Seniñ gözlegiñde
Seniñ gözlegiñde
Men seni henizem şol gözläp ýörün,
Taparymdan welin, tapmazym ýakyn.
Zeminde bar bolsaň, men tapjak borun,
Kalbymy gamlardan boşatmak üçin.
Göz öňüme gelýär gara gözleriň,
Göwnüme bolmasa, çagyrýan ýaly,
Üstünde duran dek edil közleriň,
Ýanyp, bişip ýörün çekip perýady.
Söndüräýseň ýürekdäki yşygy,
Täzeden jan berip, otlan tapylman,
Öz-özüň ýakarsyň kesir ýaşlygy,
Ýürek «ah» çeker-de, galar ýapylman.
Sagyma aýlanýan, soluma bakýan,
Gözüme görneňok, gelenok sesiň,
Syrýaryn derimi suw bolup akýan,
Aýlandym ýollaryň belendin-pesin.
Sen welin tapdyrman, çekdirip näziň,
Keýpin görýän ýaly däli ýaşlygyň.
Özüňe meňzedip güllerni ýazyň,
Sen keýpine kösäp dursuň aşygyň.
Nurýagdy SEÝITLIÝEW. Goşgular