Sen
Sen

Sen şeýle mähirli, şeýle eserdeň,
Şeýle mylakatly, şeýle mylaýym.
Seniň üçin hemme gowy, hemme deň,
Sen hemmä ýagşylyk etmäge taýyn.
Gowy gatnaşykda hemmeler bilen,
Köplük bilen bir howadan dem alýaň.
Biri bilen bir zat paýlaşaňda hem
Özüň üçin bir ülüşin kem alýaň.
Ýoldaşlaň üstünde ganatyň gerýäň,
Goýýarsyň olara üýtgeşik gadyr:
Birine bir käse çaý guýup berýäň,
Birine almajyk edýärsiň hödür.
Ýa-da gepleşmäge isleg bildirýäň,
Her bir hereketiň ýerlikli hem saz.
Ýa birine ýomak atyp güldürýäň,
Baran ýeriň — bahar,
Baran ýeriň — ýaz!
Seniň sözleriňde täsin gudrat bar.
Ýylgyrşyňa mahsus bir jady, bir güýç.
A sen ol baýlygy — ýüregim syzýar,
Hiç ýerde hiç kimden gaýgyraňok hiç!
Sen öýden çykaňda ýylgyryp çykýaň,
Ir bilen ýol ugra ýylgyryş seçýäň.
Sen dünýäň ýüzüne ýylgyryp bakýaň,
Diňe
meň deňimden ýylgyrman geçýäň.
Tanyşlaň deňinden ýylgyryp geçýäň,
Sen ýylgyryş sowgat edýäň ýatlara.
Ýagyşlaň içinden ýylgyryp geçýäň,
Ýylgyryş paýlaýaň ähli zatlara.
Ol baýlygy gaýgyraňok hiç kimden,-
Sen ony paýlaýaň ýamana, gowa.
Sen ony güllere görýärsiň rowa,
Sen ony ýellere görýärsiň rowa.
Otlaryň deňinden ýylgyryp geçýäň,
Çöpleriň deňinden ýylgyryp geçýäň.
Itleriň deňinden ýylgyryp geçýäň,
Guşlaryň deňinden ýylgyryp geçýäň.
Ony rowa görýäň keselbent garra,
Gözi ot ýaşlara rowa görýäň.
Ony rowa görýäň baýguşa, garga,
Daglara-daşlara rowa görýäň.
Emma biparh saňa olaryň bary,
Şeýledigini gaty gowy biýäň sen.
Sen bilýäň, men birje ýylgyrşyň zary,
Şoň üçinem ony gysganýaň menden!
Tirkeş Sadykow. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.