| |

Seniň gözleriň-gözleriň

Seniň gözleriň-gözleriň SENIŇ GÖZLERIŇ-GÖZLERIŇ

Gül görkünden gözüm doýmaz,
Seniň gözleriň-gözleriň.
Meni öz erkime goýmaz,
Güler ýüzleriň-ýüzleriň,
Eşitmedik halym duýmaz,
Meniň sözlerim-sözlerim.

Aýyp etme, men şu halda,
Ýüzüp ýörün arzuw kölde,
Bilemok sen nä hyýalda?
Heý, bolmanda meni alda,
Yşkym ýakdy meni ýolda,
Otly, közleriň-közleriň.

Köp gyzykdym, dünýe pany,
Şunça çekdim, men jepany,
Görebilsem, wah, wepaňy,
Gönendirsem, eziz jany,
Umydym bar, ýüz-müň sany,
Görkli, özleriň-özleriň.

Sataşmadyk, menden dynar,
Haçan senden mährim ganar?
Et owulyp süňküm synar,
Belki, seniň rehmiň iner?
Bagtym çüwer, döwran döner?
Köpdür, näzleriň-näzleriň.

Beýan etsem hal-ahwaly,
Halys, bilseň Illiň haly,
Ýa bir şeýtan saldy aly,
Gün görmedim men ybaly,
Degnam dartym kiriş ýaly,
Golaý, üzlerim-üzlerim. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle