| | |

Selefilere garşy Osmanly türkmenleri hem göreşipdi..

Selefilere garşy Osmanly türkmenleri hem göreşipdi..

SELEFILERE GARŞY OSMANLYLAR HEM GÖREŞIPDI..

● ýa-da "kadyzadalylar” hereketi barada

Tasawwufa garşy gidýän kadyzadalylar hereketiniň eden birnäçe wagyzlary tekkeleriň weýran edilmegi we garamaýak halkyñ agzyny alartmak bilen soñlandy. Hökümete garşy giden pitneçiler gazaply jezalandyrdy. 
Osmanly Döwleti dini döwletdigine garamazdan; döwletiň resmi ynanç ulgamyna garşy gidýänem bolsa, halkyň ynançlaryna we däp-dessurlaryna goşulyp duranokdy. Başgaça aýdanymyzda, döwlet adamlaryň öýüni we aň-düşünjesini gözegçilik astynda saklajak bolup azara galmaýardy. Şol sanda, ýurduň jemgyýetçilik düzgünini bozup biläýjek hereket ýüze çykan halatynda-da, hiç kime dözmezçilik edenokdy. Aslynda dini kada-kanunlar hem muny talap edýärdi.

■ Selefileriň selefleri (mirasdüşerleri)

Häzirki günlerde wahhabylyk (soñky atlary: Selefiýýe) diýilip atlandyrylýan akymyň prinsipleri ilkibaşlarda hanbaly mezhebine eýerýän Ibni Teýmiýe (1328) atly Harranda ýaşap geçen alymyñ taglymatyna esaslanýar. Alymlygy we dindarlygy bilen tanalan bu alym tasawwuf, keramat, şepagat, gonamçylyga barmak ýaly ynançlary dinde soňra ýüze çykan bidgatlar hökmünde baha berip, olary inkär edipdir. Olar özleriniñ dini ilkinji asyryndaky arassalygyna alyp barmak niýeti bilen orta çykandygyny aýdypdyr. Emma Allanyň jisimden ybaratdygyny we ynsana meňzeýändigi baradaky enkarnasion (Allanyñ sypatlaryny jisimleşdirmek) taglymata esaslanýan akymyň prinsiplerini ýatladýan ynançlary, sahabalaryñ aýdan sözleri, käbir hukuk meselelerinde-de alymlar köpçüliginiň garaýyşlaryna laýyk gelmeýän garaýyşlary sebäpli, Damaskda we Kairde zyndana salynýar. Ibn Teýmiýä we şägirtlerine örän zabun darapdyrlar we bidgatlyk (dinden çykmaklyk), dinsizlik bilen aýyplapdyrlar.

■  Ibni Teýmiýýäniñ ýoluny dowam etdirijiler

XVII asyrda Stambulda peýda bolan kadyzadalylar hereketi doktrina taýdan Ibni Teýmiýäniň prinsiplerine daýanýar. Hereketiñ başy “Kiçi Kadyzada” diýip tanalan wagyzçy Balykesirli Mehmet Ependi bilen halwetiýe tarykatynyñ şeýhi Abdylmejit Siwaslynyñ arasynda turan özara jedelden soñ başlandy. Ol we kadyzadalylar hereketiniň agzalary tasawwuf rituallaryna, pozitiw ylymlaryň öwrenilmegine, “Gurhanyň”, azanyň, möwlidiň owaz bilen okalmagyna, jemagat bilen nepile namazlarynyň okalmagyna, gonamçylyga barylmagyna, suw çiliminiň çekilmegine, kofe içilmegine, elleşip salamlaşmaga garşy çykypdyrlar. Hezreti Hydyr pygamberiň diri däldigini, Hezreti Muhammet pygamberimiziň (s.a.w) ene-atasynyň imansyz ýogalandygyny, Ibnül Arabynyň dinden çykanlygyny we Ýezide lagnat okamagyñ jaýyzdygyny (dogrulygyny) öñe sürüpdirler.     
Kiçi Kadyzada Birgiwini gözi bilen görmändir. Ýöne onuň şägirtlerinden sapak alypdyr. Ol Ibni Teýmiýäniň eserlerini türk diline terjime etme arkaly Ibn Teýmiýäniň täsiri astyna düşýär. Tarykata girýär. Emma tasawwufy temperamentine (başky prinsipine) muwapyk görmän ol ýerden gaýdýar. Fatih we Aýasofýa metjitlerinde eden wagyzlary bilen ünsi özüne çekýär. Bu wagyzlardan başga ýerde kadyzadalylaryñ juda bir täsirliligi hem ýokdy. Olar siwasylar diýip özlerine garşy giden tarap bilen bolýan ylmy çekeleşiklerde orta atýan pikirleri arkaly özleriniñ diñe barypýatan nadanlyklaryny subut edýärdiler. Ýöne olar owadan gürläp ýönekeý adamlaryñ başyny-gözüni aýlamaga ökdediler.

■ Sabyr käsesini dolduran iñ soñky damja

Osmanly soltany Myrat IV asudalygy bozmajak bolup, ilkibaşlarda kadyzadalylara mylaýym çemeleşen boldy we amatly pursaty peýläp gezdi.
Kadyzadanyň 1635-nji ýylda aradan çykmagy bilen hereketiň ýüzüniň birinji perdesi syryldy. Soltan Ybraýym we we Soltan Mehmet IV döwürlerinde kadyzadalylaryñ başyna Kiçi Kadyzadanyň şägirdi Üstüwany Mehmet Ependi geçipdir. Halk köpçüliginiň we döwlet wezipesinde oturanlaryň arasynda özüne tarapdar ýygnan kadyzadalylar wezipeden wezipä bellenmekde we wezipeden çetleşdirmekde uly rol oýnap başlapdyrlar. Siwaslylaryň ýolbaşçysy Abdylehat Nury Ependiniň ýazan eserleri kadyzadylylara ullakan urgy bolup inýär. Bu gezek ylmy jedellerde üstünlik gazanyp bilmekden ejiz gelen kadyzadalylar uzaga çeken uruşlar we jelalylar gozgalaňy zerarly bozulan ykdysady, sosial şertlerden peýdalanyp öz işlerini meýdanda görkezmäge synanyşýarlar. Tekkelere hüjüm edip şyhlary urup-ýenjip başlaýarlar. Derwüşleri öldürýärler. Tarykata eýerýän Baş Müfti (Şeýhul-yslam) Bahaýy Ependini gorkuzyp tasawwuf ritualy bolan döwranyň (Möwlana Jelaleddin Rumynyň yzyna eýerýänleriň bir duran ýerinde aýlanmaklary) haramdygyna degişli fetwa çykardýarlar. Siwas tekkesiniň şeýhine tekkäni binýatlaryna çenli ýykyp daşlaryny deňize dökmedik ýagdaýynda, tekkäni basjakdyklaryny, şyhy we müritlerini öldürjekdiklerini, ol ýerde namaz okamagyň bolmaýandygy barada hat ýazyp ugradýarlar.  
Şeýh Şeýhul-yslama ýüzlendi, netijede Üstüwany çagyrylanam bolsa gelmäge gorkdy we döwlet apparatyndaky täsirli adamlaryñ hemaýatyna sygyndy. 

■ Ýene-de ýewropalylar iş başynda!

Wenesiýanyñ harby flotiliýasy Çanakkale bogazynyň ýakynynda halky aýaga galdyrmagy başarýar. Pitneçiler “Soltan Fatih” metjidinde pygamberi öwgüleýän naty-şerifiñ okalmagyny bahana edinip aýaga galýar. Köçelere dökülip, öñlerinden çykan müritleri öldürmek bilen gorkuzyp kelemelerini çöwürtýärler we metjitleriñ salawat getirilýän minaralaryny ýykyp başlaýarlar. Sabyr käsäni dolduran bu hereketlerden soñra wezipä bellenenine ýañy sekiz gün bolan baş wezir Köprüli Mehmet paşa ulamalary toplap kadyzadalylaryň öldürilmegi üçin pitiwa (fetwa) alýar. Patyşanyň Permany esasynda Üstüwany we onuñ kömekçisi saklanylýar we sürgüne ugradylýar (1656). Munuñ netijesinde kadyzada hereketiniň ikinji etaby tamamlanýar.

■ Nadan ulamalar hemişe-de bolupdy…

Şondan birnäçe ýyl soňra şazada mugallymy Wanly Mehmet Ependi köşkdäki täsirliliginden peýdalanyp kadyzada hereketini gaýtadan dikeltmäge synanyşýar. Möwlana tekkelerini ýapdyrýar, gonamçylyga barmagy we suw çilimini gadagan etdirýär. Garşysyna çykan meşhur tasawwufçy, beýik yslam alymy Nyýazy Müsürlini Limnä sürgüne ugratdyrmagy başaranam bolsa, soňra özi gözden düşýär we Kestele sürgün edilýär. Bu kadyzada hereketiniň üçünji etabydyr (1683). 
Şol wagtky Wanyköý posýology hem onuň adyny göterýär. Onuñ "Gurhanyñ" kyssalarynyň üstünde durup geçýän “Arais” atly eseri gymmatly eserdir. Dilçi alym Wangulyny munuň bilen garyşdyrmaly däldir.
Giýewsi Şeýhul-yslam Feýzulla Ependi Edirne heläkçiligine ýol berip, Soltanyň tagty elden gidermegine sebäp bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde, Şeýh Abdylhekim Arwasynyň sözi bilen aýdanymyzda:

“Her döwürde öz nadanlyklaryna garamazdan boljaga-bolmajaga haram diýen, öňünden çykany dinden çykan we küfüre düşen diýip hasap eden jahyl ulamalar bolup gelipdir”. 

Käbirlerimiz bolsa, olara gulak gabardyp dine ýalňyş baha berýändigimizi özümizem duýman galýarys.

Ymam Mälikde şeýle sözler bar: 

“Fykh öwrenmän tasawwuf bilen meşgullanan zyndyk bolar (dinden çykar). Fykh öwrenip tasawwufdan habary bolmadyk küfüre düşer, (bigdatçy) ýolundan azaşar. Her ikisindenem ýüküni tutan hakykata gowuşar”. 

Osmanlylarda medrese we tasawwuf prinsipleri hemişe bir-birine baglanyşyklydyr. Ylmy intelligensiýanyň aglabasynyň tarykat agzasy bolşy ýaly mistiki we hurufy akymlardan ders alan Osmanlylar tasawwufyň belli çarçuwada ýöredilmegini hemişe üns merkezinde saklapdyrlar. Bu nukdaýnazardan seredeniňde kadyzadalylar hereketi ulamalar bilen tekkeleriň arasynda dörän gapma-garşylyk däldir. Oña hemişe diýen ýaly islendik ýerde duş gelinen bir toparyň aýaklanmagyndan ybarat diýip düşünse bolar. Osmanly hökümeti halk köpçüligi bilen agzybirlikde bu aýaklanmany basyp ýatyrmaga çalyşypdyr. Taryhçy Naima we Kätip Çelebi şol döwürleri janly suratlandyrypdyr. Ýewropalylaryň hem ünsüni çeken bu hadysa hakynda köp kitap ýazylypdyr. 

■ Haýsy Kadyzada?

Osmanlylarda Kadyzada ady bilen tanalýan birnäçe alym bar. Kadyzada Şemsetdin Ahmet (1580) Ebus Suud Ependiniň şägirdidir we Osmanly döwletiniň Şeýhul-yslamlaryndandyr. Matematik alym Kadyzada Rumy (1440), Birgiwiniň “Wesýetnama”, "Amentu" eserleriniň şerhini ýazan Kadyzada Emin (1783), Kadyzada Mehmet (1759) bilen Ýanyçarlar gwardiýasynyň ýatyrylmagyna fetwa beren Şeýhulyslam Kadyzada Tahyr Ependi (1838) dagylar hersi aýry döwürde ýaşap geçen aýry-aýry şahsyýetlerdir. 

Ekrem BUGRA EKINJI.

Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle