|

Seniñ adyñ

Seniñ adyñ SENIÑ ADYÑ

Seniñ adyñ

Gaýta-gaýta seniñ gaýtalap adyñ,
Ýaşap ýörün üýtgeşik bir dünyäde —
Sen çykyp bileñok ýadyndan ýadyñ:
Kä gussaly gelýäñ, käte — gülýäñde.

Bulutlardan ýasap seniñ keşbiñi,
Maña pitjiñ atýar bezzat şemalam;
Tolkunlaram, aýdyp menden eşdenin,
Adyñ bilen özün urýar kenara.

Altyn çaýyp deñiz bilen asmana,
Gün çümüp gidensoñ durkuna deñziñ,
Ýyldyzlaram, bir-birinden öñürdip,
Kä adyñy ýazýar, kä çekýär meñziñ.

Ömrüm üçin demi bolan ýaşaýşyñ —
Señ adyñda Poeziýañ heñi bar,
Onsoñ, men nireden tapmalymyşym
Señ adyñy unudara ygtyýar?!

Gamlanmaga bolsa bahana-da ýok,
Ynjytmakdan gorkup, gaçyp gaýtsamam,
Hemme zatdan halas eden deñizde
Dert bolmakdan gutularyn öýtsemem…

Ine-de, duýgymdan joş alan tolkun
Çägä ýazyp gitdi seniñ adyñy…
Ýa señ adyñ, gorkup unudarymdan,
Meñ ýadyma özün ýazan jadymy?

Bilemok,
Bilmäge goýañok dadym,
Ejizligme kinaýaly gülýäñde —
Ýadym gaýta-gaýta gaýtalap adyñ,
Ýaşap ýörün üýtgeşik bir dünýäde..

Çary ATAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle