|

Şeraba oda

Şeraba oda ŞERABA ODA

Şeraba oda

Dilsize dil bitirip, saýradar birdem,
Gorkak batyr diýip ýöreniň merdem.
Kisesinde weli it uwlaýandyr,
Ynansaň gepine baý eder zerden.

Nadanlygy artar ýene nadanyň,
Endamyna gaýrat geler ýadanyň.
Güýji nä güýç göterilen badanyň,
Akyl geler, gider duman serinden.

Biri serhoş, biri beýhuş, biri hoş,
Göwresine seretme sen, biri boş.
Danalara her damjasy bolgaý noş,
Akar çeşme, bulak, derýa tereňden.

Birsellem dünýäni unudar adam,
Birsellem öz-özün tanadar adam.
Birsellem han-hanan, soltandyr adam,
Keýp gidensoň hiç zat gelmez elinden.

Gamzat Padasanyň ogly Resulyň
Setirinde beýan boldy wysalyň.
Kim bilmeýär Omar Haýýam gazalyn,
Dünýä ala-ýazdyr onuň zorundan.

Başarana «Halal!» diýmiş ol dana,
«Haram!» diýmiş içenden soň pohlana.
Behişt däl, dowzahdyr eger aldana,
Bu ýagty jahanda parhyň nä körden?!

Seni datmadyk ýok, dadana hezzet,
Dana lezzet, akmaklara kän ezýet.
Nirede? Kim bilen? – sorasaň wesýet,
Berjaý etseň bolar orunyň törden.

24.03.2014. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle