|

Şepelere häsiýetnama

Şepelere häsiýetnama ŞEPELERE HÄSIÝETNAMA

Şepelere häsiýetnama

Birisi Pökgi Wala,
Garaçomak birisi.
Hasan şugul, Gully han,
Dirileriň dirisi.

Syrtpuruş Nepes peşab,
Gassaplaryň gassaby.
Çapgyýassykda ýatan,
Ýokdur hetdi-hasaby.

Huzurynda elmydam,
Ýelli Zaman — kümsügi.
Garbap alar ýanyna,
Özi ýaly samsygy.

Ady onuň pulmesi,
Gözi iliň ýalynda.
Göräýmäge sypaýy,
Jöwher pyçak bilinde.

Bally molla obanyň,
Täze metjit ymamy.
Heleý görse köçede,
Göçer gider imany.

Öküz gödek goňşusy,
Enneküti ýeňňesi.
Şaňňyrdaýar horjunda,
Harwar-harwar teňňesi.

Bar gargasy, gyrgysy,
Bar tüýkesme ogrusy.
Ýöne weli tapmadym,
Ýok eken Göroglusy…

03-05.04.2024. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle