
Çirtilen elňizde
dursuňyz ýaýkap.
— Besdir!
Boldy!
Hany başda aňyňyz?
Soldurmaň ajala
bu gün gül meňzi!
Siz şeýle zatlary başarýadyňyz,
Başgalar düýşde-de edip bilmezdi.
Näm üçin?
Sebäbini bileris, belkäm?
Tankytçy samraýar:
— Munuň sebäbi,
Halka az ysnyşdy,
içdi,
içdi kän
Netijede
piwo bilen şeraby.
Hamala,
synp saklan bolsa ýanyny,
Ýörerdi ol şerap içmän,
uruşman.
Näme,
synp kwas içip oňýarmy?
Synpam,
ýeri gelse,
duranok içmän.
Napostçy
şeflige alsa kysmatyn,
Belki,
ol zehinli
bordy ep-esli.
Siz bir günde
ýazardyňyz ýüz setir,
uzyn hemem tukat –
Doronin misli.
Eger şolaň
diýeni çyn bolanda,
özlerne kast ederdiler öňüräk.
Meň pikirimçe,
tukatlykdan ölenden,
Arak içip ölen
biraz oňurak!
Ýitgiň sebäbi çuň
aňlar ýeterden,
syrtmakdyr çakgydan çuňurakdyr has,
syýa bolan bolsa
“Angleterde”,
Damary kesmäge
bolmazdy esas.
Siziň çüýşedeşler
bolup diş-dyrnak,
mertlik saýdy
ölmekligi
siz ýaly.
Nämä gerek
ölüm sanyn artdyrmak?
Geliň,
gowsy,
akdyralyň syýany!
Indi mydam
diş bor
dillere galkan.
Ýerligi ýok,
etseň dady-perýady,
Dil döreden
örän uly bir halkyň
Öldi bir owazly,
serhoş ussady.
Şygyrlar ýazýarlar
o dünýe hakda.
Mazar ysy
burna urýar
şo bada.
Kütek kapyýa tapyp
ökdeden-ökde,
Şahyry
wasp etmek
bolupmy kada?!
Ýadygärligňiz ýok,
ol bize aýan,
Mermerem görnenok
Garagörnümden.
Ýöne
sarpaňyzy
gömdüler eýýäm
Ýatlamadyr
şygryň garagurumyndan.
Adyňyz
şor bolup
ýaglyga siňdi,
Sobinow saýanda
sözüňiz doňdy:
Igli berýozanyň
penalap astyn,
Iňleýar:
“Söz diýme,
dem alma dostum”.
Başgaça ýüzlenseň –
inçeden-inçe
Ýoldaş Leonid Loengriniçe!
Şu ýerde
gödekden
batly gygyrsaň:
— Ýol bermerin
suwutmaga
kärini!
Olaň
gulaklarna
çirkin sygyrsaň,
Kädä gabap
ählisiniň pirini!
Dargatsadyň
körzehinleň barysyn,
Üfläp penjek ýelkenlerne bakanyň.

Goý,
elem-tas Kogan
köçeden barsyn,
Dürtüp,
duş gelene
murtuň peýkamyn,
Seýtekletmän
gelýär
pis işler entek,
Iş kän –
biliň guşap ýeriňden tursaň.
Ilki
bu durmuşy
özgertmek gerek,
Özgerdeňsoň,
tarypyny ýetirseň!
Bu döwür –
kyn gelýär syýa, galama,
Ýöne,
hany aýdyň,
maýyp-müjrüpler,
Nirde,
haçan,
haýsy beýik ulama
Ýeňil ýol üstünde
ýazdyrdy ýükler?
Söz –
adam güýjüniň
serkerdesidir.
Döwür
yzda
ýadro bolup ýarylsyn.
Goý,
şemal saçlara erk etsin-de,
Ýelpesin geçmişe
şonuň barysyn.
Ýeriň
şatlyk üçin
töri örän dar,
Şatlyga
ýol açyp,
küşt beriň gussa.
Bu durmuşda
ölüp gitmek
kyn iş däl,
Ýöne durmuş gurmak
kyndyr
müň esse.

1926-njy ýyl.

Terjime eden: Gurbannazar EZIZOW.

“Edebiýat we sungat” gazeti, 1973 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle