Şemşat agajy (Powest)

Şemşat agajy (Powest)

WAŇ Myň,
hy­taý ýa­zy­jy­sy

1

Bir müň dokuz ýüz ýetmiş sekizinji ýylyň on dördünji iýulynda Ma Wynhynyň otuz bäş ýaşy doldy. Ol dört aýlap üstünde köp gezek işlän, iki gezek gaýtadan göçüren hekaýasynyň golýazmasyny goltugyna gysyp, juda bir göze ilmeýän çal reňkli metbugat öýüne girişine, aljyraňňy halda, aýda bir gezek çykýan edebi žurnalyň redaksiýasynyň kyssa bölüminiň gapysyny kakdy.

Tolgunmakdan ýaňa ýüregi çalt urup, gursagyny ýarara geldi. Aýaklary diýen etmedi. Daşarda petiş yssy howa höküm sürýärdi. Gazet habaryna görä, bu gün otuz bäş dereje yssy bolmalydy. Ma Wynhynyň agzy gurap, depesi gaýnaýardy.

Bu ýerde, göwnüne bolmasa, onlarça ýiti çyra oňa tarap gönükdirilip, iç-daşynda näme kemçiligi bar bolsa ýüze çykaran ýalydy. Onuň seýrek saçly kellesi baklajan diýseň baklajan däl, kädi diýseň kädi däl, garaz, nämä meňzeýänligi belli däldi. Çep gözi sagyndan uly bolup, bu wagt olaryň ikisem çişdi. Öňe çykyp duran çekgesi, ýaýrawly eňegi bardy. Üç sany alyn dişi bolmany üçin dodagy çöküp, eňegi gelşigini ýitirýärdi. Üstesine, göwresem gelşiksizdi. Boýny uzyndy, aýaklary keltedi. Maýmynyňky ýaly uzyn elleri bardy. Dabanynyň ölçegi otuz sekizdi. Bu bolsa erkek adam üçin peslikdi. Çärýek asyr bäri arzuwlap ýören ýeri bolan bu abraýly žurnalyň işiginden ätlände şeýle betgelşik bolup doglany üçin ene-atasyny ýazgaryp, içinden: «Wah, täzeden doglup bolaýsa…» diýenini duýman galdy.

Hekaýasyny redaksiýa tabşyryp, bir aýlap jogabyna garaşdy. Her gün düýş görýärdi. Öz bolşuna gahary gelýärdi. Dogrudanam, ýetginjek däl, çaga däl, otuz bäş ýaşly, maşgalaly, iş-aladasy ýetik adam üçin düýşde ýaşamak manysyzdy.

Ýöne şonda-da düýş görmesini dowam etdi. Düýşünde hekaýasy çap edildi. Baş redaktor hormatlap ony nahara çagyrdy. Belli ýazyjy boldy. Hatda kitap dükanlarynda saýlanan eserleriniň ýygyndysy hem satlyga çykdy. Düýşünde Balzakdyr Gýotäniň, Tolstoýyň ýadygärliklerine baryp gördi. Merhum Çehow ýanyna gelip, içiniň gysýanlygyndan zeýrendi. Ony söýüp okaýan okyjylaryndan yzyny üzmän hatlar gelýärdi. Edebiýat duşuşyklarynda görenleri haýran edip, täsirli nutuklar bilen çykyş edýärdi. Göwnüne bolmasa, aýaklaram dört barmak ösen ýalydy. Başga bir düýşünde bir şäheriň içinden geçip barýarka ýöreýän ýoluna gül düşelýärdi. Ol ýerde bürünçden heýkeli oturdylypdy. Ony görmäge gelen adamdan ýaňa taýak oklasaň ýere düşjek däldi. Onuň üçin durmuş ýaryşa meňzäpdi.

Oýanansoň karar tapman, ýüz-gözi, gulaklary lap-lap gyzdy. Golýazmasyny alyp galan hyrsyz ýüzli edebi işgäre jaň edip: «Sizi biderek ýere azara goýdum, hekaýamy yzyna aljak» diýip habar tutasy geldi. Ýöne bu pikirinden el çekdi. Hawa, hekaýany yzyna berensoňlar, ajy sözler bilen ýepbeklenjegini bilip durdy. Be-e, näme etse gowy bolar! Heniz ýaşka tankydyň diline düşüp, onuň nämedigini bilýärdi. Şol döwrüň edebiýat öwrülişigi entek ene garnyndaka ýolugan derdini köki bilen gyrypdy. Ruhuny azat etmek üçin iň söýgüli kitaplaryny oda atdy. Güýçli tupan asmana çöken bulutlary dargatdy. Alawlap ýanýan ot kitaplary ýakyp kül etdi. Şeýdip erkinlige çykmak onuň keýpini çag etdi! Dogrudanam, saralyp giden köne kitaplar kime gerekdi!

Ýöne, wah, köne derdi gaýtadan gozganaýmazmy! Kül bolup ýanan kitaplara jan girdi. Gözýaşlara gark bolup, bütin dünýäni unudyp, «Ýaz ýagşy» atly hekaýasyny ýazdy. Edenlerine puşman edip, ony redaksiýa äkidip tabşyrmaga özünde güýç tapdy… Indi hem yza berip, gün yzyndan gün, hepde yzyndan hepde geçýärdi. Eşitmek isleýän jogaby bolsa gulagynda ýaňlanyp durdy.

Şol islegini kanagatlandyrmak üçin özüçe pal atdy. Tigrine atlanyp, çatryga eňdi. Ýaşyl yşyga ýetişse hekaýasynyň çap boljagy, eger gyzyl ýansa, tersine! Ýöne ýol yşygy gyrp-gyrp edip, ýaşyl çyra sary bilen ýerini çalyşdy. Şeýdibem, hekaýasynyň ykbaly çözülmän galdy.

Haçandan bäri beýle dar gursak bolup ýör? Onuň üçin edebiýat bilen meşgullanmak beýik kärdi. Eser ýazanda şahyrana duýgulara uçrap, ajaýyp zatlar hakyndaky pelsepewi pikirlere çümýärdi… Indi ýüzi gyşyk-çaýşyk hatly birnäçe sahypa üçin onuň täleýi gaňňasyny garnyna alaýmalymy?! Muňa biadyllyk diýip düşündi. Onsoň Çehowyň düýşüne girip, şikaýat etmesini geň görüp oturasy işem ýokdy.

2

Aradan üç aý geçdi. Altyn güýz özi bilen şatlyk getirdi. Gupba ýaly asmanyň bulutlary syryldy. Hut redaktoryň elinden geçen hekaýasy duýdansyz ýerden çap bolup, tankytçylar tarapyndanam gyzgyn garşylandy.

— Sag boluň, ýoldaş redaktor, entek çaphanaň ysy gitmedik žurnalyňyzyň ýüzünden öpmäge rugsat ediň! Oňat baha beren tankytçylar, gyzgyn garşylan okyjylar, özümden-de kiçijik eserimi wagt tapyp okanyňyz üçin size-de minnetdar! Onda-da gulaga hoş gelýän «gynançly elegiýa we durmuş senasy», «jadylaýjy päklik we giňlik», «täsin täzelik we begendiren hasyl» ýaly jümleleriňizi gysganmanyňyz üçin hemmäňize minnetdardyryn.

Eý, Taňrym! Otuz bäş ýaşymda bu bolýan zatlara bir serediň! Entek çagakam edebiýaty janym-tenim bilen söýüpdim. Özüme ýukajyk ýandepderçe edinip, şoňa belliklerimi ýazardym. Uniwersitete okuwa girip bilmämsoň pulhanada işledim. Artan-süýşen puluma diňe kitap satyn alardym. Boş wagtym kitaplaryň dünýäsinde ýaşadym. Ýazanlarym okalmaz, üstümden gülerler diýip, bu güýmenjämi ile görkezmekden gorkdym. Ine, ahyry meni ykrar etdiler.

«Huaňhe derýasynyň suwlarynyň asmandan inişini bir görüň!», «Syýa batyrylan galam, ýagyş-ýagmyr gözýaş bolup şygra siňýär»… Taňrym, şu güne çenli tumaýak galan ýaly ýalňyzdym. Çekip çydardan durmuş agyr geldi. Hawa, agyr geldi!

Sag bol, durmuş, sag bol, döwür! Otuz bäş ýyldan soňra çöken göwnüm galkyndy. Ahyrsoňy isleýşim ýaly ýaşamaga, çagalykdan höwes eden zadym bilen meşgullanmaga ýol açyldy. Indi adamlar bolgusyz kemsidiji geplerden daşda. Häzir ruhy galkynyşyň zamanasy.

Oktýabr aýynyň ahyrynda Ma Wynhyn Ýazyjylar birleşigine söhbetdeşlige çagyryldy. Bu habary eşidende gözlerine ýaş aýlandy. Geçmişde galan edebiýat we sungat hakyndaky çagalyk arzuwlary göz açyp-ýumasy salymda hakykata öwrüldi. Şol pursat ol ýigrimi ýaşyna dolanyp, durky-düýrmegi bilen edebiýata berlip, onuň gapysyny täzeden kakasy geldi. Sebäbi bir döwür oňa bolan hormatyny, ynamyny ýitiripdi. Öňünde baş egmesini bes edipdi. Hatda «Ýaz ýagşy» atly bu hekaýasyny ýazandygy üçin özüni ýazgaryp gezipdi. Sebäbi gulagy öwrenişip giden durmuşynyň rahatlygyny bozmakdan heder edipdi. Eýsem, oňa öz adaty rahatlygyny bozmak gerekdimi?! Şol gününe kaýyl bolup ýaşap ýörkä bolsa, ine saňa gerek bolsa, arzuwlary öz aýagy bilen üstüne gelip, gapysyny kakdy.

Hyýalyndaky arzuwlary, kitapdyr žurnalyň sahypalarynda ýaşan umytlary, gören düýşleri… ählijesi üýtgeşik owaz hem joşgun bolup durmuşyna hakykat bolup girdi. Onuň üçin bu geňligem, düşnüksizligem, samsyklygam däl-de, garaşylmadyk täsinlik boldy. Çal saçly edebi işgär hekaýa göz gezdirip, şansi şiwesinde eşidiler-eşidilmez «Juda gümürtik» diýende, ol sözler gulagyna ýakymly degipdi. Ol «düşnüksiz» diýmedi, «ýüregedüşgünjem» diýmedi. Ol nepislik bilen, owazlandyryp «Juda gümürtik» diýdi.

Onsoňam ol ýeriniň bosagasyndan ätlände, bir döwür eserleri bilen tanalan, soňra töhmet sebäpli gözden-gulakdan uçurylan, emma edebiýata gaýtadan dolanyp gelen söýgüli ýazyjysyna duşdy. Onuň soňky ýazan eserleri hem gyzgyn garşylanypdy. Galamy diýseň ýitidi. Şeýle adamlaryň ady rowaýatlara giräýmelidi.

Ine, ol çaý başynda söhbetdeşlikde otyr. Hemmeler ýanyna gelip, elini gysyp gutlaýardylar. Ol her gezek ýerinden turanda käsedäki çaý üstlerine syçraýardy. Olaryň welin bu ýagdaý piňine-de däl. Elini goýbermän berk gysyp duran meşhur Lýu Bini dälmi! «Okadym, erbet däl, ajaýyp diýseňem boljak» diýdi. Hatda meşhur ýazyjylaryň biri oňa öý salgysynam berdi. Mesawy gürrüňdeşlik üçin ony myhmançylyga çagyrdy. Garyşyk pikirleri kellesinden çykaryp, salgysyny içinden gaýtalap, ýatda saklamaga çalyşdy: «Şeýle köçe, şeýle geçelge, şunuň ýaly jaý…». Bu bolýanlar düýş dälmi?! Dogrudanam, ony meşhur ýazyjy myhmançylyga çagyrdymy?!

Ýazyjylar birleşiginiň başlygy meşhur esseçidi. Şol bir wagtda hem ol şäher partiýa toparynda edebiýat we sungat meseleleri boýunça jogapkärdi. Ol uzyn boýly, giň ýüzli, oýa çümegen bolsa-da, käte ýylgyraýmasam bar bolan bir kişidi. Käýarym bolsa agras hala geçip, agramly geplärdi. Oturyp-turşy, eginlerini dik tutuşy, başyny galdyryp, gaşlaryny gymyldadyşy bilenem ünsüňi çekip, aýratyn adamdygyny görkezmegi, bir söz bilen aýdaňda, howuňy basmagy başarýardy.

Ma Wynhyn göze ilmejek bolup çete geçip oturjak bolanda bu täsin adamyň gözüne ildi.

— Sen kim bolarsyň? — Sorag şeýle bir ýiti hem göni goýuldy welin, aljyran Ma Wynhyn diňe ikinji gezekde anyk jogap bermegi başardy.

— Hä, asyl, Ma Wynhyn diýilýän senmidiň! Gel, şu ýerde otur! — diýip, ol eli bilen gapdalyndan ýer görkezdi. Ma Wynhyn utansa-da, oňa görkezilen ýerde oturmakdan başga alaç galmady.

— Nirede işleýäň? — diýip, gyzyklanyp soranda aljyran Ma Wynhyn:

— Soda zawodynda — diýip jogap gaýtardy.

— Nire-de-e?

Esseçi Ma Wynhynyň iki gezek gaýtalap aýdandygyna garamazdan, öň beýle zady eşidip görmändigi üçin:

— Wezipäň näme? — diýip, soragyny dowam etdi.

Ma Wynhyn ýokary derejeli ýolbaşçy, abraýly ýazyjy bilen hemmeleriň öňünde gürleşmäge çekinýärdi. Bu sorag onsoň ýene gaýtalandy.

Kimdir biri aýdylany düşündirmek üçin:

— Käriň näme? — diýdi.

— Pulhanaçy.

— Pulhanaçy-y? — Muňa gaşlaryny çytan esseçi:

— Diýmek, sen işden boş wagtyň ýazýaňda? — diýdi.

Bu soragda ol özi hakyndaky aladany duýdy. Göýä, ondan «işiňden razymy, belki, saňa edebiýat ugurly bir iş tapyp bereris» diýlen ýalydy. Beýle gyzyklanma Ma Wynhynyň depesini göge ýetirdi. Ol:

— Hawa, ýeterlik wagtym bar, başlyklaram goldaw berýär — diýip jogap berdi.

Çaý başyndaky söhbetdeşlik onuň bu ýerden özüne orun edinendigini aňladýardy. On bäş ýaşynda golýazmany ilkinji gezek edebi žurnala iberen gününden bäri ýigrimi ýyl geçipdi. Bu çaýlaşykda Ma Wynhyn, göýä diýersiň, jennet çeşmesine sataşyp, bakylyk dermanyny içene döndi. Ilki bu ýerde özüni gelmişek ýaly duýan-da bolsa, dura-bara göwni aram tapyp, ganat baglap uçaýasy geldi.

3

Uçar asmana galýança ilki bar güýji bilen bat alýar. Onuň güýjüniň elli göterime golaýy ýokary galmaklyga sarp edilýär. Ýokary galandan soňra kadaly ýagdaýda uçuşy dowam etmek, oňa edil biziň elimizi çarpyp goýberişimiz ýaly ýeňil düşýär.

Ylgaýan türgenem şeýle. Ilki ähli ünsüni duran ýerinden bat almaklyga jemleýär, soňra tizligini ýokarlandyrýar. Pelläniň ýarysyna ýetende, el-aýagy ýeňläp, adaty herekete girýär. Hatda topraga garylan tohuma hem boý almak üçin esli wagt gerek bolýar. Ine, başky kynçylyklar şeýdip ýeňlip geçilýär.

Ma Wynhyn özüne Wyn Han (öz adyna kybapdaş, ýöne has aýdyň «Açyk ýol» diýen manyny berýän) lakamyny aldy. Şu iki ýylyň içinde dürli gazet-žurnallarda otuza golaý hekaýadyr esseleri çap edildi. Hatda «Ýaz ýagşy», «Ýyldyzlaryň şuglasy», «Hakyky duýgy», «Sergin howa», «Aý şöhlesi», «Çeşmeler», «Ýakymly şemal», «Gijeki düýş»… ýaly hekaýalary dürli baýraklara mynasybam boldy.

Onuň döredijiligine uly baha berildi. Ömründe eşitmedik öwgüli sözleri üstüne ýagdy:

— Ajaýyplyk bilen belentde başlady. Edebiýat äleminde ýyldyz bolup dogdy. Oňa özi bilen tämiz howa getirdi.

— Döwür ýazyjylara ýüzlense, ýazyjylar täze döwri öz eserlerine siňdirýärler. Wyn Hanam şeýdip peýda boldy. Paýhasly garaýşy bilen öz ugruny, kyssada öz ýoluny tapdy. Ol adamlaryň gözüni açdy. Öň üns berilmedik zatlara ünsi çekdi.

— Wyn Hanyň eserlerini okanymda Lu Siniň çuňlugyny, Çehowyň küýsegini, Turgenewiň nepisligini, Hemingueýiň az sözlüligini duýdum. Ýöne Wyn Han olaryň hiç biri däl. Onuň öz ýoly, öz dünýägaraýşy bar.

— Onuň täze eserini okanymyzda edil arassa çeşmäniň ýerden dömşi ýaly, olaryň durmuşa girişini görýäris. Bu eserleriň otuz bäş ýaşly ýazyjynyň elinden çykandygyna ynanmaýarys. Olar çeperçilik bilen utgaşyp, ussatlyk bilen ýazylypdyr.

— Wyn Hanyň eserleriniň aýratynlygy — olar täzeçil, çuň hem hakyky. Ol täze pikirlere, täze mowzuklara, täze çemeleşmelere baý adam. Hakykaty aýdyp, gozgaýan meselelerinde çuňňur duýgulary, garaýyşlary, anyk çözgütleri berýär. Durmuşdan alnan gahrymanlary bolsa ýürekden hereket edip, wakalar jikme-jik beýan edilýär. Sebäbi täzeçillige ymtylyş hakykata ýakynlaşdyrýar. Ýöne täzeligiň many-mazmuny giňden açylmasa, ol gezip ýören hokgabazy ýatladýar. Dogruçyllygy bolmadyk täzelik bolsa aldawdyr. Täzeligi getirip bilmeýän dogruçyllykdan hem nep tapyp bolmaz. Wyn Han ilkibaşdan şularyň agramyny deňläp, sazlamagy başardy.

Her gezek eseri çap bolanda ýagýan öwgülere begenip, gijelerine onuň aýalam, özem ýatyp bilenokdy. Adatça, iç döküşip, ondan-mundan gürrüň edenlerinden soňra ukulary tutardy. Indi aýaly ýaňy uklajak bolaram welin, Wyn Han uludan demini alyp, hamsygyp başlardy:

— Ýulin, beýle döwür geler diýip hiç pikir etmändim. Iki ýyl mundan ozal şol güýz güni ýadyňa düşýärmi? Garaňky düşüpdi, öýde kitap tekjesiniň ýanynda bir burçda işläp otyrdym. Demiň-demiňe ýetmän, sojap ýanyma geldiň. Bar aladam ýazmak bolany üçin, birden näme bolandygyna düşünmedim. Oglumyza bir zat bolandyr öýdüp gaty gorkdum. Ýüregim agzyma geldi. Görsem, eliňde žurnal bar. Hekaýam çap bolupdyr. Şol gije hem gyzdyrdym, hem üşütdim. Ýüregimiň sesini eşidemokdym. Hemme zat kellämde garym-gatym boldy…

Aýaly bu gürrüňi eýýäm ýigrimi bäşinji gezek diňleýärdi. Ukusy zym-zyýat boldy. Her gezek täze hekaýasyna syn çap edilende aýaly gijäni çirim etmän geçirerdi. «Meniň döwrümiňem geljek güni bar eken» diýýän adamsynyň sesi ýatmazdy.

Wyn Han wagt geçdigiçe öwrenişip, bolýan zatlary bolmalysy ýaly kabul etmäge başlady. Onda «özüm beýle synlara, öwgülere mynasypdyryn» diýen pikir döredi. Sebäbi gowy ýazýardy, muny hiç kimiň buýrugy bilen etmeýärdi, bu synlary sorap alanokdy. Soňra bolsa şol bir äheňde baha berilmegi ony ýadadyp başlady. Ünsüni çeken zat — daşary ýurtly ýazyjylara beýle syn berilmeýärdi. Olar söz bilen seniň suratyňy çekýärdiler. Ine, ýene sahypa agdarýar. Görse, täze eserine ýazylan syn. Onda synçy ýazyjynyň üç sany aýratynlygyny aýdyp, öwüp ýazypdyr. Wyn Han muny okap ajy ýylgyrdy. Galan otuz tarapyny görmändir. Hekaýa düşünerden bularyň zehini kemter gelýärdi. Asyl, olar Wyn Hany öwmän, kemsidip ýören bolaýmasynlar?!

Ilkinji gezek edebi baýrak bilen sylaglananda mekdepde bile okan dostlarynyň biri ony çagalar žurnalyna işe çagyrdy. Wyn Han çagalar üçin ýazmaýardy. Ýöne pul bilen işleşenden, edebiýat bilen işleşmek ony imrindirýärdi. Muňa şeýle bir begendi welin, sylag alan pulunyň bir bölegine täze iş teklip eden bilen bile birki sany dostuny «Pekin ördegi» restoranyna nahara çagyrdy.

Üç aýdan soňra, täze ýazan eserleri tankytçylar tarapyndan gowy garşylanany üçin, köne adyndan resmi taýdan ýüz öwürdi. Şol mahalam ýerli teatryň müdiriniň orunbasary iki gezek ýanyna gelip, teatr bilen işleşmegi teklip etdi. Ol:

— Öz eliňiz, öz ýakaňyz. Pýesa ýazasyňyz gelse, pýesa ýazyň. Ony islemeseňiz esse, hekaýa ýazyň, tapawudy ýok. Towugyňyza tok diýjek adam bolmaz. Sebäbi gowy hekaýadan gowy pýesa çykýar. Munda hiç hili kynçylyk ýok. «Ýok» diýmezden ötri biziň ajaýyp teatrymyz bilen tanşyň… — diýip, Wyn Hany ynandyrdy.

Şol döwür hälki köne mekdep dosty hem gelip:

— Hemme zat taýyn. Işiňi üýtgetmäge degişli resminamalary ertir alarsyň. Edaraň bilen ylalaşyldy. Indiki aý zähmet hakyny bizden alarsyň. Ma Wynhyn, gör, nätdim?

Köne adynyň tutulmagy oňa ýaramady. Bu onuň häzirki gazanan üstünlikleri, jemgyýetdäki orny bilen gabat gelmeýärdi.

— Bagyşla, bu teklibiňi kabul edip bilemok. Çagalar edebiýaty meniň üçin däl.

Muny ol şeýle bir sowuk hem azymly diýdi welin, dosty üç aý ozal hödür eden ördek tagamyny tasdan yzyna gaýtarypdy.

Teatra işe geçmeklik çalt gurnalyp, bir aýyň içinde düzeldi. Ähli kagyzlara gol çekmek üçin işgärler bölümine çagyryldy. Bagtly diýersiňiz siz! Ýöne ymarata girende özüne gaty ynamly, sypaty bilen ünsi derrew özüne çekýän bir hanyma sataşdy. Zenan mylaýym sesi bilen:

— Bagyşlaň, jenap Wyn Hany nireden tapyp bolar? — diýenden, Wyn Han:

— Bu men — diýip, jogap bermäge howlukdy.

Bu zenan kinostudiýanyň edebi ýazgylar bölüminde işleýärdi. Ozal aktrisa bolany üçin, onuň ilki göze ilmesi indi düşnüklidi. Ol Wyn Han bilen şertnama baglaşmak üçin gelipdi. Ähli zady sorady, giňişleýin maksadyny öwrendi. Wyn Hanyň teatrda işlemekçidigini eşidip:

— Ýok, ýok, bolmaz. Bize işe geliň — diýdi.

Hoşgylaw sesi bilen hemme zady hemme kişiden gowy bilýän adam ýaly, kinostudiýanyň teatrdan has ileri tutulmagynyň on iki sebäbini düşündirdi.

Netijede, Wyn Han ne teatra işe girdi, ne-de kinostudiýa. Ikisinden birini saýlap bilmän ikirjiňlenip ýörşüne, ýaz paslynyň geleninem duýmady. «Ýakymly şemal» hekaýasy üçin baýraga mynasyp görlenden soň, ýarym ýyllap edebiýat kursunda okady. Şol ýylyň güýzünde-de şäheriň ýazyjylarynyň hataryna girdi.

Ýazyjy bolandan soň, pulhanaçy wagty hiç soňy gelmeýän kagyz pullary, ownuk köpükleri sanap geçiren on ýyly manysyz geçen ömür bolup göründi.

— Ykbal başyma, gör, nähili oýun saldy! Meniň ýaly ajaýyp ýazyjyny on ýyllap pulhanada çüýretdi! Bu mertebäňi kemsitmek bolýar — diýdi.

Öňki adyndan beter pulhanada işlän döwrüni ýatlamagy ýigrenerdi. Edebiýat degresinde öňki kärini ýatlaýsalar, onuň ini tikenekläp giderdi. Pulhanaçy sözünden mergi keseli degen ýaly gorkardy. Bir çärede bu hakda kimdir birinden eşiden ýigrimi ýaşlaryndaky bir ýigit:

— Jenap Wyn Han, biz siz bilen kärdeş bolýarys — diýdi.

Muňa düşünmedik Wyn Han gözlerini çalt-çalt gyrpdy.

— Öň pulhanada işlän ekeniňiz, menem şol ýerde işledim.

Bu tötänlik ýigidi begendirse, Wyn Han oňa gaharly seretdi. Hernä ýaş ýigit bu gürrüňi dowam edip durmady.

4

Şondan soň Wyn Han iki günläp keýpsiz gezdi. Ertirlikden soňra hemişeki lezzet bilen içýän çaýyndan agzy tagam tapmady. Ondan sabynyňmy ýa başga bir zadyňmy, belli däl, düşnüksiz ys gelýän ýalydy. Içi gury çaýly gabyň agzyny açyp goýýandygy üçin aýalyna käýindi. Aýaly garşy çykyp, aşhanada çäýnek-käseden başlap, hemme zadyň ýerbe-ýerdigini, çäýnegiň agzynyň, mäkäm ýapyk durýandygyny aýtdy. On ýyl bäri hiç hili mesele ýüze çykman, indi näme bolandygyny sorady.

Wyn Han aýaly bilen sene-mene edip, öňdenem bozuk keýpini has beterleşdirmek islemedi. Günortanlyk naharyndan soňra galamhakyny almaga gitdi. Olam az-küş pul däldi. Emma: «Şunça azabyma berilýän hakam şujagazmy?!» diýip gatyrgandy.

Agşam žurnalyň täze sanyny görmäge oturanda gapy kakyldy. Gapynyň agzynda uzyndan daýaw hemem arrykdan gysga boýly iki adam durdy. Olar uzakdan gelendiklerini aýdyp, öz žurnallaryna hekaýa bermegini soradylar. Iki ýyl mundan ozal ilkinji gezek söhbetdeşlik üçin gelenlerinde «redaksiýa» sözüni eşidip, tolgunyp, düýrmegi bilen titrän bolsa, häzir nireden gelendikleri belli bolmadyk adamlar onuň üçin içgysgynç göründi. «Beh, maňa arkaýyn ýaşamak ýokmuka» diýip, içini gepletdi. Birwagt golýazmasyny redaksiýa el-aýagy sandyrap elterdi. Eseriniň çap bolmagy üçin redaktoryň öňünde dyza çökmäge-de taýyndy. Häzir welin, metbugat wekillerini arkaýyn islegine görä öýünde kabul edýärdi.

Gelenler ýürege ýakyn sözleri aýdyp, ony göwnetdiler. Ol birneme ýumşap, ýakyn wagtda bir zatlar ýazyp bermäge razy boldy.

Olar gitdi, ukam ýat boldy. Sebäbi iň gowy pikirler ukyny kowýardy. Wyn Hana özüne erk edip bilmeýän, jogapkärçiligi duýmaýan, kalbyny diňlemegi başarmaýan adam diýip aýdyp bolmaz. Daşyndan bildirmese-de, ilkinji gezek öwenlerinde ruhy göterilipdi. Bu gün ol pulhanaçy bolandygyny ýatladan ýigidi, çagalar žurnalyna işe çagyran dostuny ýadyna saldy. Häzir bolýan zatlar üçin dertleşere adam isledi. Ýöne onuň hiç bir dosty gara bermeýärdi. Şeýdip gatnaşyklary kesilipdi.

«Bu zatlar nädip beýle derejä ýetdi?». Ol birden tisgindi. Döşüni tutdy, içinde sanjy duýdy, birneme ýüregi bulandy. Agşamlyk naharyna bişirilen balyk täze däl bolmaly, gowy arassalanmandyr. Üstesine, öň nämedir bir zat bişirilen ýaga gowrulan bolaýmasa.

Çagalykdan edebiýaty halardy, ürç edip kitap okardy. Ju Szysiniň «Yhlas» atly dili agyr eserini entek üçünji synpdaka okap, düşünmäge çalşypdy. Eýýäm onunjy synpda onuň goşgularyny ýatdan bilýärdi. Gijelerine garalyp ýatan asmana seredip, dünýädäki hemme zadyň bir ýere ymtylýandygyny duýup, düşnüksiz alada düşýärdi. Birahat oýa batýardy. Entek salym barka bu çalt akýan akymdan iň bolmanda nämedir bir zady ele almaly diýip düşünýärdi. Soňra ýandepderçe edinip, özüçe taplanmaga başlady. Ýazyp-pozup elini düzýärdi. On bir ýaşynda ilkinji gezek Anderseniň «Otluçöpli gyz» atly hekaýasyny okanynda ylahy tolgunmany başdan geçiripdi. Gyzjagaz her bir çöpi umyt bilen otlaýardy. Soňra olaryň ýekejesem galmady… gyzjagaz doňup galýança ýylgyrmagyny dowam etdi.

«Menem şeýle ýazjak!» diýdi. Çaga hem bolsa edebiýat betbagt adamlara ýagtylyk we ýylylyk getirýär diýip düşünipdi. Onuň ruhy okamak bilen giňäpdi. Altmyş sekizinji ýylda medeni ynkylap birneme köşeşenden soňra, şol döwürde gadagan edilen eserleri okamagyň höwesine düşdi. Dogrusy, şol wagta çenli ýazmaga bolan islegi kiparlap, ýazyjy bolmak arzuwyndan el çekipdi. Ýöne şonda-da kitap sahypasyny agdaranda gözüne ýaş aýlanardy. Her bir okan eserinden soň güýçli tolgunmany başdan geçirerdi. Ondaky gahrymanlaryň her birine duýgudaşlyk bildirýärdi…

Şol geçen ýyllaryň içinde duýgurlygyny diňe bir okamak bilen däl, eýsem, synçylygy bilenem ösdürdi. Gyşyna garyp külbelerden çykýan tüssä uzak wagtlap serederdi. Olar şeýle bir ýalňyz hem goragsyz görünýärdi. Hatda ýaşamak üçin göreşmän, asmanda öz-özleri ýitip gidýärdi. Bu tüsseler oňa özüniň manysyz ýaşaýan ömrüni ýatladýardy. Häzirki durmuşy hakda pikirlenmäge mejbur edýärdi.

Ýazyň ir gelenligine garamazdan, adamlar sowuk howadan zeýrenýärdiler. Emma Wyn Hanyň, tersine, jany aram tapdy. Içiňden geçip barýan ýiti şemal bar zatdan beter ýakymly göründi. Diwaryň düýbünden çykýan otlary, baglaryň pyntyk ýaryşyny höwes bilen synlady. Bogazyny ýyrtyp, baharyň gelenligini äleme buşlasy geldi. Ýöne bu ýagdaýda ony diňlejek adam ýokdy.

Wyn Han kinony ýa-da teatry kän bir halamazdy. Bolup geçýän wakalary has çişirip görkezýärler diýip düşünýärdi. Ýöne mähelläniň ymaratlara girişi ýa-da köplük bolup, akyp çykyşlary onuň üçin tomaşa ederlik ajaýyp bir sahnady. Her gezek olary täze duýgy bilen synlardy. Teatr oňa dolup akýan derýany ýatladýardy. Ondan gelýän adamlar batly tolkun bolup, çägesöw güzeri basýan ýalydy. Suw diýen zat tämizleýji ahyryn! Onda näme üçin ol ymaratdan çykýan adamlar howlukmaç we gaharjaň görünýärler?! Bu görnüş ony gynandyrýardy.

Ýazyjylyk onuň isleglerini kanagatlandyryp biljekdi. Adamlary tolgundyryp, kalplaryny heýjana salaryn öýtdi. Ýylylyk, ýagtylyk ýaly bahar täzeliklerini getirerin diýip hasaplady. Birwagt pikirini edip synlan, üçeklerden çykyp, soňra ýitirim bolýan tüsseler ýaly düşnüksiz adamlaryň kalplaryny arassalap, teselli berjekdi. Bir guty otluçöpüň bahasy iki fyndy. Hakyky durmuşda bahasy arzan bolsa-da, ony hiç kim üçin ýakyp bilmese-de, söz bilen başgalara-da, özüne-de şöhle saçyp ýanjak köp otluçöp ýakjakdygyna ynanýardy. Onuň yşygynda ýylyjak öýi, gowrulan gazy, biri-birine mähriban ynsanlary görýärdi. Bu ynsanlar kinoteatryň gapysyndan diňe üst-başlary tämiz däl, eýsem, kalplary-da arassa ýylgyryp çykjakdylar. Eger her bir ynsanda azajygam bolsa şeýle üýtgeşme duýulsa, diýmek, durmuşam gowulyga üýtgejekdi…

Emma niýeti başa barmady. Onuň ýadaman ýakýan otluçöpleri dünýäniň kiçijik bir burçuny yşyklandyrsa-da, öz içindäki garaňkylygy ýagtyldyp bilmedi. Ähli çagalyk arzuwlaryny, ýaşlyk hyjuwlaryny, sabyrlylygyny, çydamlylygyny — bularyň ählisini eserlerinde näçe suratlandyrsa-da, öz ýanyndan ýaşaýşa täzelik getirip bilmedim diýip hasaplady. Näçe öňe gitdigiçe, şonça-da umydyny ýitirdi.

Onuň göz öňünde ilkinji baýrak alan güni, özi hakda okan syny janlandy. Ine, ol çal saçly, arryk, gysga boýly tankytçy bilen owkat edinýärdi. Şol adam hem müneçjimleriň açyş edişi ýaly, eserlerini okap, täze ýyldyzyň üstüni açandygy, başdan geçiren tolgunmasy hakda aýdyp, onuň üçin bada göterýärdi. Özüni ykrar etdirmegi başaran Wyn Hanyň bolsa, göz owasy ýaşdan doldy. Ol isleýşi ýaly hakdan içen zehini bilen ajaýyp ýazyjy bolandygyny duýýardy.

Şol wagt hyzmatçy gyz oňa towuk etinden bişirilen tagamy äberdi. Wyn Han nahar taýajyklary bilen ondan bir bölejik alyp, üwmeje batyryp agzyna salanda, tagamynyň başgadygyny duýdy. Gowy gowrulmadyk etden suw çykýardy. Ýaňky hyzmatçy gyzy çagyrdy. Emma gyz özi ýaly beýleki gyzlar bilen çetde, hyzmat stolunyň başynda gürrüň edip oturyşyna, eşitmezlige saldy. Wyn Han indi çagyrýan sesine el yşaratynam goşdy.

Hyzmatçy gyz ýeňsesine öwrülip, çagyrylýanyny görse-de, ýerinden gozganmady. Wyn Hanyň gahary gelip, stola elini urup gygyrdy.

— Näme gygyrýaň! — diýse-de, gyz gelmek islemedi.

Ýaňy öz bahasyny bilip başlan adama bu sözleri eşitmek agyr degdi. Özüne uly hormaty duýýany üçin, bu ýagdaý oňa utançdy. Şeýdip adam kemsidilýärmi?! Bu masgaraçylykdy. «Ýaz ýagşy» hekaýasynda ol başga bir hyzmatçy gyzyň ajaýyp kalbyny suratlandyrypdy. Bu gyz bolsa onuň mertebesini kiçeltdi. Wyn Hanyň düwlen ýumrugy gaýtadan stola degende çemçe-çanaklar ýere gaçyp döwüldi. Ol:

— Bärik gel! — diýip gygyrdy.

Çal saçly tankytçy gorkudan ýaňa titredi. Garaşylmadyk dawa ýüze çykdy. Goh turdy. Wyn Han edil terbiýe görmedik köçe ykmandasy ýaly, dawa görse gözi açylýan şerraý aýala meňzäp, restoranyň işgärleri bilen sanaşdy. Tankytçy ony pälinden gaýtarmaga synanyşdy, ýöne başarmady. Wyn Han sözlük gorundaky ähli mojuk sözlerini gyzyň üstünden eňterdi. Gyz bolsa her sözüne görä jogap gaýtaryp durşuna, tankytça ýüzlenip:

— Akyly ýerinde däl munuň! Taksi çagyryp, ruhy keselleriň hassahanasyna alyp gidiň! — diýdi.

Gyzyň sözleri nyşana dogry degdi! Şol pursat Wyn Han, hakykatdanam, akylyndan azaşana meňzeýärdi. Onuň kimdir birini ýenjesi, töwerekdäki zatlary urup-döwüp ýykasy geldi. Iň erbedi, bu ýerini otlamak isledi…

Birdenkä-de özüne geldi. Sesine suw sepilen ýaly boldy. Daş-töweregine, tankytça seredip dilini dişledi. Döwen zatlarynyň bahasyny töläp, tankytçy bilen hoşlaşdy-da, başyny aşak salyp restorandan çykyp gaýtdy. Köçäniň ortasyna ýetende ýüzüni tutup aglady.

Üstünligiň özi bilen weýrançylygy getirýändigine häzir düşündi.

5

Wyn Han bir hepde bäri uzyndan semiz we gysgadan hor iki redaktora beren wadasynda tapylmak üçin öz çagalyk ýatlamalaryny ýazýardy. Edil häzir şol žurnalyň her sanynda diýen ýaly ýazyjylaryň ýatlamasy berilýärdi. Wyn Han hem ýazyjylaryň hatarynda ykrar edilendigi üçin, bu ynamy ödäp biljekdi. Elbetde, ol ýaňy otuz ýedi ýaşyny doldurypdy. Ýöne gazanan üstünlikleri boýunça eýýäm ýaşuly nesliň ýazyjylary bilen deňleşip bilýärdi.

Ol ýatlamalar ýumagyny çözläp başlady. Armyt hem hurma agaçlary bilen gurşalan dogduk obasy, ýaplardaky suw ýylanlary, hininden çykan syçanyň aýak yzlaryny galdyryp ýöräp barşyny aňyna getirdi.

Soňra şähere göçdüler… Ilki oba şiwesinde gepleýändigi üçin deň-duşlary onuň üstünden gülýärdiler. Hatda oňa bagyşlap sanawajam düzdüler…

Şol wagt üstünden gülen ýaşytdaşlary onuň şu günki üstünliklerini görse, nähili gözleri giderdi.

Erjelligi we tutanýerliligi bilen okap-öwrenip, ahyrynda synpdaşlarynyň arasynda abraý gazandy. Soňra onuň üstünden hiç kim gülmedi. Synaglardan ýykylyp, ikilik alanlar sapakdan soňra ýumuşlary gaýtadan göçürmek üçin ony gözlärdi. Üçünji synpda bir ýyllygam bolsa okuwçylar geňeşine agza bolmak hem onuň üçin uly bagtdy. Emma birdenkä dördünji synpyň ikinji ýarymynda edebiýata aşyk boldy oturyberdi. Bu onuň durmuşynda uly öwrülişik boldy.

Okalga zalydyr kitap dükany, köräp duran yşyk, heň ysy gelýän köne kitaplar, syýa ysy gelýän täze kitaplar hemişelik hemrasyna öwrüldi. Ýokary synplarda edebiýata bolan söýgüsi bejerip bolmajak kesele öwrüldi. Hemmeler oňa gadymdan galan adam ýaly seredip başlady. Onuň beýnisi bolsa eserler bilen dykylyp doldurylandy. Hiç kime üns bermeýärdi.

Hemmeler oňa garşydy. Oňat häsiýetnama berilmändigi üçin hiç bir ýokary okuw mekdebi ony kabul etmedi. On dokuz ýaşly ýigit üçin bu masgaraçylykdy. «Geçmişiň ýatlamalaryny» ýazanda ol: «Uniwersitetler öňümde gapylaryny şeýle bir berk ýapdylar welin, hiç açylmady» diýip belledi.

Içigargalmyş diýsäni! Çüwmedigiňki şeýle bolýardy. Durkuň bilen «Ýazjak!» diýip pelesaň urýarkaň, kiçijik zawodda elden-ele geçip könelen pullary sanap oturmak döredijilik duýgusyny kemsitmeýärmi näme?! Bedeniň her bir öýjügi sungat bilen dolup, gan damarlaryň edebiýat diýip atygsap durka, beýle kär bilen meşgullanmak şahyrlyk duýgyňy öçürmeýärmi! Bu ýagdaý oňa sütem berip, tutuş on alty ýyl dowam edipdi.

Durmuş, gör, nähili ýowuz! Segseninji ýyllaryň ahyrynda eýýäm meşhurlyk gazanan Wyn Hana on alty ýyl beýle ýowuz durmuşda ýaşan döwrüni ýatlamak agyr degdi. Ol Anderseniň «Betnyşanja ördegini» ýatlap, şol duýgular bilen özem ýazasy geldi. Emma başarmady. Çünki ol indi hemmeleriň ýigrenýän betnyşan ördegi däldi, indi ol guwa öwrülipdi. Eger bu on alty ýylyny edebiýat meýdanynda geçiren bolsa, ol ýerde daragt bolup, berk kök urardy. Belki, ona golaý kitaby neşir edilerdi. Hatda halkara baýraklaryna-da mynasyp bolardy. Başarardymy?! Elbetde! Sebäbi ol ýüregi arzuw-hyýaldan dolup duran hyjuwly ýaş ýigitdi.

Şunça ýyllap ony ylhamlandyrmadyk pullar bilen iş salyşmak az ýaly, eýsem, şolaryň ýetmezçiligi ýiti duýulýardy. Il ýaly geýnip bilenokdy. Iň bärkisi tomsuna doňdurma satyn almazdan ötri, jübüsindäki özüne degişli puluň ýedi gezek hasabyny çykarmaly bolýardy. Zatlar gymmatdy. Altmyş dokuzynjy ýylda ogly boldy. Bir ýaşanda oňa tigir satyn almak isledi, ýöne şoňa otuz ýuan tapylmady…

Geçmişini ýatlap, örtenip oturan agşamy köne dosty hem goňşusy Çao myhmançylyga geldi. Olar on ýyldan gowrak wagt bäri saçakly gatnaşýardylar. Durmuşlary meňzeşdi, pikir-aladalaryny biri-biri bilen paýlaşyp, biri-birine teselli bererdiler. Iýdiler, içdiler, ondan-mundan gürrüň etdiler. Keýwanylaryndan zeýrendiler. Wyn Hanyň ýüregi ýeňlän ýaly boldy.

Soňky iki ýylda Çao olara seýrek gelipdi. Dostunyň «Wyn Han» adyny alany bäri özüniňem üýtgändigini ol daşyndan görüp ýördi. Aslynda, ony Wyn Hanyň aýaly çagyrypdy. Çao şäheriň iň gowy mekdebiniň naharhanasynyň müdiridigi üçin, bu mekdep hakynda bilýänlerini sorag-ideg etmelidi. Çünki onuň ogluny şol mekdebe okuwa beresi gelýärdi.

Çao ýüzüni görkezenden: «Bizi ýatdan çykardyň, ýöne biz-ä seni ýatdan çykarmadyk» ýaly sözler bilen mähirli salamlaşyp, är-aýal bolup, ony ýyly garşyladylar. Çao muňa diýseň begendi. Içinden: «Adamlaryň ýagdaýlary üýtgese-de, aralaryndaky dostluk diýen zat hemişelik dowam edýän eken. Bu duýgularyň has-da gadyryny bilip ýaşamaly!» diýip pikir etdi. Keýpi göterilen Çao diňe şadyýan ýylgyryp gürleşdi. Dostunyň ogluny bermek islän mekdebi barada ähli maglumatlary aýdyp berdi. Naharhanadan başlap, naharlaryň düzümine çenli gürrüň berdi. Mysal üçin, deňiz önümleri, guş, doňdurylan we gaýnadylan etler, nahar bişirmegiň täze usullary… hatda aşpezleriňdir dolandyryjylaryň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünde hem durup geçdi. Aýratyn-da, gaýtadan ulanylýan azyk önümleriniň artykmaçlyklarydyr kemçiliklerini birin-birin düşündirdi.

Bularyň hiç biri Wyn Han üçin gyzykly däldi. Ýöne, barybir, ýasama ýylgyryşyny edip, üns bilen diňleýän kişi boldy. Aýaly bolsa, tersine, iýmitden başlap, okalýan synplar, dürli ülkeden çagalaryň gatnaşyklary, garaz, hemmesini üns bilen diňledi. Wagtal-wagtal söhbetdeşligi gyzykdyrmak üçin özem gapdalyndan goşulýardy. Çao mundan uly höwes bilen peýdalanýardy. Eline gelen beýle mümkinçiligiň goňşy arasyndaky abraýyny artdyrjakdygyna ynanýardy. Onsoň Wyn Hanyň aýaly bilen Çaonyň arasyndaky gürrüň hasam gyzyşyp gitdi.

Gürrüňe kän bir goşulmaýan Wyn Han bolsa oýkanyp dek oturyp bilmedi. Kyrk minut bäri düýbünden gyzyklanmaýan zatlary hakdaky gürrüňi diňlemeli bolýandygyna jany ýandy. Çünki ol häzir söýgi we gynanç bilen ýatlamalarynyň içine çümüp, eserini ýazmalydy. Bu — duýgudaşlyga hem ökünje mätäç bolan başga bir dünýädi. Ýazgylarynda Turgenýewiň nepisligi, Çehowyň küýsegi, Ju Szisiniň dogruçyllygy, Ýan Şonuň şahyranalygy duýulmalydy. Adam ýatlamalara berlende sözleri, ruhy ýumşaýardy. Gözleri dumanlap, töweregindäki zatlaryň hemmesi ümür bilen gaplanan ýaly bolýardy. Onsoň bu wagt oňa Jendiaňyň ysly sirkesiniň ýa-da üstünden wagt öten Şansiniň sirkesiniň gowudygy, uýgur gazanynda bişirilen etiň tagamynyň üýtgeşik bolýandygy hakyndaky gürrüňler gyzykly däldi. Geçen durmuşy onuň gül bolup açylmaly bahar çagyny ýok edipdi. Entegem döredijilik ruhuna eýlenen kalbyny aýak astyna alyp depgileýärdi. Sallanyp duran alkymyny çişirip gürleýän Çaony diňlemeli bolýardy. Onuň çep eliniň süýem barmagyny çommaldyp gürlemegi hasam gaharyny getirýärdi. Ol şeýdip özüne üns bermäge mejbur edýärdi. Ýene-de şol bir «az-kem yssy», «ýag», «iý», «iş ýüzünde», «aşa», «seret» ýaly samsyk sözleri diňlemek ony irizipdi.

Agzy dek durmaýan Çao ajaýyplyga ymtylyp, ýazyjy hökmünde tanalýan Wyn Hanyň öz öýünde üstünden gülýän ýalydy. Ol şunuň ýaly masgarabaz bilen gürleşip oturmagy özüne peslik bildi.

Elbetde, olar birwagt dostdular, ýöne hemme zat geçmişde galdy. Ol bimany geçen günleriň säwlikleridi. Adalatsyz durmuşyň oňa çekdiren azabydy. Ýanyp duran zehiniň inkär edilip ýetiren şikesleridi. Ine-de, ahyrsoňy ykrar edildi, dereje gördi, tanaldy. Ýagşylygyň, gözelligiň ýeri bolan edebiýatyň, sungatyň dünýäsine kabul edildi. Häzirki pursatda ruhunyň aýak astyna alnyp, kemsidilmegine çydamalymy?! Çao ýalylar onuň deňimi?! Näme üçin söýýän zadyny saýlap, ýigrenýän zadyndan gaça durmaly däl?!

Çao indi iýmit hakyndaky gürrüňini goýup, köne dostlugyň hatyrasyna geçen günlere dolanyp, oýun oýnasy geldi. Ýöne ýerinden turan Wyn Han gaşlaryny çytyp, sesini çykarman çykyp gitdi. Çao Wyn Han aýak ýoluna çykandyr diýip pikir etdi. Az salym garaşdy, ýene birneme garaşdy, ýene garaşdy, nämäniň nämedigine düşünmän, dostunyň aýalynyň ýüzüne geň galyp seretdi. Ol ýerinden turup, adamsynyň giren otagyna gelende Wyn Han:

— Gymmatly wagtymy biderek ýitirjek däl! Eýýäm ýigrimi ýylym manysyz geçdi! Öňýeteni durmuşyma sokup, onda islänini etdirjek däl! — diýip, düşündirmäge çalyşdy.

Wyn Handaky bu üýtgeşmeler aýalyny gorkuzdy. Olam öz gezeginde edebiýaty halaýardy. Wyn Han ony özüne meňzetdi diýseňem boljakdy. Okamany onçakly söýmese-de, adamsynyň gyzyklanmalaryny goldardy, diňlärdi. Iki ýyldan gowrak wagt bäri begenjini-gynanjyny deň paýlaşdy. Onuň üçin adamsy adyny üýtgedip ýazyjy bolsun, pulhanaçy bolsun tapawudy ýokdy. Hawa, adamsy ýazmak bilen başagaýdy. Wagty ýokdy, öýe az üns berýärdi. Muňa dogry düşünip, hojalykdaky ähli jogapkärçiligi öz üstüne alypdy. Bu hili täze şertler Wyn Hana başarnygyny ösdürip, özüni kämilleşdirmäge, islänini etmäge mümkinçilik döredipdi. Munda erbetlik ýokdy. Käwagt adamsynyň gaharlanyp, goh turuzmasyny geçirimlilik bilen kabul edýärdi. Dogrudanam, ýazyjy bolmak aňsatmy näme?! Janyň-teniň bilen saglygyňy, akylyňy sarp edip ýazýarsyň. Şonuň üçin ony ünsden düşürmezlik gowudy…

Aýaly ony beýle gaharly ýagdaýda göz öňüne getirip bilmeýärdi. Wyn Han ony gorkuzdy. Öňünde başga bir adam duran ýalydy. Adamsynyň giň açylan susguç ýaly agzy bir ýerde duranokdy. Her sözüni, hereketlerini dabara bilen utgaşdyryşy teatr oýunçysyny ýatladýardy. Näme bolduka?! Onuň öňünde «Döredijilik şahsyýeti» atly spektakl oýnalýarmyka?!

Ýüzi üýtgän aýaly:

— Sen… — diýdi-de dymdy.

Wyn Han näçe ýuwaş gürlemäge çalyşsa-da, gapa tarap diň salan Çao bir zatlary güman edip, hoşlaşman çykyp gitdi.

Soň bolsa är-aýalyň arasynda dawa başlandy. Bu soňky iki ýylyň içindäki ilkinji gazaply dawady. Aýaly onuň üçin eden zatlaryny diline aldy. Ilki başdan oňa durmuşa çykmagynyň ýalňyşdygyny, bu hakynda deň-duşlarynyň duýdurandygyny ýatlady. Olar edebiýaty söýýän, jemgyýetiň kabul etmedik ynsanyndan taý bolmajagyny aýdypdyrlar. Hojalygyň keşigini çekmekde ejizdigini, erkek eli gerek diýdirýän ojaga «ot bermek», döwlen zatlary bejermek ýaly zatlarda hiç kimdigini onuň daşyndan synlap bilipdirler. Eger, bardy-geldi, günlerde bir gün meşhurlyk gazanaýsa-da, maşgalasyny taşlamakdan gaýtmajagyny aýdypdyrlar… Ýöne aýaly bu aýdylanlara gulak asmandy. Ýaşlygyny we gözelligini bu dymma pulhanaça bagyşlapdy. Indi bolsa, söýüp gelen ýary Wyn Han uzakly gününi ýaňrap geçirýärdi. Mysal üçin, dilinden düşürmän Bo Le, atlar hakynda aýdyp berýärdi. Dogrusyny aýtmaly bolsa, kim ol adam?! Eseri çap edilen žurnalyň baş redaktorymy ýa-da Ýazyjylar birleşiginiň başlygy?! Ýok, ol bularyň hiç birem däldi. Gadyry bilinmeli bir adam bar bolsa, ol aýaly bolmalydy. Wyn Han ony bilenokdy. Pulhanaçylykda geçiren agyr günlerinde, durmuşyň kynçylyklarynda ony goldan, üşän wagty ýylydan, ajyganda garnyny doýran aýalydy. Göwnünden turmak üçin nämeler etmändi. Onuň üçin nähili naharlar bişirdi! Meşhur ýazyjy bolup, birki gezek baýrak alanyň bilen üýtgäbermelimi?! Indi aýalynyň üstüne dişlerini gyjap gygyrmagy hiç zatça bilmeýän Wyn Han ondan ýüz öwrüpdi.

— Näme bolýar saňa? — diýip, aýaly sesine bat berdi.

Wyn Han bu hereketleri aýalyny beýle gazaba mündürer öýtmändi. Aýalynyň özi bilen eňekleşip durşuny görüp geň galdy:

— Saňa näme bolýar?

Aýalynyň gözlerine ýaş indi. Bogazy dolup, bir sözem gepläp bilmedi. Wyn Han başga birinde köýen aryny özünden çykarjak bolýar diýip pikir etdi.

— Maňa hiç zat bolanok! Özüňe seret! Guduzlan ite meňzeýäň…

Wyn Han:

— Sen… näme üçin sögünýäň? Näme boldy?

— Näme bar şeýdip gohlar ýaly… Çao köne dostumyz ahyry. Biz oňa haýyş bilen ýüz tutduk. Nädip öýe gelen myhmany goýup gaýdyp bilýäň?

— Bar sebäp şumudy! — diýip, Wyn Han birneme köşeşdi-de — bilýärsiň-ä, men häzir ýazýaryn — diýip, ýuwaşlyk bilen düşündirip başlady. — Boýun alan işim bar. Birahat edilmeli däl men. Meni döredijilik dünýämden sogrup çykarmak, uýgur gazany hem et hakda iki sagatlyk samahyllyny diňlemäge mejbur etmek — bu siz tarapdan adamçylyga sygmaýar… Meniň erkime garşy zorluk bu!

Sözüni tamamlan Wyn Han ýerinden turup, otagda iki ýana ýöredi.

— Hawa, ýazýarsyň. Bahanaň mydama taýýar. Seniň ýazyjydygyňy hemmämiz bilýäris. Işiňden goýan adam ýok! Şonda-da sen ilden nägile! Nahardan soňra azajyk dynç alyp, dostuň bilen gümür-ýamyr etmek üçin üýtgeşik zehin gerek däl! Adam döredip biler, ýöne ýaşamanam unutmaly däl! Saňa maşgala gur diýip mejbur eden ýok. Şahsy durmuşyňam bolmal-a! Dost-ýar diýdi, goňşy-golam diýdi. Häzirki döwürde gadymy ýazyjy-şahyrlar ýaly terkidünýä bolup, ybadathanada ýazyp ýörenoklar! Adaty adam bolmany başarmaly.

Sesi peselen aýalynyň soňky sözleri Wyn Hana ýaramady. Dodagyny kemşerdip titreýän sesi bilen şeýle diýdi:

— Adaty adam bolmaly?! Beýle adamlardan ýazyjy çykmaýar. Ýazmak ukyby berlenler gündizine ruhlary görüp bilýär. Olar şeýle dünýäde ýaşaýar. Hatda günde ýigrimi dört sagadyň hemmesinde, hatda düýşünde-de, kalbynyň çuňlugy bilen başga bir dünýäde ýaşaýar…

— Hä, şeýlemi! Onda sen başga dünýäden-dä? Başgalar üçin sen ýazyjysyň. Ýöne meniň gözüme beýle däl. Ilki bilen sen meniň adamym. Beýlekiler bilen ýazyjylygyňy edip bilersiň, ýöne meniň bilen däl…

— Ýazyjy diýmek hünär, kär. Elbetde, muňa düşünmeýänler bar. Ýöne agyr işdigini hemmeler bilýär! Men adaty adam däl saňa, men ýazyjy! Üstüme çöwjäp durmaňy bes et!

— Asyl şeýlemi! Onda hiç zat görmeýän, düşünmeýän adam bilen nädip ýaşaşyp bilýäň?! Sen başga dünýäň adam-a! Men-ä damarynda gany aýlanýan ynsan neslinden. Indi seniň bilen nädip oňuşmaly?!

Ikisi-de bir-birini ýaňy gören ýalydy.

— Saňa näme bolýar? Başga sebäp barmy? Goýar ýerde goýmadyň — diýip, Wyn Han sorady.

— Men… — diýen aýaly sözüni dowam edip bilmän, möňňürip aglamaga başlady.

— Ine, saňa gerek bolsa tomaşa — diýip, Wyn Han uludan demini alyp, öýden çykyp gitdi. Ol ýaşyl baglykda gizlenip ýatan, şäheri kesip geçýän derýanyň kenaryna geldi. Suwuň boýunda iki ýana gezmelemäge başlady. Ençeme gezek köprä çykdy, aşak düşdi. Öz-özi bilen gepleşdi. Bireýýäm garaňky gatlyşyp, köprini ýagtyldýan çyralaryň ýakylanyny hem duýman galdy.

6

Wyn Hanyň öz ykbalyndan öýkesi, edebiýat äleminde gazanan şöhraty bilen garyşyp, höwes bilen ýazmagyna sebäp bolýardy. Indiki ýazan eserinde bir gahrymanynyň üsti bilen şeýle diýdi: «Işýakmazlaryň togsan dokuz göterimi ertirden-agşama çenli surnugyp işleýän asylly kärdäki ynsanlaryň bir göteriminiň elinden wagtyny alýar». Ol bu eserini «Süýreniji» diýip atlandyrdy. Ýazyjynyň bu duýduryşy uly seslenme döretdi. Göräýmäge makullansa-da, birki sany ýiti, hatda teýeneli sözleri hem eşitmeli boldy.

Bu ýürege howsala salyjy hekaýasy dürli eserler ýygyndysynda çap edilenden soňra üç ýerden galamhakyny aldy. Aýaly üç gapyly yşgap satyn almagy teklip etdi, emma ol boýun towlady. Bu çydap bolmaýan pul sowmalary bes etmegi ýüregine düwdi. Galkan göwnüniň ylham atynyň gazanan puly öý goşlarydyr towuk eti, balyk ýaly gerekmejek zatlara sarp edilmeli däl diýen netijä geldi. Entek pulhanaçy döwründe özüne elýeterli bolmadyk owkatdyr öý goşlaryny edinip bilýänlere gözi giderdi. Ýöne indi muny edýänleri ýigrenýärdi.

Hojalygyň pul aýlanyşygyny aýalynyň elinden almak kararyna geldi. Bu gezekki galamhakyna täzeden dörän Wyn Hana, ýagny özüne ruhy taýdan gabat geljek bir zat edinmegi ýüregine düwdi. Haçandan bäri üflenip çalynýan bir saz guralyny edinmek arzuwynyň bardygy ýadyna düşdi. Soňra olary çalmagyň öýkene zyýanlydygyny bildi. Az-kem pikirlenip, ony öýde çalyp başlasa, goňşular bilen arasynda düşünmezlik dörejegini kellesine getirdi. Bu bir-birege golaý ýaşaýyş şertlerinde öý konsertleri amatly däldi. Daşary döwletde bolup gören bir suratkeşiň maslahatyna eýerip, edil şonuňky ýaly gaýyk satyn almak kararyna geldi. Şäheriň gohundan daşlaşyp, onuň bilen deňze çykanda şol gaýygy görüp göwni gidipdi. Ýöne onam almady. Çünki özem, aýaly-da suwdan gorkýardy. Kiçijik gaýykda gysylyp, çäksiz suw giňişligine nädip çykjakdyklaryny göz öňüne getirip bilmediler. Birnäçe dükanlara, hatda sport dükanlaryna hem aýlanyp gördi. Ýöne göwnüne ýarajak del zady tapmady. Ony daşary ýurtda öndürilen zatlar gyzyklandyrýardy.

Ahyry derýanyň ýakasyndaky seýilgähde üç ýüz elli ýuany töläp, gül küýzesinde oturdylan şemşat agajyny satyn aldy. Puluny çykaranda ýüzi gyzaryp, ýüregi tiz-tizden urdy, elleri titredi. Kellesine bu tejribesi esasynda ogurlykda tutulan maýyp ýaş ýigit hakynda hekaýa ýazsa boljak diýen pikir geldi.

Göwnüne bolmasa, güldanda oturdylan şemşat agajynyň sary reňkli köklerini haýsydyr bir güýç gysyp daşyna çykaran ýalydy. Ol kökler üýtgeşik şekilli daşa meňzäp giden ýaly boldy. Onda bir tarapdan, özüne mahsus basylyp saklanan göwnüni, beýleki tarapdan bolsa galkynyp güýçlenen pursadyny gördi. Agajyň sary ýapraklary, ejiz çybyklary gözüniň öňünde ösýän ýalydy. Bu keselbent agaç Wyn Hany ýatladýardy. Boýy bir metre-de ýetenokdy. Göwnüne, ol dagyň başynda duran ýaly bolup göründi. Bu agaç Wyn Hana hem ylham berýärdi, hem gynaýardy.

Gadymy küýzelere meňzedilip ýasalan güldan ajaýypdy. Gaty bir uly däldi. Bir tarapynda «Beýik daglar we şildiräp akýan çeşmeler», beýleki tarapynda-da «Ýakymly şemal we täze dogan Aý ýaly» diýip ýazylan setirler bardy. Ýaşyl syrça basyrylan bu iýeroglifler küýzäni has-da üýtgeşik görkezýärdi.

Bu şemşat agaçly küýze öýe gelen gününden aýalynyň bar şatlygyny aldy. Onuň bahasyny eşiden goňşy-golam, tanyş-bilişler başlaryny ýaýkady, hatda oňlamazlyk bilen, «Bu baha degenok» diýenlerem tapyldy. Bu diýilýänlere garamazdan, daragt Wyn Hany özüne çekdi. Käwagt küýzäniň alnyna geçip, sagatlap oturardy. Ýüzünde ne şatlyk, ne-de gynanç duýlardy. Küýze hem edil beýleki oňa gerek bolan çäýnek, stol çyrasy, jaň sagady ýaly, el ýüzündäki bulam-bujar goşlardan doly stoluň üstünde ýer aldy.

Wyn Hana iş otagyny bezemek üçin bu küýze kemter gelýän ýaly bolup göründi. Ony has-da bezäsi geldi. Gadymy usulda çekilen şekiller, goşgy ýazylan diwar suratlary, syýadan, kagyz, nagyşlanan agaç goş-golamlar, her burçda güldan dursa göwnüne jaý bolaýjakdy. Ol bar bolan ýeke penjireden düşýän ýagtylygy az gördi. Şemşat agajyny edindi, indi onuň gapdalyna ýene kän zat gerekdi.

Öz ýalňyzlygy hem-de şemşat agajynyň kökleriniň ses-sedasyzlygy Wyn Hanyň ýüregini paralaýardy. Şahyr gahardan, ýazyjy ünjüden döreýär ahyry. Şeýdip segsen birinji ýylyň ýazynda onuň «Ses-sedasyz şemşat agajy» atly täze eseri dünýä indi. «Setir arasynda gizlenen geň çagyryş», «Ynsan pikiriniň oýanmagy», «Gözýaşyňy sil dek dökýär»… ýaly mazmunly hatlar Wyn Hanyň ýalňyzlygyny has-da artdyrdy.

Tizara bu hekaýasy hakynda abraýly neşirleriň birinde bir tankytçynyň ýazan makalasy peýda boldy. Ol onuň diýjek bolýan «dymyşlygyna» çeperçilik taýdan gowşak diýip baha beripdi. Bu makala ýazyjynyň mazaly çetine degdi. Soňra Wyn Hanyň «stili we döredijilik ýoly» barada umumylaşdyrylan ýene bir makala çap boldy. Onda Wyn Hanyň öz ýoluna ygrarlylygy, hemmeleriň boýun bolan durmuş talaplaryny ret edýändigi aýratynlyk bilen nygtalýardy. Makalada, hatda şeýle sözler hem bardy: «Hemmeleriň boýun almakdan gorkýan hakykatyny görmän ýaşamak ýönekeý adamlara mahsus. Ýöne Wyn Han ýaly özüni tapanlar üçin bu amatly däl». Bu syn diňe Wyn Han ýaly adamlaryň arasyndan beýik ýazyjynyň döräp biljekdigini nygtap tamamlanýardy.

«Beýik ýazyjy» — bu iki söz Wyn Hany der basdyryp, üşetdi. Birnäçe günläp janyna jaý tapman böwrüni diňläp, pikire çümüp gezdi. Iýýän zatlarynyň tagamyny duýanokdy. Kellesi agyryp, gulaklary güwleýärdi… Hassahana gitdi. Lukman «wegetatika degna ulgamynda kem bar» diýip, içmeli dermanlaryny ýazyp berdi.

Wegetatika, aslynda, ösümliklere degişli düşünjedi. «Olaryňam degna ulgamy barmyka?!» diýip, Wyn Han içinden pikir etdi. Diýmek, onuň şemşat agajy bilen umumy gynanjy, umumy ýalňyzlygy, umumy duýgusy bar! Pikirleri birden bulaşdy, her gezek küýzäniň daşynda ýatan, özüni «keseki» duýýan köklere seredende gözlerine ýaş aýlandy.

Öz ýanyndan fransuz ýazyjysy Floberiň «Hanym Bowari — bu men!» diýşi ýaly, «Şemşat agajynyň kökleri — men!» diýip gygyrasy geldi.

Şemşat agaçly küýzäniň öýe gelmegi bilen är-aýalyň arasyna tow düşdi. «Bu zatlar öýümize gelşik berenok», «Olar gaty ýasama görünýär», «Sen bulary bilgeşleýin edýäňmi?» diýen ýaly sözler aýalynyň diliniň senasyna öwrüldi. Dünýäde hiç kimiň oňa düşünmeýän wagty aýaly düşünýärdi, goldaýardy. Indi hemmeler onuň bardygyny boýun alan mahaly, ol aýaly bilen dil tapyşyp bilenokdy.

Bir gezek okyjylaryň birinden içi suratly hat geldi. Hatdan soňra şol okyjy künjüli süýji hem iberdi. Gyzyl kagyza dolanan süýjiniň ýüzünde «Size sowgat» diýip ýazylgydy. Hat bilen gelen suratda gözüň eglener ýaly däldi. Ýöne süýjüler tagamlydy. Soňky günler hiç hili öwgi eşitmändigi üçin, göwni joşgunly zenanyň hatynda ýazan öwgüli sözleri oňa birsalym teselli berdi. Bu haty okap otyrka geň galdyran goşgy setirlerem öňünden çykdy. Ony okap, özüne ynamy artdy.

Hata jogap ýazasy gelse-de, ýaltanyp, bu niýetini göwnüniň törüne dykyp goýdy. Ýöne şondan soň «Jogapsyz hat» atly hekaýasyny ýazmaga ruhlandy. Bu hekaýa «Guw köli» baletiniň suratlary bilen bezelen žurnalda çap edildi. Şondan soňra yzly-yzyna içi suratly alty hat gelip gowuşdy. Elbetde, olar hem jogapsyz galdylar. Ahyry bu hatlary iberýän ýigrimi ýaşlaryndaky gür gaşly, ullakan gözli okyjy gyz onuň öýüni tapdy. Onsoň ony myhman almakdan başga çäresi galmady.

— Göwnüme bolmasa, size nämedir bir zat ejir çekdirýär… — diýip, gyz dillendi.

Ol jogap gaýtarmady.

— Göwnüme bolmasa, siz nämedir bir zatdan heder edýäňiz… 
 Ol ýene hiç zat diýmedi.

Gürleşere zat ýokdy. Ýöne okyjy gyz gidibererli däldi. Otagdaky kitapdyr žurnallary, Wyn Hanyň golýazmalaryny agdaryp görmäge başlady. Gyz çaýly käsesini öňüne çekip, gutudan süýji aldy. Ol öňündäki çäýnegiň şekili hakda diýermiň, ýa älem gämisi bolsun, garaz, bir zatlar hakynda söhbet etmäge taýyndy.

Günortan aýaly geldi. Wyn Han näme etjegini bilmän, gyza ýüzlendi:

— Biz bilen bile nahar ediniň…

Okyjy gyz çakganlyk bilen saçagyň başyna geçdi-de, äberilen tagamlardan, edil öýüň eýesi ýaly bolup, işdämenlik bilen symyşlamaga başlady. Wyn Hanyňam aladasyny edip, tabagyna dürli-dümen tagam uzatdy…

Soňra, elbetde, aýaly bilen dawa başlandy.

7

Darajyk öýüne çakylyksyz gelýän okyjy köpelensoň, aýaly bilen arasynda döreýän tükeniksiz dawa-jenjeller Wyn Hany dowzaha düşen ýaly etdi. Durmuş bolsa oňa jeza berjek bolýan jellada meňzeýärdi.

Onuň ilkinji eserleri okyjylaryň ýüregine mähirli aýdym bolup siňipdi. Ine, üç ýyl geçdi, galamynyň ujundan ilkinji eseriniň ýerini tutjak hiç zat çykmady. Ýüregi gatap, degnasy taraşlanyp, ujy ýiti iňňä dönüpdi. Ol öňki ýazanlaryny gaýta-gaýta okap haýran galardy. Şeýle ýönekeý, duýgudaşlyga mätäç zatlary tapyp, nädip ýazmagy başardyka?! Bu öz-özüňi aldamakmy?! Durmuş eýlenen palçyk ýaly, ondan näme ýasasaň ýasabermeli. Ýöne daş-töweregiňi welin, duşman gabana meňzeş.

Edebiýata dahylly ýygnaklarda münbere çykyp, öňki eserleriniň «ýalan hem aldaw bilen boýalandygyny» aýdyp, olardan ýüz öwürdi. Diňe «Ses-sedasyz şemşat agajyny» ýokary derejä çykyp bilen hekaýa hasaplaýandygyny aýtdy. Bu netije käbirlerini aljyraňňylyga salsa, käbirleriniň alkyşlamagyna sebäp boldy.

Şondan soň birnäçe aýlap eser ýazmag-a beýlede dursun, eline galam alyp ýekeje sözi hem kagyza geçirmedi. Bardy-geldi iş stolunyň başyna geçäýse-de, ýazyp başlan sahypalaryny yzly-yzyna ýyrtyp taşlardy. Bir hekaýasy şeýle başlanýardy: «Gijäniň ýarynda oýandym. Diwaryň ýüzünde tagtabitidir saçakçydan ýaňa boş ýer ýok. Olary depgiläp öldürip, soňuna çykyp bilmedim. Onsoň bu otagy özüm bilen bile partladasym geldi».

Bu setirlerem, elbetde, beýlekiler ýaly jyrrym-jyrrym edildi.

Segsen ikinji ýylyň başynda ahyrsoňy «Bir bölek kesindi» atly bir ýarym müň iýeroglifden durýan gysgajyk hekaýa ýazdy. Ol dessine çap boldy. Ýöne bu eseri göge göterip öwen tapylmady. Diňe golly-golsuz seslenmeler çap edildi. Täze hem köne dostlary, öň eserini çap eden ýaşuly redaktory ony dünýäden ýüz öwürmän, döwür bilen aýakdaş gitmäge çagyrdylar. Wyn Han olary eşitmän diňledi, duýmanam duýandan boldy. Ýetmiş sekizinji ýyldan başlap, soňky üç-dört ýylyň dowamynda şeýle bir uzak hem agyr ýoly geçdi welin, ony nädip çekip-çydandygyna özem haýran galdy. Ol diýseň ýadapdy. Şowly başlangyç oňa öňe gitmäge uly hem jadyly güýç berse-de, umytsyzlyga uçradyp, aladaly birahatlyga getiripdi. Bir döwür ol ajaýyp arzuw-islegden doly ynsanlaryň biridi. Soňra bolsa jansyz ruhuny özi zäherläp başlady. Ilki ol söýgüdir mähirden doly bolsa-da, soňra gödeklik bilen gurşaldy.

Üstünlik aýylganç zat. Ol ýeňlişden bäş esse beter aýylganç. Diňe gazanan üstünlikleri özüne «keseki» bolmadyk ynsan bagtly bolup biler. Tankytçylara diň salyp, indi ol şeýle pikire gelýärdi.

Şemşat agajynyň kökleri düýrülip başlady. Belki, aşa suwarylandyr ýa-da nahar bişirilendäki ýagyň ysy göwnüne ýaran däldir, kim bilýär. Ol her näçe alada etse-de, agaç müzzermek bilen boldy. Küýzede ösdürilýän güllere serenjam berýänlerden maslahat alsa-da, daragt gurady.

Guran şemşat agajyny zibile taşlanda, birden göwni giňäp gitdi. «Näme üçin daglara gitmeli däl?! Ol ýerde ösüp oturan şemşat agaçlarydyr leýlisaçlar, şildiräp akýan çeşmeler kän diýýärler» diýip pikir etdi. Ol başgaça ýaşap, dünýä başga göz bilen garamasa, pulhanaçy döwründäki ýaly, aladasyz günleriniň hiç haçan dolanyp gelmejekdigine düşündi.

Hytaý dilinden terjime eden Mähriban GELENOWA
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle