Şemal bizi alyp gidäýjek ýaly…
Şemal bizi alyp gidäýjek ýaly…

Gysgajyk gijämde,
Wah-eý dag arman
Şemal syrap ýapraklary daraýar.
Gorkýan men bu gije turjak tupandan.
Diñ sal,
Tümlügiñ ygşyldysyn duýýañmy?
Garaýan bialaç bu bagtlylyga.
Guly men özümdäki umytsyzlygyñ.
Diñ sal,
Tümlügiñ ygşyldysyn duýýañmy?
Dek häzir bir zatlar geçýär gijede.
Aý gyrmyzy reñkde we ýallak-ýullak
Her pursatda gorkusy bar üçegiñ
Bulutlaram göýä ýas tutýan ýaly
Ýagyş ýagjak pursadyna garaşýar.
Birje pursat,
Soñra bolsa hiç zat ýok.
Penjiräñ öñünde gije sandyrap
Hem ýer ýüzi gitse yza garaman.
Penjiräñ öñünde bir nätanyşja
Seni-meni gaýgy edýär
Eý başdan-aýak ýaşyla bürenen!
Ýakyp-ýandyryjy näzik elleriñ
Uzat meniñ saña uzan elime.
Hem-de dodaklaryñ gyzgyn duýgusyn
Meniñ teşne leblerime gowuşdyr.
Şemal bizi alyp gidäýjek ýaly…
Şemal bizi alyp gidäýjek ýaly…
Fürug FERRUHZAD.
Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Surat: Gaetano Belleý / «Ýelli gün» Goşgular