Seret sada göz bilen
Seret sada göz bilen
Darykma hiç, alñasama durmuşda,
Alñasanyñ alçy gopmaz aşygy.
Zeýrenmegin, çünki jomartdyr ykbal,
Bäşiñ alsa, berer ýigrim bäşini.
Käbir zada seret sada göz bilen,
Köp gapynyñ açarydyr sadalyk.
Gury saman ýaly bir otluçöpe,
Ýa bir söze gidiberme «ot alyp».
Ruhdan düşürmesin zerur wagty hem,
Pursady döredip bilmeýänligiň.
Belki, şat bolşudyr sabyrlylaryň,
Amatly wagtyňy peýleýänligiň.
Kabul et käteler görüşiň ýaly,
Kä azaşar öñki çygyrdan aşýan.
Bu pany dünýäniñ jedeli şeýle,
Çylşyrymly baksaň çylşyrymlaşýar.
Kerim ATÇAPANOW.
30.04.21 ý. Goşgular