Selaheddin Eýýuby we döwlet: Ýewropalylaryň ikinji gezek Kudusyň üstüne ýöriş etmäge synanyşyklary
Selaheddin Eýýuby we döwlet: Ýewropalylaryň ikinji gezek Kudusyň üstüne ýöriş etmäge synanyşyklary

Ýewropalylar özaralaryndaky düşünişmezligi aradan aýryp, Askalanyň gurluşyk işlerini tamamlanlaryndan soňra, musulmanlaryň arasyndaky agzalalykdan we Soltanyň esgerleriniň bir böleginiň gündogara gitmeginden peýdalanmak islediler. Bu maksat bilen Surdaky we Akkadaky goşunlaryny öz ýanyna alyp, öňürti Askalanyň golaýyndaky kenaraýaka Darum galasynyň üstüne ýöredi-ler. Alty günlük gabawdan soňra, bu galany eýelediler. 28-nji maýa çenli Darumda bolup, soňra karargählerini Gazzanyň günorta-gündogaryndaky Hisy ýabynyň başyna göçürdiler. Riçard Soltanyň bu ýerdäki Mejdelhabab galasyny berkleşdirendigini görensoň, ýanyna uly bir bölüm alyp ol ýere gitdi. Ýolda musulmanlaryň öň hatarky bölümleriniň hüjümine sezewar boldy we uly ýitgi çekip, yza dolandy.
Soltan ýewropalylaryň Daruma ýöriş edendiklerini eşidip, daş-töwerekdäki esgerlerini çagyrdy. Ilki uly türkmen bölüminiň başynda durup, Bedreddin Duldurym Ýaruky geldi. 1-nji maý güni Yzzeddin bin Mukaddem geldi. Şol wagt Soltan syrkawdy. Duşmanyň Hisy ýabynyň başynda düşländigini eşiden Soltan Abul Heýja we Bedreddin Duldurymyň serkerdeliginde uly bölümi duşmanyň üstüne iberdi. Muny eşiden haçlylar Askalana, yza çekildiler.
Riçard şol wagtlar ülkesinden ýakymsyz habarlar gelýändigi üçin howsala düşdi we Ýewropa gitmek isleýärdi. Onuň popy Guillaum de Potiýers ony bu niýetinden el çekdirip, Kudusa ýöriş etmäge razy etdi. Netije-de, Riçard ähli haçly goşunyny bir ýere jemläp, 1192-nji ýylyň 6-njy iýunyn-da Askalandan Tell Safyýa tarap ýöredi. Soltan duşmanyň gelýändigini eşidip, harby mejlis geçirmek üçin emirlerini Kudusa çagyrdy. Haçlylar 9-njy iýunda Natruna geldiler. Şol wagt musulmanlaryň tarapyny tutan bir arap bölümi Ýafanyň golaýynda oljadan gaýdyp gelýärkä, duşmanyň hüjümine sezewar boldy. Bulardan halas bolan alty kişi gelip, duşmanyň hereketlerini habar berdiler. Yz ýanyndan hem habarçylaryň we içalylaryň üsti bilen duşmanyň niýetiniň Kudusa ýöriş etmekdigi belli boldy. 10-njy iýunda haçlylar Beýti-Nubä geldiler. Şol gün Seýfeddin bin Meştubyň Akkada ýesir alnan bir hyzmatkäri bilen bir duşman ilçisi gelip, Garaguşyň azat edilmegi we ýaraşyk meseleleri barada gürleşdiler.
Soltan şäheri duşmanyň hüjüminden goramak üçin emirlerine görkezme berdi we duşmanyň üstüne çozmagy buýurdy. 11-nji iýun gijesi, öň hatarky bölümleriň serkerdesi Bedreddin Duldurym duşmana kömek gelýän ýolunyň üstünde buky gurup, azyk getirýän bir bölüme hüjüm etdi. Otuz kişini öldürdi, galanlaryny hem ýesir alyp, Kudusa getirdi. 13-nji iýunda öň hatarky bölümlerden bir topar duşmanyň karargä-hine hüjüm etdi. Kolunyýa çenli gelip ýeten bir duşman bölümi hem derbi-dagyn edildi. Şeýle-de 16-njy iýunda Remle töwereginde duşmana gelýän kömek bölümine buky gurlup gabawa salyndy, köp kişi öldürildi.
Şeýle hem Riçard pul bilen käbir çarwa araplary satyn alyp, öz tarapyna çekipdi we musulman goşundaky käbir hyzmatkärlere köp möçberde pul berip öz tarapyna geçiripdi. Riçarda içalylyk eden käbir ýerli hristianlar onuň bähbidine işleýän çarwa araplar bilen sazlaşykly işleýärdiler. Musulmanlaryň ýörişleri barada Riçarda hasabat berýärdiler. Bu habarçylar arala-rynda täjirler hem bolan uly kömek bölüminiň Müsürden Kudusa gelýändigini Riçarda habar berdiler. Bu kerweniň we toparyň goragyny Mälik Adylyň enebir dogany Felekeddin Süleýmanyň serkerdeligindäki 3000 kişilik bölüm öz boýnuna alypdy. 21-nji iýunda içaly Bernard we çarwa araplary musulman kerweniniň ýakyn-laşandygyny habar berdiler. Riçard hem 700 rysar, 1000 türkopol we 1000-den hem gowrak pyýada goşunly 3000 kişiden ybarat bölümi ýanyna alyp, kerwen talamak üçin ýola çykdy. Soltan muny eşidip, Riçardyň niýetini aňdy. Soltan «Emir-ahyr» Eslemiň we Altynabanyň serkerdeliginde bölüm iberip, kerweniň çöl tarapdaky ýoldan gelmeklerine buýruk berdi. Bular kerwene gelip ýagdaýy habar berdiler. Daş-töwerekde duşmandan hiç hili garanyň görünmeýändigi üçin Felekeddin ýoluny dowam edip, Huweýlife guýusynyň başynda düşledi.
Riçard 22-nji iýun gijesi Ragsyl-hisi diýilýän ýere geldi. Ýöne kerwenden hiç hili gara görünmeýärdi. Şol wagt ýerli çarwa gelip, Müsür kerweniniň we goragçylarynyň Huweýlife guýusynyň başynda düşländigini habar berdi. Riçard aňtaw üçin ýerli arap eşigindäki birnäçe adamy iberdi. Habaryň dogrulygyny bilensoň, 23-nji iýunda, sişenbe güni, irden kerweniň gorag-çylarynyň üstüne duýdansyz hüjüm etdiler. Hüjüme sezewar bolan esgerler kerweniň öňdäki toparyna tarap gaçyp başladylar. Duşman goragçylaryň yzyndan kowalamagy goýbolsun edip, kerweniň mallaryny tala-maga başlady. Şol wagt ýükler daňylyp, kerwen ýöremäge taýýarlanypdy. Ortadaky topar Felekeddiniň serkerdeligindäki esgerler bilen Kerege gaçdy. Esasy kerwen bolsa yzdaky topar bilen yza Müsüre gaýtdy. Öňdäki topar bolsa duşman tarapyndan ele salyndy. Kerwende köp sanly uly täjirler bolandygy üçin, duşmanyň ele salan mal-matalary, göwherleri, ýaraglary, hoşboý zatlar, dermanlar we beýleki zatlar örän köpdi.
Riçard ele salan oljalary we ýesirleri bilen Hisidäki düşelgesine geldi. «Emir-ahyr» Eslem serkerdeligindäki esgerler duşmanyň pyýadalarynyň birnäçesini öldürse-de, duşmanyň elindäki oljalary yzyna alyp bilmedi. Esgerler şeýle ýagdaýda Kudusa geldiler. Aslynda bu hüjümde esgerlerden hiç hili ýitgi çekilmändi. Sebäbi duşman kerweniň mallaryny talamak bilen meşgullanandyklary üçin, esgerler gaçyp gutulypdyr. Şu ýerde ýene bir bellemeli zat, Riçardyň kerwene talaň üçin giden wagty, Soltanyň galan haçlylaryň üstüne hüjüm etmezligidir. Mümkin Salahaddin ýanyndaky esgerleriň azdygy üçin bu işe girişen däldir. Şeýle hem Salahaddin ýaşy gidişendigi we özüniň syrkawdygy üçin, öňki güýç-gaýraty ýokdy, emirlerine öňki ýaly täsir edip bilmeýärdi. Riçardyň Salahaddinden tapawutly tarapy, onuň ýaş we gujurly bolmagydyr. Emma Salahaddin syýasat, ätiýaçlylyk we adamkärçilik taýyn-dan Riçarddan has ýokardady.
Haçlylaryň asyl maksady ähli güýçleri bilen Kudusyň üstüne ýöriş etmekdi. Riçard bilen Hugo Müsürden gelýän kerweni tutmak üçin gidende, Genrih hem Akkada we Surda galan esgerleri getirmek üçin gidipdi. Riçard 25-nji iýunda Remlä geldi we Genrih tarapyndan getirilen güýçler karar-gähe geldiler. Alan oljalary we gelen güýçleri bilen özlerini güýçli hasaplan ýewropalylar, 28-nji iýunda Natrundaky karargählerinden Beýti-Nubä çenli geldi-ler. Musulmanlar Kudusyň töweregindäki guýulary daşdan dolduryp, gerek taýýarlyk-lary gördüler. Soltan heniz gündogardaky esgerleri gelmändigi üçin Kudusyň daşyna çykyp meýdan söweşine girişmek islemeýärdi. Şonuň üçinem, ol wagt utmak isleýärdi. Käbir emirler bolsa iň bähbitli işiň duşman bilen meýdan söweşine girmekdigini tassyklaýardylar. 3-nji iýulda öň hatarky güýçleriň serkerdesi Jurdikden duşmanyň Beýti-Nubäniň Kudus tarapyndaky depä çykyp ýene yzyna gidendiginiň habary geldi. 4-nji iýulda irden habarçylardan duşmanyň Kudusyň üstüne hüjüm edip-etmezlik barada düşünişmezligiň ýüze çykandygy baradaky habar geldi. Fransuzlar Kudusa hüjüm etmeli diýýärdiler. Emma iňlisler, templiýer we gospitaliýer rysarlary, italýanlar bolsa bu hüjümiň netijesiz boljakdygyny aýdýardylar. Grosset ýaly fransuz taryhçylar musulmanlaryň ýagdaýynyň pesdigini aýdyp, fransuzlaryň pikiriniň dogry bolandygyny nygtaýarlar. Emma şol wagt musulmanlaryň aralaryndaky gündogardaky düşünişmezlikleri Mälik Adyl aradan aýrypdy we Soltanyň gündogardaky goşunlaryny alyp gelýärdi. Müsürden gelýän güýçler hem ýoldady. Şeýle hem Kudus Akka ýaly kenarda däldi we ýewropalylara kömek üçin flotyň goldawy ýokdy. Şeýle ýagdaýda, Soltan özüne gelýän goşunlary alansoň haçlylaryň kömek gelýän ýollaryny baglap, olary derbi-dagyn edip biljekdi. Ambroisiň aýtmagyna görä, Riçard ýerli ýewropalylar bilen ylalaşyp, fransuzlar bilen ylalaşmady. Ol: «Kudusy gabamak mümkin däl. Men soňra tankyt edilmäge sezewar boljak ýörişiň serkerdesi bolup bilmerin. Salahaddin biziň hereketerimizi we güýçlerimizi bilýär. Deňizden daşlaşandygymyz üçin, Soltan esgerleri bilen Remle meýdanyna gelip, biz Kudusy gabawa alýan mahalymyz biziň kömek ýolumyza böwet bolsa, onda ähli iş biziň tersimize öwrüler» diýdi. Şol gün hem yza gitmeli diýip buýruk berdi.
Käbir taryhçylaryň aýtmagyna görä, Riçardyň we onuň tarapdarlarynyň pikiri, flotuň hem kömeginden peýdalanyp Müsüriň kenarlaryna we Beýrutyň üsütüne ýöriş etmekdi.
Bulardan belli bolşuna görä, ýewropalylaryň şowlulygy az bolan Kudus ýaly örän berk şäheri gabap bilmejekdiklerine gözleri ýetýärdi. Şol wagt haçlylar yza çekilen wagty musulmanlaryň öň hatar güýçleri olaryň üstüne çozuş edip, zeper ýetirdiler. Haçlylar öňürti Remlä, soň bolsa Ýafa gitdiler. Olaryň Ýafa giden günleri musulmanlaryň wekili Hajyp Ýusup gelip, olaryň indi haýsydyr bir ýere hüjüm ederden örän ejizdiklerini gördi. Bu wakadan soňra Riçard Askalan we Darum şäherleriniň ikisini bilelikde goramagyň kyn düşjekdigini aňyp, Darumyň galasyny we diwarlaryny ýykdyrdy. Bu ýagdaý hem yza çekilmeli diýen ýewropalylaryň pikirleriniň dogrudygyny görkezýär. 5-nji iýulda Akkanyň etegindäki musulmanlaryň öň hatarky güýçleri ähli haçly bölümini duzaga düşürip, köpüsini ýesir aldylar. Ýewropalylaryň Müsür kenarlaryna we Beýruta ýöriş etjekdigi üçin ady agzalan ýerlerde gorag işlerine taýýarlyklar görülmäge başlandy.
• IKI TARAPYŇ ARASYNDA YLALAŞYK GEPLEŞIKLERINIŇ TÄZEDEN BAŞLANMAGY
Musulmanlar ýaly ýewropalylar hem uzaga çeken söweşlerden ýadapdylar. Olar Kudusy eýeläp bilmejekdiklerine gözleri ýetensoň, täzeden ylalaşyk gepleşiklerine başladylar. 6-njy iýulda täze korol Genrih de Şampagne Soltana bir ilçi iberip: «Riçard meseläni çözmegi maňa ynandy. Eger öňki Kudus korollygynyň mülklerini maňa gaýtaryp berseň, saňa wepaly we seniň golastyňda bolaryn» diýip, habar ýollady. Soltan onuň bu teklibini kabul etmedi. Bu niýet başa barmansoň, Riçard Hajyp Ýusuby çagyryp, ony iki tarapyň arasyndaky ilçi edip belledi. Ýanyna iki sany haçly ilçisini goşup, Garaguşuň azat edilmek meselesini çözmek üçin iberdi. Soltan Nablusdan Seýfeddin bin Meştuby Kudusa çagyrdy. Oňa eger Genrih Riçardy musulmanlar bilen baş-başa goýsa Akkany we daş-töweregini oňa bermejekdigini aýtmak ilçä tabşyryldy. Riçard 9-njy iýulda Hajyp Ýusup bilen ýene bir ilçi iberip, ýewropalylaryň golastyndaky topraklary korol Genrihe berýändigini, Genrihiň Solta-nyň tarapynda bolup, musulmanlara garşy bolan ýörişlerde musulmanlaryň tarapynda söweşjekdigini habar berdi. Şeýle hem Kyýama kilisesiniň ýewropalylara berilmegini sorady. Soltan Riçardyň teklibini diňlän soň, emirleri we maslahatçylary bilen maslahat geçirip, Riçarda şeýle jogaby iberdi:
«Ýagşylygyň sylagy ýagşylyk bolar. Se-niň ýegeniň Genrih meniň ýanymda ogulla-rymyň biri ýaly bolar. Saňa Kudusyň iň uly kilisesi Kyýamany berýärin. Şu wagt seniň golastyňda bolan kenarýaka topraklary seniň eliňde, biziň golastymyzda bolan daglyk ýerler we galalar biziň elimizde galsyn. Bu iki sebitiň arasyndaky ýerleriň mülkiýeti biziň aramyzda umumy bolsun. Askalan we aňyrsyndaky galalar weýran edilsin. Size hem, bize hem degişli bolmasyn. Meniň islegim Askalan meselesiniň çözülmegidir».
Mundan soňra 12-nji, 16-nji we 19-njy iýul günlerinde-de iki tarapyň arasynda ilçiler gatnady. Ýewropalylar beýleki şertler bilen ylalaşypdylar. Diňe Askalanyň we daş-töwereginiň şu wagtky ýagdaýynyň özlerine galdyrylmagyny isleýärdiler. Soltan bolsa Müsür-Kudus ýolunda örän amatly ýer bolandygy üçin Askalanyň özünde goýulmagyny isledi. Uly çykdajylar çyka-ryp, dikeldendikleri üçin ýewropalylaryň Askalany talap etmekleri netijesinde gepleşikler ýene-de ýatyryldy. Taryhy makalalar