| |

Şem aljak

Şem aljak ŞEM ALJAK

Şem aljak

Ýaşap ýörseм altmyş geljegem bolsa,
Ýürek welin ýigrimbäşden gaýdanok,
Lak atsam gyz, gelin güljegem bolsa,
Göwnüm şonça ýaşandyryn öýdenok.

Geçenimden soňam munça menzil ýol,
Bilmeýänem bolsam ertäň hasabyn,
Süpürýänem bolsa yzlarymy ýel,
Görkezip kä elindäki hasasyn.

Däl bolansoň gara basym bir meňki,
Köpelip gitse-de borjumyň sany,
Wagt geçip dursa-da her hil-her geňsi,
Sözlerim gysgalyp artsa-da many.

Entejikler sala saljak göwnüme,
Ýüregimiň emri bilen dem aljak,
Gün batsa garaşyp täze-now güne,
Ýene ýüz ýyl ýakar ýaly şem aljak. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle