Serçe (Esse)

LAO Şe,
hytaý ýazyjysy
Ýagyşdan soň howluda ýaňy bir etenelikden saýlanyp ugran serçejik peýda boldy. Ol bökjekleýärdi, arasynda pessejikden uçmaga-da synanyşýardy. Ýöne bar başaran zady, pajarlap oturan gülli güldanyň gyrasyna münüp-düşmek boldy. Serçejigi daşyndan synlap oturyşyma, ondan artyk ýokary uçup bilmejekdigine düşündim. Sebäbi çep ganatyndaky zaýalanan perjagazlary uçmaga päsgel berýärdi. Oňa ýakynlaşmaga synanyşdym. Serçejik bolsa towsup gaçmaga başlady, birdenem sakga durdy-da maňa seretdi. Onuň noýba ýaly kiçijik gara gözleri maňa juda mähriban göründi. Emma onuň bakyşlarynda ynam diýen zatdan nam-nyşan ýokdy. Etenelikden kapasada saklanan bolmaga çemeli. Sebäbi adamlardan asla ürkmeýärdi. Emma çep ganatyna welin, hojaýyny ýa-da başga birleri zyýan ýetiren bolmaly. Ol ynsanlary söýse-de, olardan ürkmese-de, doly ynanyp bilenokdy. Bu hakda oýlanyp, gama batdym. Guşjagazyň ganatynyň gyrlandygy nähili gynandyryjy! Bujagaz guş, belki-de, başyny çarap, özbaşyna ýaşap bilerdi. Emma adamlar oňa gödek darap, onuň ýeleklerini zaýalapdyrlar. Onuň bil baglan ynamynyň ýykylmagy, wah, gör, nähili gynandyryjy! Guşuň gözlerinde ýiti öýke görünýärdi. Hawa, ol naşyja hem eteneje bolsa-da, hereketlerinde gahar-gazabyny, öýkesini sessiz görkezýärdi. Ol ömrüniň şol galanja kiçijik bölegini halas etjek bolýardy, emma näme etjegini bilenokdy. Onuň özüne-de, adamlara-da ynamy öçüpdi. Şonda-da hossar tapynmaga umyt edýärdi. Bökjekläp golaýa-golaýa gelse-de, näçe seretse-de, ýakynlaşmaga het edip bilenokdy. Ony tüwi dänesi bilen özüme çekmek isledim, pişik geler öýdüp, ol ýerden aýrylmaga çekindim. Emma pişik howluda däldi. Haýdap aşhana eňdim-de, eslije tüwi dänesini alyp yzyma gelsem, eýýäm şu ikarada guşjagaz ýokdy. Haýdap daşky howla çykdym, pişik diwaryň öňünde, güldanyň gapdalynda joňkaryp otyrdy. Oňa elimi galgatdym, pişijek eglenmän gaçyp gitdi. Eýýäm bellisini edendir diýen pikire gapyldym. Eteneje halyna demir penjä düşmegi…
Pişik kümeleriň birine sümüldi. Onýança-da guşjagazy tapdym. Ony goramaga çalyşdym. Onuň umytsyz bakyşlaryny ýatdan çykaramokdym. Ömrüne howp salynýan, pena isleýän bakyşlardy. Pişigi bu ýerden her näçe kowsam-da, haýry ýok ýalydy. Çünki guş daşyndan çala jany bara meňzeýärdi. Pişik ýene aşhana girdi, men onuň bolşuna geň galyp, ony ýene-de kowdum. Şol arada iki sany noýba ýalyjak gara gözler, göwnüme bolmasa, açylan ýaly boldy.
Pişik aşhana girip, gyşda ulanylyp, ýazda bolsa sökülip bir burça basylyp goýulýan pejiň ýanyna geldi. Guşjagaz ýene gözden ýitdi. Burçda ýatan demir pejiň böwri dolulygyna ýere degmänsoň, pişigiň penjesi sygaýjak kiçeňräk boşluk bardy. Gaçaňkyrlan umydym ýene-de gaýdyp geldi. Guşjagaz entegem aýak üstünde eken. Menem bar-a, bu pişik bary-ýogy dört aýlyk, ol, hatda syçan tutmany-da bilenok ahyry. Ol neresse bary-ýogy guşjagaz bilen oýnamak islän eken. Munuň şeýledigine düşünenimde guş eýýäm daşyna çykypdy, pişik bolsa tersine ürküp, yza tesdi. Guşuň daş keşbini birlaý gözden geçirdim. Ol agyrysyna çydaman iki bükülen adam ýaly, döşüni ýere berip otyrdy. Onuň hiç ýerinde gan-kok ýokdy.
Wah, şol iki sanyjak gara gözler! Ol gözler tukat hem howsalaly görünýärdi. Onda bary-ýogy sähelçe ömür galypdy. Guşjagaz göräýmäge pişigiň hüjümine garaşýan ýaly hem bolsa, onuň garşy çykmaga-da, gaçmaga-da mejaly ýokdy. Ýa-da, tersine, halasgäriniň gelmegine garaşýan ýaly seredip durdy. Bu garaja gözlerde ýaşaýyş hem-de onuň soňy bile göründi. Ol mejalsyz halda bolsa-da, bir zat aýdasy gelýän ýaly, zordan jürk-jürk etdi. Umyt — durmuşyň köki. Bu umyt oňa bagryny ýere berip, takdyra ten bermäge mejbur edýärdi. Ol gaty gorkýardy, emma şol umyda diýseň wepalydy. Onuň birje uçgunjygyna durky bilen doly boýun bolupdy hem-de takdyryna ten berip, asla hereket etmedi. Ýaşaýşyň soňy bilen ýaşaýşyň arasynda göreş başlanypdy. Göz açyp-ýumasy salymda şol iki sanyjak garaja gözlerde ýaşaýşyň soňlanmagam ahmaldy, ýöne ol welin, ne jürküldedi ne-de gymyldady.
Pişik bu gezek oňa topulmady. Diňe kiçijik penjeleri bilen degmäge synanyşdy. Serçejik bolsa ýerden gözüni galdyranokdy. Edil häzir ondan: «ýaşaýşyňy dowam etmek isleýäňmi?» diýip sorasaň, muňa asla garşy bolup durmazdy. Ol pişigiň öňünde asla ejizlemedi, mert durdy!
Ahyry men pişigi daşaryk çykaryp, ony elime aldym. Ýaňy per bitip başlan, eteneje serçejik maňa seretdi. Howla goýbersem, öz elim bilen gorpa iterdigim boljakdy. Öýde saklaýyn diýsem, kapasam ýokdy. Şol pursat özümi dünýädäki bütin ýaşaýşy elimiň aýasynda saklaýan hem-de näme etjegini bilmeýän ýeke-täk ynsan ýaly duýdum. Guş hiç hili gymyldamady. Uzaga çeken dymyşlykdan soňra, ony ýatylýan otaga alyp gitdim. Stoluň üstünde goýdum-da, ondan gözümi aýyrman seredip oturdym. Olam uzak wagtlap doňup oturdy, birdenem kellesini çepe-saga öwrüp, gara gözlerini açdy. Ýok, şondan soňam ol gymyldamady, ýöne bir zatlara indi göz ýetiren ýaly ynjalyp, aşak seretdi…
