Sen, bahar we men
Sen, bahar we men
Bahar bulutlaryñ goýy kölgesi,
Hyjuwly ýagyşy tutdy barlygy.
Köñülleriñ çuññur-çuññur gatyndan,
Umytlar ýaprak dek serpdi ýaglygy.
Sähranyñ üstünden aýlanýar bulut,
Yzlap-gözläp gowaçalañ gämigin.
Şemal uzaklara kowalap barýar,
Çigitleriñ boşan ýeñil gabygyn.
Garlawaçlar salam gowşurýar ýere,
Gök otlara galtaşdyryp perlerin.
Baglar begenjinden baş yrap otyr,
Syrykdyryp monjuk-monjuk derlerin.
Geçmişdäki gussalara örklenip,
Oý edeli bakyp daragtlara
Wagtyndan giç gelen bahar çalymdaş
Wagtyndan has giç ýazylan hatlara.
Süýjäp-süýjäp giç oýanan duýgular,
Gijigen nika dek artdyr hümmetin.
Seniñ şu dünýäde bardygyñ bilsem,
Çekmerin hiç ýalñyzlygyñ külpetin.
A sen, göýä güýzki ýaprak mysaly
Gursagyñda galan saçlarym çöpläp.
Guşlary, asmany, bakylygy söý,
Duýgularyñ ýitmez ýaly kerepläp.
Sähra güllerini aralap gaýdan,
Şemal çawuş çakýar daragtlara.
Wagtyndan giç gelen bahar çalymdaş,
Ikimize hupbar beren hatlara.
* * *
Gursagyma ýerleşmedik aýdymym
Seniñ gözleriñe siñip galypdyr.
Deregine ýeten söýgi serpaýy
Meniñ üçin el ýetmejek baýlykdyr.
Başyn bulda çatan uzyn derekler,
Utanjañ gyz kimin otyr sülmüräp.
Söýgim bolup tolkun atýar gök peller
Gursakdaky arzuwlaryn gül büräp.
Hyýallarym deñiz küýsän guw bolup,
Uçup gitdi kalbyñdaky mekana.
Indi yza dolanma ýok hiç haçan
Menzillerde boşap galan dükana.
Gün neşteri gözleriñden syçyrap,
Naýza bolup gursagymda galypdyr.
Seniñ üçin geçilmeli menziller
Diñe maña nesip eden şalykdyr.
Miwe TUWAKBAÝEWA. Goşgular