Senden gaýtdym, ýene seniň huzuryňa döneýin
Senden gaýtdym, ýene seniň huzuryňa döneýin

Ruhum güle büreýän
Duýgularmyň zergäri,
Köňlüm ýaza besleýän
Ynanjymyň owazy.
Alnyňda dyzym epip,
Ýykylaýyn öňüňe.
Päk kalbymyň eýesi,
Öwrüleýin guluňa.
Söýgiň üçin gije-gündiz
Götereýin aýamy.
Kabul et naçar dilegim,
Sensiz goýma dünýämi.
Diňe özüňden gorkýan,
Sensizlikde galmaga.
Şol gorkym söýget maňa
Ýykylamda galmaga.
Şol gorky meň nebisim,
Namysym-arym,
Sabyr-kanagatym,
Maksat-myradym…
Senden gorkup, mähir bilen
Saňa bakyp duraýyn.
Garşy gitmän, kaýyl bolup
Şükürlerim kylaýyn.
Razylygyň nesip eýle,
Iman nurun göreýin.
Senden gaýtdym, ýene seniň
Huzuryňa döneýin. Goşgular