Seni ýitiren günüm…
Seni ýitiren günüm…

Seni ýitiren günüm
Nähili gündi?!
Şol güne men düşünemok şindizem.
Bulut gelip,
Günüñ öñün örtensoñ,
Gijä çalym edip durdy gündizem.
Wah, ýogsam gyş günem däldi-le ol gün,
Ol gün adaty bir günüdi güýzüñ.
Ýöne nämüçindir eşitmeýärdim,
Hemişeki bagşy guşlañ owazyn.
Nirdedir bir ýerde,
irmän çalynýan
Dutaryñ owazam gelýärdi güñleç.
Adamlañ ýüzünde, gygyrsalar-da,
Ne-hä buýsanç bardy,
Ne-de bir gynanç.
Uçup ýören arzuwlarym-
ak guşlam
Gara bulduñ añyrsynda aýlanyp,
Geçip bilmän,
Perwaz urup ýördüler…
A men bolsam, durdum diñe oýlanyp.
Bir görsem,
Köwüşmi-zerden ýasalan,
Jadyly gaýgyñy kürekläp sen hem
Gözýetime-deñze siñip barýardyñ.
Barýardyñ nokada öwrülip kem-kem,
Ne yzyñdan garaýardym gaharly,
Ne çeksem diýýärdim ükenmez näziñ.
Alasarmyk bolup,
Walla añk bolup,
Durdum bir özüm…
Ilkinji söýgimi
ýitiren günüm,
Nähili gündi?!
Şol güne men düşünemok şindizem. Goşgular