|

Sen geldiñ…

Sen geldiñ… SEN GELDIÑ…

Sen geldiñ...

Sen geldiň.
Ilkinji sesiň eşidip,
Ýap-ýaňyja beren sözümden dändim.
Ýogsa sen geleňde, dünýä ineňde
Menem edil seniň ýaly äm-sämdim.

Soňra seni maňa berenlerinde
Sen ýatyrdyň Gökden Ýere düşen dek.
Saňa gözüm düşüp, men bu durmuşyň
Barha süýjäp barýandygna düşündim.

Saňa näçe diň salsamam düşünmän
Ençe gezek seniň bilen agladym.
Ah, sen, öz bellänje wagtynda turýan
Gurmasyzdan jyňňyrdaýan sagadym.

Seň elläp göresiň, oýnasyň gelýär
Bileňok durmuşyň gyzgan ýerini,
Saňa nädip düşündirkäm ezizim
Pejiň hem çäýnegiň gyzgyndygyny.

Telefonyň aýdymyny açmadym
Aglan wagtyň sesim bilen diňdirdim.
Seniň bilen bagly arzuwlarymy
Saňa düzen hüwdülerme siňdirdim.

Sen olarda ösüp, tiz ulalýaň-da,
Ähli jäjeklerňi gyra süýşürýäň.
Kagyz, galam, kitap alyp eliňe
Deň-duşlarňy töweregňe üýşürýäň.

Soň sen bolup, hem okuwçy hem türgen
Türkmen baýdagyny Göge göterýäň.
Abraýyna abraý goşup Watanyň
Dünýä ýurtlaryndan ýeňiş getirýäň.

Göz öňüme gelýär talyp lybasly
Köp okaýşyň gözleriňi aýaman.
Hem seň özüň ýaly ýigitler bilen
Watanyňy gorap gelşiň sag-aman.

Eý, täzeje ynsan, kiçijek adam,
Islejek däl senden uly bir zadam:
Durmuşyňda ejizlige ýol berme,
Kemelmesin dogmuň!
… Meň dünýämi çalşyp başga bir dünýä
Sen geldiň, oglum!

Güljan DURDYÝEWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle