Seni söýmedim
Seni söýmedim
Gyz, seni söýmedim,
Eger söýsedim:
Oklap men özümi ýüz-müň hyýala,
Bar gussamy nar deý aýamda sykyp,
Meý edip içerdim guýup pyýala.
Gyz, seni söýmedim,
Eger söýsedim:
Zergäri bolardym şol sary Aýyň.
Bir nika ýüzügi ýasap bererdim,
Oňa gözlerimiň nurundan çaýyp.
Gyz, seni söýmedim,
Eger söýsedim:
Seň üçin şahyr däl,
Bolardym lukman.
Hem seň gije geljek ýoluňa çykyp,
Ýüregmi ýyldyz dek ýakardym hökman. Goşgular