Seniň dogduk topragyňda
Seniň dogduk topragyňda

Men 1981-nji ýylda Aşgabatda bolanymda Kerbabaýewiň öý muzeýinde Eýranyň Gürgen welaýatyndan Magtymgulynyň guburyndan getirilen topragy gördüm.
Magtymguly, uly ussat,
Kalby nurdan doly ussat,
Gördüm dogry ýoly ussat,
Seniň dogduk topragyňda.
Türkmenistan, mert illeriň,
Ýetişdirýär nesilleriň.
Tarypy bar gözelleriň,
Seniň dogduk topragyňda.
Bilbil dek owazy gördüm,
Gyşy gördüm, ýazy gördüm.
Söhbeti, hem sazy gördüm
Seniň dogduk topragyňda.
Güle beslenip dag-dere,
Jennet diýdim beýle ýere.
Ynam bardy şat günlere
Seniň dogduk topragyňda.
Hoş aruzw bar, hoş niýet bar,
Nesillere nesihat bar.
Söýgi bilen muhabbet bar
Seniň dogduk topragyňda.
Köňlümiziň geregi dur,
Goşgularyň bezegi dur.
Joşan şahyr ýüregi dur,
Seniň dogduk topragyňda.
Aşgabat şäheri, 12 iýul 1981.
• AŞGABAT
Köpetdaga bakar ýüzüň,
Tomaşadyr çölüň-düzüň
Sende geçýär şatlykly gün,
Açylar ýürek Aşgabat.
Her tarapyň gül deňizi
Haýran edip keşbiň bizi.
Tomus, güýzi, gyşy, ýazy,
Goýnuň jennet dek Aşgabat.
Gelip sende kän gezdim men
Türkmen çölüne bezeg sen,
Rahym aýdar ýürekden:
Toýuň mübärek, Aşgabat!
Rahym ALHAS,
azerbaýjan şahyry.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 11.03.1983 ý. Goşgular