|

Sen nirede, çagalygym?

Sen nirede, çagalygym? SEN NIREDE, ÇAGALYGYM?

Ah, meniň çagalygym —
Sende bagtly çaglygym.
Şatlygym, bezzatlygym,
Gaýgydan azatlygym…
Bol meniň ýanymdajyk,
Iň bolmanda, şu günjük!
Çagyrsam gelmeýärsiň,
Hiç yza dönmeýärsiň.
Seni dogduk obamda
Yzladym Tagtapulda —
Benewşe gülli meýdanda,
Hem şaglawukly dagda.
Men hiç jogap tapmadym,
Barmyň şu ýerde dagy…
Öňki ýaly kesildi,
Ene söwüt baldagy.
Birwagt öz saçym bilen,
Olary örüpdim goşup.
Bosagada «Eje!..» diýip,
Gyzym çagyrýar joşup.
Meň balam şeýle bezzat,
Iň ýakyn ezizim meň.
Oň üçin çekmeli azap,
Hem bolmaly seresap.
Ah, çagalygym, şat men,
Men ahyr seni tapdym…
Gyzym meň çagalygym —
Munda bagtly çaglygym!

Mukaddas ABDUSAMATOWA,
özbek şahyry.

Rusçadan terjime eden Aýnabat ATAÝEWA.

“Dünýä edebiýaty” žurnaly, 3/2021 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle