Sere gelen setirler
Sere gelen setirler
■ Neşe söwdasy bilen meşgullanmak hem edil ajal bilen gizlenpeçek oýnan ýalydyr.
■ Alara hiç zady bolmadygyñ hem ýüzüni alýarlar.
■ Garynja ýaly jepakeş bolsañam, iliñkini daşamaly däl.
■ Ýalançy dünýä çynyñy öleñsoñ aýdýar.
■ Aýagyna dyrmaşdyrsañ, başyña-da çykarlar.
■ Sözüñ güýji ~ äheñinde.
■ «Garnym doýsa-da, gözüm doýanok» diýýäniñ gözüni doýurmak hökman däl.
■ Nebsi agyrýana derman içirenoklar.
■ Hojaýynlyk satmak üçin ilki ony satyn alýan bar.
■ Ogrudan ogurlañda ädim ogurlamaly.
Kejebesi daralýany düýeden düşürseñ näder?!
■ Gülki ~ gül, agy ~ tiken.
■ Eli sowanyñ ýüregem sowaýar.
■ Eli uzadan ýerine ýetýäne: «Eliñden gelse asmany çek» diýenoklar.
Atajan ANNABERDIÝEW. Sözler
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.