Sen — goşgy
Sen — goşgy
Sen barada goşgy ýazasym gelýär,
Ýöne nämüçindir ýazyp bilemok.
Ony duýgym bilen bezäsim gelýär,
Göwnüm islän pikrim sere gelenok.
Arzyly pursatlar saňa duşamda,
“Men barada goşgy ýazdyňmy?” diýýäň.
Men aldardym, perwaz urup daşyňda:
“Öýde galdy, ýazypdym-la bir eýýäm.”
Kösenmeklik kemini-hä goýmadym,
Saňa rowa görmän suwjuk goşgyny.
(Göwnüňi joşdurýar göwne jaý aýdym
Hem oýarýar kalbyňdaky yşkyňy…)
Seň göwnüňi tapmak beýlede dursun,
Öz göwnümi tapyp bilmän kösendim.
Zülpleriň şemala atanda owsun,
Onuň goşgy-gazaldygna düşündim.
Ýazman durup bilerinmi heý, onsoň,
Ne ajaýyp, gül jemalyň – görküň seň!
Bu lezzetli hyýalymdan aýňalsam,
Asyl goşgy eken tutuş durkuň seň!.. Goşgular