Selaheddin Eýýuby we döwlet: Takyýeddiniň Günorta-gündogar Anadola gitmegi we Akkadaky bölümiň üýtgedilmegi
Selaheddin Eýýuby we döwlet: Takyýeddiniň Günorta-gündogar Anadola gitmegi we Akkadaky bölümiň üýtgedilmegi

Mundan soňra howa sowap başlady. Esgerleriň käbirleri ülkelerine gaýtmak isleýärdiler. Söweşler uzaga çekensoň, ülkede azyk we pul ýetmezçiligi bardy. Soltan ülkelerine gitmek isleýänlere rugsat berdi. 25-nji noýabrda Jizre we Sinjar häkimleri, 30-njy noýabrda Soltan tarapyndan Mälik Sagyt lakamy dakylan Hurrem şanyň serkerdeligindäki Mosul esgerleri öz ülkelerine gitdiler. 1191-nji ýylyň 6-njy fewralynda Mälik Zahyr, 2-nji martda bolsa Takyýeddin karargähinden çykdylar. Soltanyň ýanynda Damask we Müsür goşunlary bilen özüniň ýörite bölümi galdy. Takyýeddin Fyratyň gündogaryndaky özüniň ykta ýerlerinde düzgün-tertip işlerini geçirensoň, derrew gaýdyp gelerin diýen wada bilen rugsat alypdy. Soltan oňa Amyt we Mardin hökümdarlary bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda hereket etmegi we tertip-düzgün işlerini gutaransoň derrew gaýdyp gelmegi sorady.
Takyýeddin gündogara gidensoň Diýarbekre we gündogar Anadoludaky käbir topraklara göz dikdi. Myýafarykyna barýarka Mardin-den goşmaça güýç aldy. Yzyndan hem Amyda degişli käbir topraklary, Siwerek we Hany galalaryny eýeledi. Ondan soň Mardindäki Çapakçura (Müňköle) geçip, ol ýeri eýeledi. Muny eşiden Ahladyň häkimi Begteýmir 4 000 atlydan ybarat goşuny bilen onuň üstüne ýöredi. Iki tarap Muş deresinde söweşdiler. Takyýeddin olary derbi-dagyn etdi we Ahlatyň üstüne çozarman boldy. Ýöne soňra Ahlaty eýelemegiň rän kyn boljakdygy barada pikir edip, Begteýmire degişli Şemiran galasyny eýeledi.
Soň hem ýene Begtegmire degişli bolan Malazgirdiň üstüne ýöredi. Mama Hatyn serkerdeligindäki Erzurum esgerleri hem Takyýeddine kömege geldiler. Takyýeddin Malazgirdiň daşyny gabady. Şäherdäkiler gabaw uzaga çekensoň we kömek hem gelmänsoň, boýun egmek üçin möhlet islediler. Bu möhletiň dolmagyna 2 gün galanda 1191-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda juma güni Takyýeddin Malazgirdiň golaýynda syrkawlap aradan çykdy. Onuň ýanynda bolan ogly Mälik Mansur Nasyreddin Muhammet kakasynyň ölümini esgerlerden gizlin saklady. Ol Malazgirdi eýeläp, Myýafarykyna gaýdyp gelensoň, kakasynyň ölümini esgerlere habar berdi.
Eýýuply neberesine degişli Takyýeddin özüniň durmuşynda sansyz ýeňişler gazanan we Soltan Salahaddiniň iň uly kömekçisi bolan kişileriň biridir. Kakasy Şahynşa Soltanyň kakasynyň dogany bolup, II Haçly ýörişi wagtynda Damaskyň goragynda şehit bolupdy. Takyýeddiniň dogany Ferruh şa hem Soltanyň iň uly kömekçileriniň biridi. Soltan Takyýeddiniň wepatynden soňra Fyratyň günbatarsyndaky oňa degiş-li ýerleri onuň ogly Mälik Mansura berdi. Bu maşgala eýýuplylaryň Hama şahasyna degişlidir we bu maşgaladan görnükli alymlar çykandyr. Meşhur taryhçy Abul Fida hem bu maşgaladandyr. Soltan Takyýed-diniň ölüm habaryny 1191-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Remläniň golaýyndaky karargähinde eşitdi. Bu habary biraz wagt-lary esgerlerden we duşmandan gizlin saklady. Soň bolsa esgerlere habar berdi, özi bolsa aglady, esgerler hem aglaşdylar.
Soltan Takyýeddiniň Diýarbekrde we gündogar Anadoluda gyssagarada ýöriş edendigine örän gynanypdy. Takyýeddiniň soň karargähe gelmeýşi ýaly, Jizre, Mardin we Diýarbekr esgerleri hem gaýdyp gelmediler. Gökböri hem yzyna gelip bilmedi. Ol Erbile gidensoň ol ýerdäki emirlikler bilen gümra boldy. Bu iki sany uly serkerdäniň we ady agzalan ýerleriň esgerleriniň gelmezligi, goşunyň güýjüni peseltdi. Akkanyň elden gitmeginiň iň esasy sebäpleriniň biri hem şol ýagdaý boldy.
Soltanyň şol wagtky eden ikinji ýalňyş ädimi hem Akkadaky bölümi çalşyrmagydyr. Şäheriň içinde Garaguş bilen Abul-Heýja Seminiň serkerdeliginde 20 000 töweregi söweşiji, täjir, deňizçi, senetçi we ençeme ussalar bardy. Olar agzybirlikde şäheri goraýardylar. Diňe uzaga çeken gabaw zerarly azyk ýetmezçiligi we syrkawçylyk sebäpli tapdan düşendiklerinden nägilelik bildirýärdiler. Gyş gelip, deňiz çaýkanyp başlanynda ýewropalylar şäheri gabalan gämileriniň käbirini golaý portlara iberdiler. Netijede, deňizden şäher bilen gatnaşyga ýol açyldy. Soltan bu ýagdaýdan peýdalanyp, dogany Mälik Adyla Akkadaky bölümi çalşyrmagy tabşyrdy. Netijede, Abul-Heýja Semin serkerdeligindäki 10 000-den hem gowrak söweşiji we senetçiler şäherden gämiler bilen çykaryldy. Olaryň ýerine bolsa Saýda häkimi Seýfeddin Aly bin Meştubyň serkerdeliginde san we hil taýdan has pes bolan bölümler şähere girizildi. Hatda käbir esgerler şähere girmek islemeýändikleri üçin olaryň ýerine ýaşy gidişen esgerler alyndy. Senetçileriň ýerine täzeleri girizilmedi. Belki Soltan ogullarynyň birini şähere salan bolsady, esgerler hem beýle bir nägilelik hem bildirmezler. Şeýlelikde, goşundaky kätipler we beýleki wezipeli gullukçylar işe çynlakaý ýapyşmaýardylar. Çalşyrma işi haýal gidýärdi. Şeýdip durkalar hem haçly floty gelip, şäheriň daşarky gatnaşygyny kesdi. Ymadeddiniň aýtmagyna görä, şäherden 60 emir çykyp, olaryň ýerlerine bolsa 20 emir giripdir. Senetçi ussalaryň ýerine bir adam hem gelmändir. Garaguş soňra şäheriň içindäki manjanyklary we beýleki gorag gurallaryny ulanyp we bejerip bilýän ussa tapmakda kynçylyk çekipdir.
Soltan bulardan başga, Müsürden Akka täzeden azyk we zerur zatlaryň iberilmegini hem buýruk beripdi. Netijede, Müsürden ýedi gämide azyk we zerur zatlar iberildi. Ol gämiler 1191-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Akkanyň golaýyna geldi. Musulmanlar şäheriň galasyna hüjüm eden duşman bilen söweşip ýörkäler, güýçli gom-tolkun turup, gämileri parçalady we suwa gark etdi. Goragçylar özlerine bir ýyla ýetjek kömekden mahrum boldular. Soňra bolsa 1191-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda şäheriň galasynyň bir tarapy ýykyldy. Haçlylar şol ýykylan ýerden hüjüm etdiler. Goragçylar bulary yza serpikdirip, ýykylan ýeri bolsa gysga wagtyň içinde öňküden hem has berk edip dikeltdiler. Ymadeddin şeýle diýýär: «Bu işleriň hemmesi edermen we gaýduwsyz Emir Bahaweddin Garaguşyň gaýraty bilen bolup geçýärdi. Beýleki emirler şäherden çykmak isleýärdiler, emma ol çykmak islemeýärdi. Onuň tutanýerliligi tükenmedi». Mundan soňra iki tarapyň arasynda käwagt-käwagt deňizde we gury ýerde ululy-kiçili söweşler bolup geçýärdi. Bu çaknyşyklaryň hemmesi musulmanlaryň üstün çykmagy bilen tamamlanýardy.
Çeşmeleriň hemmesiniň biragyzdan aýtmaklaryna görä, ýewropalylar bu gyşy karargähdäki kynçylyk bilen zordan geçirdiler. Olaryň karargählerinde açlyk hem-de ýokanç keseli höküm sürýärdi. Her gün ýüzlerçe kişi ölýärdi. Bularyň arasynda şazada zenan Sibilla we german hökümdary Frederik won Şwaben hem bardy. Şonuň üçin ýewropalylaryň esgerleriniň köpüsi musulmanlaryň karargählerine gaçýardylar. Bularyň käbiri musulman dinine girip, soňra haçlylaryň garşysyna söweşýärdiler. Ýewropalylaryň bu masgaraçylykly ýagdaýy, tä mart aýynda Surdan we Ýewropadan täze goşmaça güýçler gelýänçä dowam etdi. Ýewropalylar hernäçe kyn bolsa-da, öz karargählerini taşlamadylar. Taryhy makalalar